Gahryman Arkadagymyz “Paýhas çeşmesi” kitabynda: “Milli miras ynsan kämilliginiň gözbaşydyr, nepisligiň hem-de gözelligiň altyn täjidir” diýip milli mirasymyzyň terbiýeçilik ähmiýeti, ynsana edýän ruhy täsiri dogrusynda belleýär.
Dana hem merdana ata–babalarymyz asyrlardan – asyra, nesillerden – nesle geçirip, biz – bagtyýar ýaşlara baý hem kämil gaýtalanmajak, haýran galdyryjy we buýsanç dörediji milli gymmatlyklary miras galdyrypdyrlar. Biziň baý hem-de  milli mirasymyz umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, ony dörediji halkymyza şöhrat getirdi.
Şeýle milli gymmatlyklarymyzyň hataryna bolsa özüniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halyçylyk sungatymyzy mysal getirmek bolar. Dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan halyçylyk sungatymyz halkymyzyň naýbaşy gymmatlygy, milli buýsanjy hökmünde arzylanýar.

Haly dokmaçylygynyň inçe tärleri  dokmaçylar  tarapyndan biziň günlerimize çenli dowam etdirilipdir. Haly dokalýan gural halk arasynda sebite görä gurama  ýa-da dükan diýlip atlandyrylýar. Haly dokmaçylygynda  dokmadarak, synny, keser, temen ýaly gurallar peýdalanylýar.

Irki döwürlerden bäri dokalyp gelinýän “Guş gölli” halymyz dünýäde özüniň owadanlygy, gaýtalanmajak gözelligi şeýle hem özüniň gyzyl reňki bilen äleme meşhurdyr. Häzirki döwürde halyçy zenanlarymyz “ Guş gölli” halyny täze

döwrebap görnüşde, ýagny ak reňkde hem-de göllerini sekizburçlugyň içinde edip dokadylar. Halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda timarlanyp, nepislenip, kämilleşip gelýär. Munuň şeýledigine irki döwürde dokalan halylar bilen XX asyrda dokalan we XXI asyrda dokalýan halylar deňeşdirilende göz yetirmek bolýar. Irki döwürlerde haly önümleri öýüň bezegi bolmak bilen bir hatarda öý goşlaryny salmakda esasy esbaplaryň biri bolan bolsa, häzirki döwrümizde bezeg üçin giňden ulanylýar. Döwür özgerdigiçe, gelin-gyzlaryň el hünäriniň görnüşleri kämilleşýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edip dokalýan haly önümleri çitme we kakma görnüşlerinde dokalýar.

Türkmenlerde haly dokamagyň tärleri köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Halynyň sütüklerini emele getirmek üçin dokmaçylar iki görnüşli çitim peýdalanýarlar. Olar: ýara we düwe çitimlerdir. Ýarada çitim bir erşiň arasyndan aýlanyp , beýleki erişdenem geçirilip düwülýär. Bu çitim ýurdumyzyň

ähli künjeklerinde giň ýaýran. Ýöne ýüplükleri erişleriň arasyndan geçirmekde tapawutlary bar. Arheolog S.I.Rudenko Pazyryk halysynyň düwme, Başadyr halysynyň bolsa ýara çitilendigini ýazýar.Bu gadymy usullaryň ikisiniňem häzirki günlerimize çenli türkmen dokmaçylary tarapyndan dowam etdirilmegi halyçylyk sungatynyň ata – babalarymyz tarapyndan nesilden- nesle geçirilip gelinýändigine şaýatlyk edýär.

Şu günki gün bu medeniýet, bu miras türkmen halkynyň buýsanjydyr. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Milli haly baýramy giňden bellenilip geçirilýär. Bulardan başga-da 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda ,,Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karary bir agyzdan  kabul edildi.

Halyda türkmenleriň kalby bar. Türkmen halysy halkymyzyň jahana peşgeş beren bakylyk çaparydyr. Bu inçe sungatyň dünýä halklarynyň kalbynyň töründe orun almagynyň syry hem şundadyr.

Mahym KÖSSEKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň, Agronomçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby.