Türkmenistanda önümçilik serişdelerine we önümçiligiň netijesine eýelik etmegiň görnüşleriniň köpdürliligi ykrar edilýär we olaryň hereket etmegine rugsat berilýär. Döwlet eýeçiligiň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin olary deň derejede goraýar we deň şertler döredýär.
Biziň ýurdumyzda eýeçilik aşakdaky görnüşlerde çykyş edýär:
hususy eýeçilik;
döwlet eýeçiligi;
jemgyýetçilik birleşikleriniň (guramalarynyň) eýeçiligi;
kooperatiw birleşikleriniň eýeçiligi;
bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiligi;
beýleki döwletleriň, olaryň ýuridiki taraplarynyň we graždanlarynyň eýeçiligi;
halkara guramalarynyň eýeçiligi;
gatyşyk (birleşen) eýeçilik.
Türkmenistanda önümçilik serişdelerine, ýere, beýleki maddy hem ruhy gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugy ýöreýär.
Hususy eýeçilik diýip önümçilik serişdelerine we önümçiligiň netijesine aýry-aýry adamlaryň eýelik etmegine aýdylýar. Hususy eýeçilik görnüşleri boýunça raýatlaryň, hukuk taraplaryň hususy eýeçiligine (hususy kärhanalaryň we telekeçilik birleşikleriniň eýeçiligine) hem-de raýatlar bilen hukuk taraplaryň eýeçilik obýektleriniň birleşdirilmegi esasynda döredilýän gatyşyk hususy eýeçilige bölünýär.
Hususy eýeçiligiň subýektleri öz eýeçiligindäki zatlary gös-göni özleri peýdalansa, onda olar hem eýeçi hem-de işgär bolup çykyş edýärler. Hususy eýeçilikdäki emlägiň hakyna tutma zähmetiň üsti bilen peýdalanylmagy hem mümkindir.
Hususy eýeçilik inisiatiwalylygy, işe jogapkärli garamagy, iş başarjaňlygy höweslendirýär. Şonuň üçin hem hususy eýeçiligiň ösdürilmeginiň jemgyýet üçin uly ähmiýeti bardyr.
Hususy eýeçiligi ösdürmek döwletiň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir, dünýäniň ösen döwletleriniň hemmesinde ykdysadyýetiň esasy agramy hususy eýeçiligiň gerdenine düşýär. Hususyýetçiligi ösdürmek häzirki döwürde ýer ýüzüniň, ýurtlaryň hem halklaryň ýörelgesidir. Hususyýetçiligiň halkam, döwletem baýatmagyň ygtybarly ýoludygyny dünýä tejribesi doly subut edýär.
Hususy eýeçiligi ösdürmek bazar ykdysadyýetine geçmegiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär.
Hususy eýeçilik bolmasa bazar mümkin däl. Türkmenistanda möçberi boýunça iň köp eýeçilik döwlet eýeçiligidir. Ýerasty baýlyklar, suw resurslary we beýleki tebigy obýektler, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy we medeni mirasyna degişli obýektler döwletiň aýratyn eýeçiligi hasaplanýar.
Olara diňe döwlet erk edýär. Bulardan başga-da döwlet eýeçiligine ýer, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň emlägi, döwlet kärhanalarynyň emlägi, döwlet banklary, döwletiň okuw jaýlarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň emlägi, döwlet býudžetiniň serişdeleri, durmuş-medeni pudaga degişli obýektler degişlidir.
Döwlet eýeçiligiň düzümine ýerli öz-özüni dolandyryş edalarynyň eýeçiligi hem girýär.
Eýeçiligiň bir bölegini döwletiň garamagyndan aýrylmagy we hususylaşdyrylmagy netijesinde döwlet eýeçiliginiň möçberi azalar. Bu bolsa eýeçiligiň beýleki görnüşleriniň ösmegine getirer. Dünýäniň ösen ýurtlarynda ähli eýeçiligiň diňe 15-20 prosenti döwlete degişlidir.
Döwlet eýeçiligiň möçberiniň azalmagy onuň ykdysadyýetinden gitmegini aňlatmaýar. Munuň tersine, döwlet eýeçiligi ykdysadyýetden hiç haçan gitmez, döwletiň düýpli pudaklarynda saklanyp galar. Sebäbi ykdysadyýeti, bazar gatnaşyklaryny döwletiň kadalaşdyrmagy häzirki zaman önümçiligi durnukly ösdürmegiň, ylmy-tehniki progresi çaltlandyrmagyň zerur şertidir.
Jemgyýetçilik birleşikleriniň (guramalarynyň) eýeçiligi jemgyýetçilik birleşikleriniň hut öz eýeçiligine, haýyr-sahawatlyk we gaýry jemgyýetçilik fondlarynyň eýeçiligine, dini guramalaryň eýeçiligine bölünýär. Eýeçiligiň bu görnüşleriniň, esasan hem dini guramalaryň eýeçiliginiň hereket etmegi we ösmegi üçin zerur şertler diňe Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň döredildi.
Türkmenistanda hereket edýän eýeçiligiň ýene-de bir görnüşi kooperatiw birleşikleriniň eýeçiligidir. Kooperatiw eýeçiligiň emlägi onuň agzalarynyň berýän pul we beýleki emläk wznoslarynyň, önümçilik, söwda, taýýarlaýyş işini etmekden, gymmat bahaly kagyzlary satmakdan hem-de kooperatiwiň ustawynda göz önünde tutlan başga işleri ýerine ýetirmekden alnan girdeýjileriň hasabyna döredilýär.
Kooperatiw birleşikleri alyjylar kooperasiýasy önümçilik kooperatiwleri we beýleki guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde bolup biler.
Biziň ýurdumyzda bilelikdäki kärhanalaryň, beýleki döwletleriň, olaryň hukuk taraplarynyň we raýatlarynyň eýeçiligi hem bardyr. Ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin beýleki döwletler bilen, olaryň raýatlary we hukuk taraplary bilen bilelikde kärhanalar guramagyň uly ähmiýeti bardyr. Ol kärhanalar biziň ýurdumyzyň diňe çig mal öndürmegiň hasabyna däl-de, taýýar önümleri öndürmegiň we satmagyň hasabyna baýamagy üçin gerekdir. Türkmenistanda daşary ýurtlarynyň firmalaryň gatnaşmagynda gurlan we gurulýan kärhanalaryň sany barha artyp barýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Seidow Silapberdi