Nýukasl uniwersitetiniň we Lids uniwersitetiniň gözlegçileri Linç sindromly bir müň adamy barlagdan geçirdiler. Şeýle keselli adamlarda, ýumurtgalykdaky rak keseli, içegäniň rak keseli, aşgazan asty mäziniň rak keseli, aşgazandaky rak keseli we ýatgydaky rak keseli ýaly rak keselleriň güýjemek howpy ýokarlanýar. Yzgiderlilikde çydamly krahmalyň bir günki dozasyny (bu dozasy bir ýaşyl banana deňdir) iki ýylyň dowamynda kabul etmeklik adamda rak keseliniň käbir görnüşleriniň döremek ähtimallygyny 67 göterim azaltýandygy anyklandy.
Mundan başga-da, ýaşyl banan iýmeklik aşgazan keselleriniň döremek howpuny azaltmaga kömek etdi.
Nýukasl uniwersitetiniň professory Jon Metersiň sözlerine görä, çydamly krahmalyň iýmekligiň iň ýokary täsiri içegäniň ýokary böleginde has belli boldy. Bu goşundy esasanam aşgazan, gyzylödek, öt ýollarynyň, aşgazan asty mäziniň we on iki barmakly içegäniň rak kesellerinde täsir edýär.
Goşundynyň täsiriniň kabul edilmegi gutarandan on ýyl soň hem saklanýandygyny bilmelidiris.
Amansahadow Azat,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniñ,
weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.