Türkmen tebigatynyň dil bilen beýan edip bolmaýan täsin gözelligini, mährem zenanlaryň köňül arzuwlaryny, halkymyzyň gadymyýetini we şu gününi şöhlelendirýän haly sungatymyz we dokma önümlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr. Halynyň gözüň ýagyny iýip barýan, kalbyňa buýsançly gozgalaň salyp barýan müňlerçe çitimlerinde zenanlarymyzyň yhlasy, Watana, il-güne, türkmen tebigatyna bolan mähiri-söýgüsi, arzuw-niýetleri, ýürek telwasy öz beýanyny tapýar. Garaşsyz Diýarymyzda ajaýyp gözelligi bilen görenleri özüne bendi edýän nepis halylary we dokma önümlerimizi wasp etmedik şahyr, bu ajaýyplygy taryplap aýdym aýtmadyk bagşy ýok bolsa gerek. Ol älem-jahany haýran galdyrýan beýik sungat bolup türkmeni dünýä tanadýar. Öňki döwürlerde hem, dünýä halklary türkmen halylarynyň owadanlygyna, berkligine, tebigy reňkine haýran galypdyrlar. Muňa birnäçe daşary ýurtly alymlaryň, syýahatçylaryň aýdan sözleri hem şaýatlyk edýär. Italýan syýahatçysy Marko Polo şeýle belläpdir: ”Türkmenler iň oňat we owadan halylary, matalary dokaýarlar, iň owadan atlary seýisläp ýetişdirýärler”. Wenger alymy Armeniý Wamberi: ”Orta Aziýanyň esasy sungatlarynyň biri-de türkmen aýal-gyzlarynyň dokaýan halylarydyr” diýýär. Türkmen haly önumleriniň ajaýyp nusgalary häzirki wagtda Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Awastriýanyň, Ispaniýanyň, Şwesiýanyň, ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň muzeýlerini, sergilerini bezeýär. Bu ugurdan bolan hünärmenleriň aýtmagyna görä, köp sanly  haly önümleri Beýik Ýüpek ýoly arkaly Hindistanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň üsti bilen dürli ýurtlara alnyp gidilipdir.

Dünýä halklarynyň arzuw ummanynyň gämisine öwrülen el halylarymyz türkmeniň taryhyndan söhbet açsa, şu günki gün şan-şöhratynyň mukamy bolup ýaňlanýar hem-de ajaýyp geljege bolan umydymyza ganat berip, watana bolan yhlasymyzy joşdurýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmeniň dokma önümleriniň hataryndaky halydyr halyçalar, palaslar, dürli-dürli ýantorbalar, gapjyklar, horjunlar türkmen ojaklaryna bezeg beren bolsa, kendir beýleki tara önümleri, düýpi gyňaçlar, dondur çabytlar, nepis alajalar türkmen zenanlarymyzyň gül görküne görk goşupdyr. Bu ajaýyp milli baýlyklarymyz şu günki gün –  halkymyzyň ruhuny, köňül hazynasyny baýlaşdyrýar. Türkmen halylarynyň taryhy şöhrata eýe bolan häzirki bagtyýarlyk döwrümizde olaryň hilini we görnüşlerini artdyrmak bilen baglanyşykly uly işler amala aşyrylýar.  Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat” atly uly göwrümli kitaby hem mähriban käbelerimizden miras galan ajaýyp türkmen halylaryna bagyşlanyp, ol halyçy gelin-gyzlarymyzyň gymmatly gollanmasydyr. Düýpli ensiklopedik häsiýetli bu kitap “Älemiň sazlaşygy”, “Asyrlaryň ilçisi”, “El bilen döredilen gudrat”, “Haly türkmeniň kalby”, “Ertekiniň dowamy” ýaly baplardan ybarat bolup, ähli welaýatlarymyza degişli haly suratlary bilen bezelen. Kitapda halynyň döreýşinden başlap, onuň haly boýunça zähmet çekip külterlenýän ýaly dowamata uzalyşy barada gymmatly maglumatlar bolup, ol diňe biziň ýurdumyz däl-de, dünýä ýurtlarynyň adamlary üçin hem bahasyz gollanmadyr.

   Çeper HOJAMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň,

Buhgalterçilik  hasaba alnyşy we audit  taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby