Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi öz işine başlady. Ol türkmen paýtagtyny «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Aşgabat şäheriniň häkimligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan bilelikde guraldy.
Şu günki forum we halkara sergi pudagara derejedäki, şeýle-de türkmen telekeçileriniň, döredijilik ussatlarynyň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döreder. Hususan-da, «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň, binagärleriň, dizaýnerleriň, heýkeltaraşlaryň täze teklipleridir gazananlary bilen tanyşdyrar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Söwda-senagat edarasynda öz işine başlaýan «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumyna we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergisine gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Ol gutlagda hususan-da, döwlet Baştutany: “Bu forum we halkara sergi pudagara derejedäki, şeýle-de türkmen telekeçileriniň, döredijilik ussatlarynyň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredip, ileri tutulýan ugurlary aýdyň görkezer diýip pikir edýärin” diýip, Gutlagynda belledi.
«Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi bolsa ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň, binagärleriň, dizaýnerleriň, heýkeltaraşlaryň täze teklipleridir gazananlary bilen tanyşdyrar. Şeýle-de Aşgabadyň ajaýyp keşbini, ykdysadyýetde, medeniýetde we beýleki ugurlarda ýeten belent derejelerini beýan eder.
Ýeri gelende bellesek, medeni we durmuş integrasiýasyna maýa goýmaga taýýar bolan şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2004-nji ýylda döredilen ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna häzirki wagtda dünýäniň 90 ýurdundan şäherleriň 300-e golaýy girýär. Bu özboluşly tor, esasan, «Senetçilik we folklor sungaty», «Dizaýn», «Film», «Aşhana», «Edebiýat», «Media sungaty», «Aýdym» ýaly 7 ugurda iş alyp barmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin şäherleriň döredijilik we innowasion mümkinçiliklerini goldamak babatda umumy tagallalary açyp görkezýär.
Baýmuhammet Berdiýew
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby