Bilşimiz ýaly, ylym-bilim adamzat durmuşynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň çuňňur ylymly bilimli, dünýä derejeli ylmyň hem ylmy dünýägaraýşyň eýesi bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ylym-bilim jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýar, ýurduň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup hyzmat edýär. Her bir ýurduň ösüşini şertlendirýän pudaklaryň biri hem ylym-bilim pudagydyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamyny diwersifikassiýa ýoly bilen ösdürmeklige, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň hasda kuwwatlanmagyna, orta we ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga, ylmy işgärleriň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ylym-bilim ulgamyna geçildi we şu günlerde bu işler has hem kämilleşdirilýär.
Adamzat durmuşy şu güne çenli ylymyň-bilimiň esasynda ykdysadyýetiň senagatlaşmagy netijesinde ösdi özgerdi we bu ýagdaý häzirki wagtda-da şeýle dowam edýär. Bar bolan bilimleriň esasynda bolsa birnäçe hünärler peýda boldy we hünärleriň sany ýyl-ýyldan köpelýär. Alymlaryň hasaplamalaryna görä hünärleriň sany 1850-nji ýylda bary ýogy 431 sany bolan bolsa ol, 1920-nji ýylda 20 müň sany, 2000-nji ýylda bolsa hünärleriň sany 45 müňe ýetipdir.
Gadymy grek-rim akyldarlary: “Nämedir birzat okaýan adam okamaýan adamdan has güýçlidir” diýip belläp geçipdirler. Beýik hytay akyldary Konfusiý bolsa: “Eger siziň meýilnamaňyz bir ýyllyk bolsa onda şaly ekiň, eger siziň meýilnamaňyz on ýyllyk bolsa onda agaç ekiň, eger siziň meýilnamaňyz ýüz ýyllyk bolsa onda çagalaryňyza bilim beriň” diýip belläp geçipdir. Görnüşi ýaly ylym-bilim sowatlylyk ýaly düşünjeler öz köküni geçmişden alyp gaýdýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda hem ylym-bilim hakynda birnäçe çuň many-mazmuna eýe bolan aýtgylar, atalar sözleri getirilýär. Bu kitapdan: “Ylym akylyň ýarysy”, “Ylym akyldan dem alar”, “Ylym almak iňňe bilen guýy gazmak”, “Ylym pul bilen alynmaz”, “Bilmeýäň zadyňy kitapdan sora”, “Bilmezlik bela däl, bilesi gelmezlik bela”, “Bilim bilen hikmet –altyndan gymmat” ýaly manyly jümleleri okanyňda ylym-bilimiň adama nähili derejede zerurdygyna düşünýäris. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsunymyzy aýdýarys!
Şanyýaz MUHAMMETBERDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň NGDSG hünäriniň 4-nji ýyl talyby.