Dünýäde, Şeýle-de Türkmenistanda ýerüsti suwlaryñ köpüsi oba hojalyk ekerançylygy üçin peýdalanylýar. Gurakçylyk, çöllük we sähra zolaklarynda ýerleşen döwletlerde onuñ sarp ediliş mukdary has-da artýar.
Türkmenistanyñ ýerüsti suwlarynyñ 93,6 %-ini suwarymly ekerançylyk üçin sarp edilýär. Ýerüsti suwlaryñ akymyny kadalaşdyrmak, toplamak we suwaryş döwründe netijeli ulanmak maksady bilen, umumy peýdaly sygymy 3,5 mlrd. kub/m golaý bolan 16 sany suwaryş suw howdanlary guruldy. Olaryñ iñ ululary: Garagum derýasynda – Zeýit, Hanhowuz, Köpetdag we Murgap derýasynda Saryýazy suw howdanlarydyr.
Ýurdumyzdaky derýalaryñ suwarymly ekerançylyk üçin ulanylýan suwlarynyñ hili irki döwürlerde gowudy. Suwlaryñ düzüminde bar bolan tebigy duzlaryñ ujypsyzja mukdary topragyñ hil ýagdaýyna we ösümlikleriñ ösüp boý alyş şertine täsir etmesi juda azdy. Ýöne soñky ýyllarda tebigy we adam işjeñliginiñ täsirinde deralaryñ suwlulugy we olaryň suwlarynyñ himiki düzümi üýtgedi. Aýratynda ýurdumyzyñ ýerüsti suw baýlygynyñ esasyny düzýän Amyderýanyñ suwunyñ gidrohimiki düzümi üýtgedi, onuñ minerallaşmasy artdy we ion düzümi özgerdi.
Derýanyñ ýokary we orta akymyndaky ýerlerde zeýakaba-zeýkeş suwlarynyñ (ZZS) akdyrylmagy zerarly suwuñ minerallaşmak derejesiniñ ýokarlanmagy ondaky hloryn we natriniñ ionlarynyñ toplanyşynyñ artmagyna getirýär. Bu hem toprakda hlorid we natriý şorlaşmasyny döredip, oba hojalyk ekinleriniñ hasyllylygyny kemeldýär.
Häzirki wagtda hünärmenleriñ hasaplamalaryna görä türkmen Aralýakasynyñ suwarymly zolagynyñ 90-95% meýdany şorlaşma sezewardyr. Şorlaşan suwarymly ýerleriñ meýdany beýleki welaýatlarda-da az däl.
Ýurduñ suw baýlyklarynyñ çäklidigini, suwarys suwlaryna islegiñ gelejekde hasda artjakdygyny nazara alyp şu aşakda getirilýän çäreleriñ geçirilmegi, onuñ dartgynly meselelerini sazlaşdyrmakda zerurdyr:
►suwaryrnly ekerançylygyñ iş tejribesine suwy tygşytlaýjy usullaryñ ornaşdyrylmagy;
►suw howdanlaryñ gurulmagy;
►suwaryş ulgamlarynyñ üýtgedilip gurulmagy;
►suwaryş ulgamlarynyñ kadalaşdyryjy gidrotehniki desgalar bilen üpjün edilmegi;
►suwaryş suwlaryny hasaba alyş gidrotehniki tehnologiýalrynyñ ornasdyrylmagy;
►suwarymly ýerleriñ tekizlik ýagdaýynyñ agrotehnika talaplaryna laýyk üpjün edilmegi;
►suwy sarp ediji ulgamlarynda suw ýitgisini çäklendiriji usullaryñ gurnalmagy we ş.m.
Ýerüsti we ýerasty suw baýlyklarynyñ maldarçylyk toplumlarydyr fermalary we öri meýdanlaryny suwlandyrmak üçin 0,6 % suw sarp edilýär. Şol sanda:
►maldarçylykda 2000-nji ýylda 62 mln.kub/m sarp edildi; 2005-nji ýylda 72 mln. kub/m sarp edildi we 2010-njy ýylda 82 mln. kub/m ýetiriler;
►öri meýdanlarynyñ suwlulandyrylmagynda 2000-nji ýylda 58 mln.kub/m, 2005-nji ýylda 76 mln.kub/m suw sarp edildi; 2010-njy ýylda bolsa onuñ mukdary 98 mln.kub/m ýetiriler.
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar toplumy süýji suwuñ ep-esli mukdaryny sarp edýär. Mysal üçin, 1 kg mesge öndürmäge 10 litr suw, l kg şeker öndürmäge – 100 kub/m, iri şahly malyñ bir başyny soýup taýarlamaga 500 litr suw harç edilýär.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Annaýewa Enejan