Häzirki wagtda uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitler üçin peýdalanmagy teklip edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda öz garaýyşlaryny beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu ulgamda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýanyň möhüm düzüm bölekleri ekologiýa aýratyn üns berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de işläp taýýarlamalara esaslanan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmakdan, gazyp alyş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, “mawy ýangyjy” eksporta ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde eksport edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyz sebitiň esasy energetika döwleti hökmünde kemala gelmekde uly ýol geçdi. Munuň mysaly hökmünde nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalary görkezmek bolar.

Hususan-da, şolaryň biri dünýäniň iri döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasydyr. Bu energiýa geçirijisi türkmen gazynyň Günorta Aziýanyň ýurtlaryna iberilmegini üpjün etmek bilen birlikde, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň berkarar bolmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda dünýäde iň iri “mawy ýangyç” känleriniň biri bolan “Galkynyş” käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň çekilmegi boýunça işler dowam edýär. Uglewodorod serişdelerini çykarmakda daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýalpaklygyň ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Ýurdumyzda nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän, ýokary goşmaça bahaly dürli görnüşli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürýän, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Bu babatda “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde uly işler durmuşa geçirildi. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumynyň, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda dünýäde ilkinji tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurlup ulanylmaga berlendigini mysal görkezmek bolar.

Energiýanyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de köp şahaly turba geçiriji ulgamlary döretmek Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde hemişe üns merkezinde saklanylýar. Merkezi Aziýa — Hytaý, Döwletabat — Sarahs — Hangeran gaz geçirijileri, soňky ýyllarda başy başlanan beýleki infrastruktura taslamalary, şeýle-de Azerbaýjan — Türkmenistan — Eýran ugurlary boýunça gaz alyş-çalşygy üçin geleşikler türkmen döwletiniň bu ugurdaky syýasatyny üstünlikli amala aşyrýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

  Amandursun DURDYÝEWA,
Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby