Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolmagy üçin döwlet derejesinde taýsyz tagallalar edilýär. Olaryň bilimleri ezber ele almaklary, hünär edinmekleri, ylym we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ajaýyp şertler döredilýär. Kämil interaktiw we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr mekdepler ýaş nesliň hyzmatynda. Çagalaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, dynç almagy üçin hem ähli mümkinçilikler döredilendir. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap tehnologiýalaryň hasabyna berkitmek ünsden düşürilmeýär.
«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýilmeginiň aňyrsynda uly many ýatyr. Çünki berkarar ýurdumyzyň ösüşi, kuwwaty bilimli nesil bilen berk baglanyşyk lydyr. Ylym-bilim bilen öňe gidip, belent sepgitleri eýeläp bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen hem bagtly geljegi şu günki ýaş nesilleriň elindedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny girizmek babatda düýpli işleriň alnyp barylmagy netijesinde berk bilim binýady döredildi. Bilim ulgamynda badalga berlen özgertmeler bilimli, edep-terbiýeli ýaşlaryň kemala gelmegine şert döretdi. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilim ulgamynda öňegidişlikleriň gazanylmagyny üpjün etdi.
Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýip belläp geçmegi ýurdumyzyň ýaş nesilleri baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygynyň subutnamasydyr. Giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watançylyk ruhuna hem-de mähriban halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarly ýaş nesliň kemala gelmegi üçin tutumly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň, Agronomçylyk fakultetiniň talyby.