Paryzdepe Büzmeýin şäherinden 6 km günorta-günbatarda, dag etek zolagynda ýerleşýär. Bu ýerde bar bolan küýze bolekleri, keramika önümleri, dürli gap-gaçlaryň, bişen kerpiçleriň galyndylary bu mekanda gadymy döwürlerden başlap, ösen ekerançylygyň, senetkärçiligiň hem-de medenýetiň uzak taryhy döwürlere çenli dowam edendiginden habar berýär. Paryzdepede geçirilen gazuw işleriniň dowamynda gurluşyk gatlagyndan has irki döwürlere, mis-daş zamanlaryna degişli bolan çakmakdaşdan ýasalan zähmet gurallaryň, ýaraglaryň, adaty daşlardan ýasalan gapydaşlaryň, sokydaşlaryň, degirmen daşlarynyň, göjekleriň tapylmagy bilen gyzyklydyr. Bu tapyndylar ýokarky gatlagyň binalary gurlanda ulanylan çig kerpiçleriň depäniň töwereginden alnan topragynyň arasy bilen düşen bolmagy mümkindir diýen çaklamany alymlar tarapyndan orta çykarýar. Şol tapyndylaryň arasynda daşdan ýasalan gurallar, gap-gaçlar, sokylar we degirmen daşlary, ikbaşlar – daş işläp bejermek sungatynyň ilkinji usullaryny äşgär edýär we gliptika sungatynyň gadymy alamatlaryny ýüze çykarýar.
Sungat nazaryýetinde daşlary çeper işläp bejermek sungatyna – gliptika diýilýär. Gliptika – bu grekleriň “glэpho” sözünden gelip çykmak bilen kesýärin, köwýärin diýen manyny aňladýar. Bu sungat ýarym gymmatbaha ýa-da gymmatbaha daşlary işlemeklik bilen baglanşykly bolup, ol amaly-haşam sungatynyň nepis görnüşleriniň biri bolup durýar. Daşlaryň kesilip bezelen görnüşlerine gemmalar diýilýär. Gemmalara gymmatbaha we ýarym gymmatbaha daşlardan ýasalan ýüzükler, gülýakalar, boýna dakylýan monjuklar, tumarlar degişlidir. Tumarlaryň käbirleri möhür hem-de bezeg üçin ulanylyp, basma tarapy köp şekilli durmuşy we rowaýat taslamalary bilen bezelipdir. Şekilli taslamalar iki görnüşli bezeg usulynda ýerine ýetirilipdir. Şekiilleri daşyna düberçek görnüşinde edilip bezelenlerine – kameýa usully bezegler diýlip atlandyrylyp, olar köp gatlakly oniks, sardoniks, agat daşlaryndan kesilip timarlanypdyr.
Daşlaryň ýüzüne şekilleri içine çuňaldylyp çekilen bezeg usulyna – intaliýa bezegi diýilýär. Intaliýa bezegi üçin bir reňkli gyzyl hakyk, melewşe ametist daşlary ulanylypdyr. Geçmişde biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda Gadymy Mesopotamiýada güberçek we içine çuňaldylan bezegli turba şekilli möhürleri halsedon, dag hrustaly, lazurit ýaly daşlardan ýasapdyrlar. Şonuň ýaly daşlardan mifologik şekiller bilen sünnälenip bejerilen tumarlar, gülýakalar Gadymy Müsür, Gresiýa, Italiýa, Wizantiýa we orta asyr Ýewropa döwletlerinde duş gelnen bolsa, biziň ýurdumyzyň bürünç asyryna degişli bolan Ulug depe, Altyndepe, Marguş, antika döwrüniň Margiana, Nusaý ýaly ýadygärliklerinden tapylýar.
Paryzdepeden tapylan çakmak daşyndan ýasalan daş önümleri iri tyglardan, uçlandyrylyp ýiteldilen daş gurallaryndan ybarat bolupdyr. Olar ösümlikleriň köküni köwmek, miweleri çirtmek ýa-da haýwanlaryň etini böleklere bölmek, derisini soýmak, hamyny gazamak üçin niýetlenilenilipdir. Bulardan başga-da bu ýerde gaty daşlardan ýonulyp ýasalan sokylar, togalak we süýnmek daşlardan edilen däne owguçlar hem-de tekerler hem tapylypdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki VII-V müňýyllyga, ýagny täze daş asyry döwrüne degişli bolan bu daşlar Paryzdepe bilen goňşuçylykda ýerleşen Jeýtun, Çopandepe, Pessejikdepe, Akdepe, Daşlydepe ýaly obalardan getirilendir diýen çaklamany ýüze çykarýar. Hojalyk we ykdysady durmuş gatnaşyklary mis-daş we bürünç asyrlary zamanlarynda-da ösdürilipdir. Gadymyýetde adamlar çakmak daşyny köp ulanyp, olary sadaja we ýönekeý görnüşde timarlapdyrlar. Soňra ençeme ýyllaryň geçmegi bilen adamlar daş gurallaryny ýasamaga ökdeleşip, daşlaryň iki tarapyny ýonmak we ýitilemek usulyny oýlap tapypdyrlar. Ýonulan daşlary bolsa kesmek, sünçmek üçin peýdalanypdyrlar. Daş bilen işlemegiň usullary wagtyň geçmegi bilen has-da kämilleşipdir. Jeýtun medeniýeti döwründe adamlar dürli daşlardan oraklary, kätmenleri, sokulary, däne owguçlary ýasamagy başarypdyrlar. Şol döwürde adamlar gerek bolan gurallaryny we esbaplaryny ýasamak üçin plita daşlaryny, daşlaryň digirçek görnüşlerini, hek daşlaryny hem giňden peýdalanypdyrlar. Gurallary ýasamak üçin, esasan nokatlap urma we taraşlama usulyny oýlap tapypdyrlar. Bu usul bilen işlemegiň tärleri täze daş asyry döwründe emele gelip, tä demir döwrüniň ahyryna çenli gülläp ösüpdir.
