Biziň ýurdumyz tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça Ýer ýüzünde dördünji orny eýeleýär. Häzirki wagtda hem Merkezi Aziýa sebitinde mawy ýangyjy iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Özüniň geosyýasy taýdan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdelerine örän baýdygy sebäpli, ýurdumyz ýewropa we aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi aýdyň subutnamadyr, onda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek taglymlary öz beýanyny tapdy. Türkmen gazynyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün etjek TOPH-yň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. Durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleriň öňyn çözgüdine ýardam berer, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrar. Ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleriniň öňünde pudagyň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we kenarýaka zolagyndaky, Amyderýanyň kenarlaryndaky, Merkezi Garagumdaky nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler durýar. Demirgazyk Goturdepe ýatagyny şeýle işleriň geljeginiň uludygyny tassyklaýan mysal hökmünde getirip bolar, bu ýerde müňlerçe metr çuňlukda täze nebit gatlagy açyldy.
Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär. Sebit we dünýä bazarlarynyň, häzirki wagtda emele gelen hem-de gazhimiýa önümlerine islegleriň çaklamalaryny seljermegiň esasynda ýakyn geljek on ýyl üçin gaz we nebithimiýa pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy.
2030-njy ýyla çenli ýurdumyzda A-95 benzinine we dizel ýangyjyna bolan isleg iki esse artar diýlip çaklanylýar. Muňa mysal edip, dizel ýangyjyny arassalamak, katalitik izodeparafinizasiýa, mazutlaryň katalitik krekingi, ikilenji benzini gidroarassalamak, wodorod öndürmek boýunça täze desgalaryň gurluşygyny görkezmek bolar. Şular bilen bir hatarda, polistiroly we kauçuklary almakda zerur bolan benzolyň önümçiligini guramagyň tehniki hem-de ykdysady taýdan maksada laýyklygy öwrenilýär. Benzolyň bölünip alynmagy boýunça desganyň gurulmagy hem türkmen nebitçilerine we himiýaçylaryna Ýewro-5 standartyna laýyk gelýän benzinleriň önümçiligine doly geçmäge, ýokary hilli sintetik binýatlaýyn ýaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berýär.

Begli BERDIMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 3-nji SKMD hünäriniň talyby.