Berkarar döwletde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda asuda parahat Türkmenistan döwletimizde toý baýramlar has-da uludan toýlanýar. Toý-baýramlara şanly senelere beslenen ýylymyzyň dekabr aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda açylan “Gujurly ýaşlar” sergisine talyp ýaşlar bilen bir hatarda, mugallymlar we akademiýanyň uçurymlarynyň gatnaşmagynda uly dabara bilen geçirildi. Bir ýylyň dowamynda gujurly ýaşlaryň ulydan taýýarlyk gören sergisi şekillendiriş sungatyň dürli ugurlarynda dürli žanrlarda ýerine ýetirilen eserlerden düzülýär. Bu ýerde okaýan talyp ýaşlar sungatyň nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty, sungaty öwreniş, binagärlik we dizaýn ugurlary boýunça ýerine ýetirilen işler bilen utgaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Türkmen halkyna peşgeş beren Arkadag şäherini we Hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä “Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” Kararyna eýerip, türkmen halky nusgawy şahyrymyzyň şanly senesini ulydan toýlap, bu toý mynasybetli geçirilýän “Gujurly ýaşlar – 2023” atly sergide ýurdumyzyň höwesjeň ýaşlary we halypa mugallymlary ýurdumyzyň Arkadag şäheriniň we jöwher paýhasly akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň waspyny we keşbini jaýdar suratlandyrmagy başarypdyrlar. Sergä gatnaşýanlar – nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, döwrebap binagärlik we dizaýn taslamalary, milli sungatymyz zergärçilik, haly, keramika eserleri we şonuň bilen birlikde ýaş sungaty öwrenijileriň ylmy işlerinden düzülen kitaplar bilen baýlaşdyrylyp sergi köpçülige hödürlenýär. Nakgaşlyk kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Parahat Ilbaýewiň “Ene söýgüsi”, “Jeren Halnazarowanyň portredi” ýaly portret işlerini kendiriň ýüzünde ýagly reňklerde ýerine ýetirýär. Portretde ene we çaga söýgüsiniň süýjüsini, olaryň arasynda berk baglanyşygy yssy garaýyşlary içgin sazlaşdyryp bilipdir. Eser impressionizm akymynda ýerine ýetirilip, şol wagtky pursady tutup janly ýaly hakykata ýakyn görkezmegi başarypdyr. Ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň biri Jeren Halnazarowanyň portredinde hem zenan gözelligi wasp edilip, şahsyýetiň hakyky häsiýeti orta çykarylýar.

Binagärlik kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Arzuw Weýisowanyň “Geçmişden geljege” atly grafika taslamasynda Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerini we Arkadag şäheriniň gözel ymaratlaryny grafiki usulda nokatlar we çyzyklar bilen sazlaşdyryp suratlandyrýar.

Heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Azady Mekanmyradowyň “Gurjak teatr” atly tematiki heýkel eserinde gips materialyny ulanyp sahnanyň gahrymanyny şekillendirýär. Talyp belli bir şahsyýeti janlandyrýan oglany milli lybasda görkezýär. Egnindäki eşikleri hakykata ýakyn edip, keşbe hereket berip, sahnada gurjak oýnuny görkezýän oglany bir pursatlyk doňdyran ýaly janlylyk bilen işlemegi başarypdyr.

Ýokary okuw jaýymyzda bilim alýan talyp ýaşlaryň alýan bilimlerini ýerine ýetirýän eserlerinde görkezmegi olaryň gazanan üstünliklerini orta çykarýar. Binagärlik we dizaýn sungatynda talyplar öz döredijilik garaýyşlary bilen Magtymguly Pyraga bagyşlanan milli muzeýler, çaýhanalaryň söwda we dynç alyş merkezleriniň taslamasyny ýerine ýetirip, olaryň interýer we eksterýerini, zallaryny, oturylýan ýerlerini tebigatynyň gözel gurluşyny gurnap taslama görnüşinde ýerine ýetiripdirler. Dizaýn kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Meňli Şiriýewanyň “Arkadag şäheri-ekologiýa abadançylygyň nusgasy” atly dizaýn işinde Arkadag şäherini triptih görnüşinde şekillendirip, dizaýnlaşdyryp häzirki döwrüň äheňinde janlandyrýar. Şäheriň gözel gurluşyny Arkadag monumentini merkezinde ýerleşdirip taslamany jemleýär. Türkmeniň ak altyny bolan pagtasyny we çynar agajynyň ýapragyny şekillendirip, pagtany bolçulygyň çynar agajynyň ýapragyny bolsa, berklik türkmen haklynyň jebis halkdygyny görkezmek isläpdir. Eser tekiz görnüşde ýazylýar we reňkler sazlaşykly şekillendirilýär.

Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Şemşat Ýowşanowanyň “Arkadagly şäherim” atly keramika eserinde Arkadag şäheri şekillendirilýär. Milli mirasymyzyň nyşany bolan ritony güberçek görnüşde öňe çykaryp, taslama inçelik bilen işlenýär. Şol kafedranyň 5-nji ýyl talyby Merjen Agamyradowanyň “Sportuň owazy” atly keramika küýzesi sportyň 21 görnüşini wasp edip ýerine ýetirilýär. Nagyşlar haşam häsiýetde berlip, ýaşyl baýdagymyzyň reňki we owadan reňkler ulanylýar.

Zer gadryny zergär biler – diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Halkymyzyň meşhur zergärleri biziň ýokary okuw jaýymyzyň “Zergärçilik” hünäriniň mugallymy Aýjemal Çaryýewanyň “Ýagma bulut söwer ýaryň üstüne” kümüş serişdesini we hakyk gaşlary ulanyp, kümüşiň ýüzüne gyzyl çaýýar. Bu şaý-sep tematiki häsiýetde düzülip börükli zenanyň keşbi şöhlelendirilip haşam häsiýetde bezelýär. “Zergärçilik” hünäriniň mugallymy Şirin Gylyjowanyň “Dagdanly” atly tumara meňzeş şaý-sepi we gulakhalkasy hakyk daşlary, nagyşlar bilen haşamlanyp, kümüşe gyzyl çaýylyp bezelýär. “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň halyçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Mähri Nazarowanyň “Saçaklyk el torba” atly haly torbasyny kakma usulynda ýerine ýetirip, esasan süýt reňki, gyzyl, ýaşyl reňkleri ulanyp, gyralaryny alaja bilen bezelýär. Gyzylgül Çaryýewanyň “Kalbyň owazy” atly el torbasy iki bölekden ybarat bolup biri uly saçak salmaga, beýlekisi bolsa kiçiräk el torba görnüşinde ýerine ýetirip, gyzyl, sary, süýt reňkli ýüň sapaklar bilen dokalypdyr.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okaýan “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň talyp ýaşlarynyň çykaran kitapdyr, kataloglary hem bu sergide aýratyn orny tutýar. Olardan 5-nji ýyl talyby Aýgül Şöhradowanyň ýurdumyzda geçirilmegi däp bolan “Türkmen alabaýy” atly bäsleşik sergisiniň katalogyny işläp, onda sergä gatnaşan eserleriniň ýygyndysy maglumatlary bilen görkezilýär. Bu katalog sergä gatnaşanlaryň we türkmen alabaýyny ideg etmäge höwesjeňleriň ünsüni özüne çekýär. 5-nji ýyl talyby Nowgül Gurbanmuhammedowanyň “Arkadag şäheriniň binagärliginiň täze çeper çözgütleri” atly diplom kitabynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän Arkadag şäheriniň täze binagärlik çözgütleri yzarlanyp, ylmy kitaplara salgylanýar.

Eýýäm birnäçe ýyl bäri yzygiderli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda gurnalýan “Gujurly ýaşlar” atly sergisinde görkezilýän eserler döwrebaplylygy bilen işleniş usullary bilen tapawutlanyp halk köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň“ Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň

5-nji ýyl talyby Aýgül Şöhradowa