«Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanmagy türkmen ylmyny hil taýdan täze derejä çykarmaga badalga boldy. Bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ylym ulgamyny mundan beýläk-de dünýä derejesinde ösdürmekde, ylmy jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirmekde, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda täze sepgitleri gazanmaga mümkinçilik berer.
Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek maksady bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Onuň 1-nji tapgyry 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyry 2020 — 2023-nji ýyllarda we 3-nji tapgyry 2024 — 2025-nji ýyllarda amala aşyrylar.
Dünýä döwletleriniň sanly ykdysadyýete geçmeginiň esaslary geçen asyryň 90-njy ýyllarynda maglumatlary alyşmagyň ösen derejesi bilen şertlendirilip, internetiň durmuşymyza işjeň ornaşmagy bilen, ykdysadyýetiň ösüşine güýçli täsirini ýetirdi. Wagtyň geçmegi bilen, maglumatlar tehnologiýasynda gazanylan ösüş sanly ykdysadyýetiň ähmiýetini, aýratyn-da, hyzmat ediş ulgamlarynda, önümçilik däl gurşawdaky hyzmatlarda sanly ykdysadyýetiň täsirini has-da artdyrdy. Netijede, elektron senagatynyň ösmegi täze iş orunlarynyň döremegine getirdi, ol halk hojalygynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
«Sanly ykdysadyýet» adalgasy geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Günbatar ýurtlarynda peýdalanylyp başlandy. Hususan-da, hyzmat ediş ulgamlaryndaky işleri öz içine almak bilen, hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin sarp edilýän wagtyň we harajatyň onlarça esse azaldylmagyna mümkinçilik berdi. Soňky maglumatlara görä, ykdysadyýeti sanly ulgama geçiren ýurtlar umumylykda 3 trillion dollardan hem köp serişde tygşytladylar, öz ykdysadyýetleriniň durnukly ösüşini gazandylar. Ykdysadyýetçileriň hasaplamalaryna görä, tygşytlylygyň bu görkezijisi 2025-nji ýyla çenli ýene-de dört esse artar. Bu görkezijiniň, esasan, internet ulgamynyň hem-de sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde dörändigi bellenilýär.
Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda nagt däl hasaplaşyklaryň tejribesi durmuşa giňden ornaşdyryldy. Şolar bilen birlikde Türkmenistan hem sanly ykdysadyýetiň bu mümkinçiliklerinden oňaýly peýdalanýar. Kompaniýalar müşderilerine satan harytlarynyň ýa-da hödürleýän hyzmatlarynyň töleg-hasaplaryny elektron ulgamyň üsti bilen iberýärler we tölegleri elektron usulda kabul edýärler. Şoňa görä-de, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň çägi barha giňeýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda bankomatlaryň we töleg terminallarynyň giň topary hereket edýär. Ygtybarly hasaplaşyklary geçirmäge örän amatly mümkinçilikler döredilýär.
Sanly ykdysadyýete geçmek jemgyýet üçin köp babatda bähbitlidir. Ol adamyň mümkinçiliklerini ummasyz artdyrýar, onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Maddy nygmatlaryň we ruhy gymmatlyklaryň bolçulygyny döretmekde, önümçiligiň ynsanperwer esaslaryny kemala getirmekde sanly ykdysadyýete uly orun degişlidir.
Sanly ykdysadyýet jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuş gatnaşyklarynyň has çylşyrymly ugurlaryny ýönekeýleşdirip, häzirki döwürde adamlaryň işini we önümçiligiň ösüş aýratynlyklaryny ösen tehnologiýalar bilen ysnyşykly baglanyşdyrýar.

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň SDTTEHA “B” hünäriniň 3-nji ýyl talyby.