Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan strategiýany yzygiderli ýagdaýda amala aşyrmak arkaly, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan ählumumy abadançylyk ugrunda giň we oňyn gepleşikleriň geçirilmegini ileri tutup, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň oýlanyşykly çözgütleriniň işlenip taýýarlanmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Türkmenistan häzirki wagtda 50-ä golaý halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Türkmenistanyň şeýle işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýan guramalarynyň biri hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli syýasatynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 3-nji duşuşygynyň jemleri boýunça 1995-nji ýylyň 15-nji martynda kabul edilen Yslamabat Jarnamasynda hem goldalylandygy bellärliklidir.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy – sebitleýin döwletara ykdysady gurama bolup, ol 1985-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasy, Pakistan Yslam Respublikasy hem-de Türkiýe Respublikasy tarapyndan esaslandyryldy. Ilkinji ýyllarda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn häsiýetde alnyp barylýardy. 1992-nji ýyldan soň, guramanyň işi has-da işjeňleşdi we oňa Türkmenistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Owganystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan agza boldular. Şeýlelikde, gurama agza döwletleriň sany ona ýetdi. 1996-njy ýyldan bäri gurama täze agza ýurtlarynyň giren güni, ýagny 28-nji noýabr «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň güni» hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde BMG bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky karar kabul edildi. Şondan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy Birleşen Milletler Guramasynda synçy statusyna eýedir. Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine hem öz bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen gatnaşýar.
Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny özara bähbitleri hasaba almak bilen ösdürýär we munuň özi ýurtlaryň we sebitleriň arasynda özara ynamy berkitmegiň wajyp guraly bolup durýar. Hut şeýle garaýyşlara eýermek bilen, Türkmenistan halkara guramalarynyň işine gatnaşýar, şol sanda YHG çäklerindäki hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan YHG-niň assosirlenen agzasy bolmagy maksadalaýyk hasaplady. Şu nukdaýnazardan, biziň döwletimiz strategik ugurlar hökmünde energetika we ulag ulgamlaryny ösdürmekligi, kämilleşdirmekligi we diwersifikasiýalaşdyrmagy ileri tutýar. Türkmenistanyň Prezidenti YHG-niň 10-njy ýubileý duşuşygynda eden çykyşynda bu gurama gatnaşýan ýurtlaryň dünýä ähmiýetli energetik çig maly öndüriji we eksport ediji merkeze öwrülip biljekdigini nygtady. Şol bir wagtda-da, Türkmenistan bar bolan ugurlary aradan aýyrmak däl-de, eýsem, olaryň üstüni doldurmak we ähli gatnaşyjy taraplaryň bähbitlerini hasaba almak ýörelgesine eýerýär.Türkmenistanyň öz hemişelik bitarap döwlet hökmündäki halkara borçlaryna ygrarly bolup galýanlygy we YHG assorsirlenen agza bolmak bilen, onuň çäklerindäki hyzmatdaşlygy, aýratyn hem sebit döwletleriniň abadançylygyny üpjün etmeklige, energetika, ulag-aragatnaşyk iri taslamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýanlygyny görkezdi.

Mähri MAGTYMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.