Paryzdepede ylmy-barlag, gözleg işleriniň dowamynda gipsde hem-de toýundan bişirilip ýasalan ikbaşlaryň birnäçesi tapylýar. Ikbaşlaryň tapylmagy ol ýerde dokmaçylygyň bolanlygyndan habar berýär. Ikbaş igiň aşaky ujuna geýdirilýän üsti ýasy, aşagy çowly, ortasy deşik enjamdyr. Ol sapaga tow berlende agramlyk berip, ik gaty towlanar ýaly we onda tow berlen ýüplügi berk saklamak üçin ulanylýar. Ikbaşlary toýundan, daşdan we süňkden ýasapdyrlar. Ikbaşlaryň irki eneolit döwründen orta asyrlara çenli ulanylandygyna ýadygärliklerden tapylan ikbaşlar şaýatlyk edýär. Käbir alymlar ikbaşlar ot almak ýüň egirmek üçin we pul birligi hökmünde ulanylan bolmagy mümkin diýip çak edýärler. Ikbaşlar kähalatlarda pully hazynalaryň arasynda hem duş gelipdir. Daşdan ýasalan ikbaşlar ýasy, tegelek disk görnüşinde bolupdyr. Ikbaşlar seýrek süňkden yagdayda ýasalypdyr. Toýundan ýasalanlary, köplenç, ýasy we bikonik görnüşinde bolupdyr. Daş we toýun ikbaşlaryň ýüzüne çekilen nagyşlar tapawutlanypdyr, ýöne iki toparda-da göni hem tolkun çyzyklar, tegelek, atanak çyzyklar çekilipdir. Ikbaşlaryň az bölegi çukurjyklar bilen bezelip, köp bölegi nagyşsyz bolupdyr. Nagyşlaryň manysy boýunça (üçburçluklar, Gün şöhleleri, göni we tolkun çyzyklar, atanak şekiller) ikbaşlar hasyllylyk we abadançylyk ýa-da ýokarky bölekleriniň üstündäki dört bölege bölünen kesme çyzyklar pasyllar dünýäniň dört tarapy ýa-da senenama (kalendar) bilen baglydyr diýip çak edilýär. Paryzdepedäki ikbaşlaryň ýasalyş usullary adamlaryň daşlary we toýun palçygy çeper işläp bejermek usullaryna düşünjeleriniň bolandygyndan habar berýär. Bu ýerden tapylan toýun ikbaşlar bikonus görnüşde, gipsden ýasalanlary bolsa tegelek disk görnüşinde bolupdyr.
Paryzdepedepäniň daş ýonma sungatynyň önümleriniň hataryna steatit daşyndan ýasalan tegelek görnüşli syýadan degişlidir. Bu syýadan özüniň ýasalyş usuly boýunça bürünç asyrynyň önümine degişli bolup durýar. Ol tegelek disk şekilli bolup, agzy giňräkden içine çuňalyp gidýän görnüşde ýasalypdyr. Syýadanyň agzyndan aşakda, ýagny bokurdak böleginden aşaklygyna üstki aýlawy emele gelip, ol dört hatar tegelek hem-de ýarym aýlaw çyzma çyzyklar bilen bezelendir. Ýarym aýlawlaryň arasy dik we üçburç çyzyklar bilen bölünipdir. Steatit daşyndan ýasalan başga-da birnäçe kösmetiki gutylar, gap-gaçlar, ikbaşlar, möhürler, syýadanlar gadymy Altyndepe, Marguş, Nusaý, orta asyrlar Merwiň ýadygärliklerinden ýüze çykarylypdyr. Öz döwründe Marguş ussalarynyň arasynda steatit daşy “sabyn daşy” diýen at bilen belli bolupdyr.
Paryzdepäniň daşy çeper bezemek sungatyna ýarym gymmatbaha daşlardan ýasalan şekilli monjuklar hem degişlidir. Olaryň arasynda gök agatdan, gyzyl goňur hakykdan, ak faýansdan, talkohlorit daşlaryndan ýasalan bikonus, süýri, togolok we ýaprak şekilli monjuklary görkezmek bolar. Bu şekilli monjuklar bolsa Paryzdepäniň daş ýonujylarynyň dürli daşlary işläp bejermek ussatlygynyň bolandygyny aňladýar.
Göwher Saparmyradowa, Gülaýym Öwezberdiýewa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy