Bäsdeşligiň ösen we ösmedik bazarlar bar. Bäsdeşlik ösen bazarda şu aşakdaky şertler bolmaly:

  • Bu bazarda esasan köp öndürijiler (satyjylar) bar;
  • Bazardaky önümler häsiýetleri we başga taraplary boýunça birmeňzeş bolmaly;
  • Alyjylara bazaryň teklip edýän önümleri barada doly maglumat berlen  bolmaly;
  • Bazara erkin, hiç hili päsgelçiliksiz girip-çykmak mümkinçiligi bolmaly.

Bäsdeşlik ösmedik bazarlar: arassa monopoliýa, oligopolistik bäsdeşlikli, arassa bäsdeşlikli we monopolistik  bäsdeşlikli bazarlardyr.

Arassa monopoliýa – bu bazarda ýeke satyjy bolup (Döwlet kärhanasy ýa-da Döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän ýa-da düzgünleşdirilmeýän kärhanalar) önümlere goýulýan  nyrhlar dürli-dürlüdir. Mysal üçin: Döwlet monopoliýasy çykdajylary köp bolsa hem ilatyň bähbidi üçin nyrhlary çykdajylaryna görä pes goýýar. (Türkmenistanda: una, çörege, benzine, elektroenergiýa we ş.m. goýulan nyrh). Döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeýän kärhanalar özüniň harytlaryna has ýokary nyrh goýmagy mümkin. (Daşary ýurt dükanlaryň eýeleri öz harytlaryna ýokary nyrh goýýarlar. “Berkararlyk” söwda merkezi azyk däl harytlara ýokary nyrh goýýar. Ýöne, Döwlet bularyň hem harytlarynyň nyrhyny peseltmek barada alada edýär.

Umuman, monopoliýa bazary üçin marketing känbir esasy gural bolup hyzmat etmeýär.

Oligopolistik bäsdeşlik – (“oligo” grek dilinde “azrak”, “birnäçe” diýmekdir) eger-de pudakda birnäçe kärhana bar bolsa şolara degişlidir we olar arassa hem-de differensirlenen oligopolistik bäsdeşlige bölünýär. Birinji ýagdaýda  differensirlenmedik, ýagny nebit, gaz, metal  ýaly önümler. Ikinji ýagdaýda differensirelenen önümler-mysal üçin, awtomobiller. Oligopolistik kärhanalar nyrh göreşinden gaçarak durýarlar, sebäbi olar gaty gymmat we peýdasyzdyr. Olar differensirlenen isleg ödeýiş häsiýetleri, haryt nyşanlary, haryt hereketiniň, hyzmatyň derejesi we ş.m. bilen tapawutlanýan harytlaryny şol nyrhlar bilen  tapawutlandyrjak bolup hereket edýärler. Arassa oligopoliýada diňe harydyň häsiýetleri bilen tapawutlanmak gaty kyn.

Arassa bäsdeşlik – eger-de kärhanalaryň sany köp bolup olar hem birmeňzeş häsiýetli  önümler köp öndürýän we satýan bolsa şolarda ulanmak mümkin. Mysal üçin: ýarma, ýag, şeker we ş.m. öndüriji kärhanalaryň köp bolmagy nyrhlary deňlemäge mümkinçilik döredýär, sebäbi olaryň öndürýän önümi birmeňzeş we bir häsiýetli. Öndürijileriň köp bolmagy olaryň haýsy hem bolsa biriniň hereketiniň üýtgemegi bilen bazaryň ýagdaýyna känbir täsir edip bilmese gerek.

Monopolistik bäsdeşlik-muňa gatnaşyjylar bir-biriniňkä meňzeşräk önümleri bazara çykarýarlar. Monopolistik bäsdeşlik şertinde  esasan dermanhanalar,  restoranlar we halkyň sarp edýän harytlary öndürijiler işleýär.

            Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy Toýly Orazow