Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary häzirki zaman innowasion ýoly bilen ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak babatynda toplumlaýyn işler yzygiderli ýerine ýetirilýär.

«Sanly ykdysadyýet» adalgasy ilkinji gezek 1995-nji ýylda amerikan alymy tarapyndan ulanylýar. Ol bu adalgany ozalky ykysadyýet bilen deňeşdirilende, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň okgunly ösmegi netijesinde kemala gelýän täze ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny häsiýetlendirmek üçin ulanypdyr. «Sanly» sözi ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň täze görnüşiniň, hususan-da, internetiň ýüze çykmagy we gündelik durmuşymyzdan başlap, önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda olaryň giňden ýaýramagy bilen baglanyşyklydyr. Bu ýagdaý sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen, täze durmuş hakykatyny aýdyň görkezýär. Onuň esasy alamatlary hökmünde elektron pul, kraudfanding, onlaýn hyzmatlar, internet bank hyzmatlary, internet arkaly söwda, elektron tölegler kegitlenendir. Syýasatçylar, ykdysatçylar we bilermenler tarapyndan «sanly ykdysadyýet» adalgasy dürli nukdaýnazardan öwrenilýär hem-de ykdysadyýetiň netijeli ugry diýlip häsiýetlendirilýär. Muny köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar. Biziň häzirki ýaşaýan maglumatlar jemgyýetimizde, önümçilige garanyňda, hyzmatlaryň ulgamy agdyklyk edýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet, ilkinji nobatda, hyzmatlar ulgamy bilen tapawutlanýar.

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy, täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnyşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk binýadyny berkitmek, döwrebaplaşdyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, «Kiberhowpsuzlyk hakynda» hem-de «Elektron resminama, elektron resminama dolannyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýalary, 2021 – 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi. Elektron söwda, satyn almak-satmak, karz bank hyzmaty, ätiýaçlandyryş, bäsleşik şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň we borçlaryň berjaý edilmegi ýokarda agzalan Kanunlarda bellenilendir. Ol bolsa sanly hyzmatlaryň we dolanyşygyň hukuk esasyny emele getirýär.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda bu ugur örän ähmiýetlidir. Täzeçil tehnologiýalaryň esasynda durmuş hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen belent işleriň saldamly goşandydyr. Adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlen eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijesi döwletimizde ähli ykdysady pudaklaryň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň anyk subutnamasydyr.

 

Begendik DÖWLETÝAROW,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.