Her bir beyik şahsyýatyň hakyky ornuna göz ýetirmek üçin onuň ýaşap geçen döwrüni öwrenip, ony öz önüp-ösen jemgyýetiniň şol günki şertlerinde hereket etdirmek bilen mümkin bolup biler. Sebäbi her ynsanyň mertebesi, öz ýaşan döwrüne we onuň talaplaryna dogry düşünmek bilen özüniň taryhy wezipesini nä derejede ýerine ýetirendigi, öz halkyna we bütin adamzada eden hyzmatlary bilen kesgitlenýär.
Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellenilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi.
Şeýle hem häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň üsti bilen şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän ilkinji gezek “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny” döretmek; sanly we neşir görnüşindäki “Magtymguly Pyragy diwanyny” taýýarlamak; türkmen şahyrynyň şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerine terjime etmek hem-de olaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny, kitap sergilerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ylmy-barlag işlerini taýýarlamak meýilleşdirildi.
Häzir, asyrlar geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun alýar.
Magtymguly Pyragynyň baý, gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny ylmy esasda öwrenmekde, akyldar şahyryň bahasyz edebi we pelsepewi mirasyny giňden wagyz etmekde örän ähmiýetli bolup durýar. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr.
Batyrowa Aýna,
Türkmen oba hojalyk institutynyñ,
Gidromeliorasiýa we Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.