Milli halylarymyz Türkmen zenanlarynyň yhlasy,mähiri siňen häzirki güne çenli hem dünýä halklaryny haýrana goýýan Türkmeniň özboluşly,nepis özboluşly  gymmatlygydyr. Türkmen halysy öz gözbaşyny ene topragymyzdan alyp gaýdýar,  ondaky göller  bolsa Türkmen tebigatyny, gülleri,haýwanlary,derýalary, daglary şeýle hem Güni we Aýy şöhlelendirýär. Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemleýän sungat eseridir.

Halkymyzyň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Täze gelen gelni haly düşelen hormatly ýerde oturdypdyrlar, haly ýapylan düýä mündüripdirler. Öýlenýän ýigit bolsa haly bilen bezelen öý taýynlapdyr. Çaganyň dünýä inmeginiň hatyrysyna haly dokalypdyr,soňra ol ilkinji ädimlerini şol halyda ädipdir. Çarwa öýleriniň gapysyndan “gapylyk” diýlip atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar. Türkmen hojalygyndaky esasy haly “maşgala daragty” bolup hyzmat edip, ol maşgalanyň taryhy barada gürrüň berýär. Türkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar, halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyr,gadymdan gelýän sungat eneden-gyza geçipdir.

Haly dokalanda wagt, güýç- gaýrat hiç hili gaýgyrylmaýar,haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy baýlyga,gymmatlyga deňelýär. Haly Türkmen halkynyň adyllyga bolan ynanjynyň şöhlelenmesidir, ol bolsa Türkmen medeniýetine dolulygyna siňdirilipdir. Türkmen medeniýeti bolsa Türkmen halkynyň milligi,mirasy Türkmen halkynyň buýsanjydyr. Türkmen halylarynyň esasy aýratynlygy hem olaryň gölleridir,nagyşlarydyr.

Türkmen halylary hakynda ilkinji ýazuw çeşmeleri XIII asyrda Gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden Italýan syýahatçysy Marko Polo degişli hasaplanýar. Marko Polo Türkmen halylary hakynda şeýle sözleri aýdýar: “Dünýäde iň inçe we owadan” halylar Türkmen halylarydygyny belläp geçýär. Türkmen halkynyň haly dokamagy sungat derejesine çykaryp, dünýäde ykrar edilmegini gazanandygy Türkmen zenanlarynyň güllerden görkli Türkmen halylaryny özleriniň mähiri, söýgüsi, arzuw,yhlaslaryny siňdirip dokandygyny subut edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ,,Janly rowaýat”  atly eserinde ajaýyp halylarymyzyň waspy giňden beýan edilýär.  Şeýlede her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde haly baýramy ulydan bellenip geçilýär. Bu bolsa Türkmen halkynyň halyçylyk sungatyna uly sarpa goýýandygyndan nyşandyr.

Atanyýazow Abdykerim,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.