Türkmen halky diňe bir gadymy döwürlerde we orta asyrlarda däl, eýsem,
dagynyk ýaşan döwürlerinde-de öz durmuşlaryny netijeli gurmaklygy
başarypdyrlar. Ilatyň ýartysyndan gowragy oturumly, galany bolsa çarwa bolanlar.
Ykdysadyýetiň esasy ugurlary bolup ekerançylyk we maldarçylyk çykyş edipdir.
Çomur (oturumly) ilat ekerançylyk we çarwa (maldar) ilat maldarçylyk bilen meşgul
bolupdyrlar. Bu ýagdsaý ýurtdaky türkmen taýpalarynyň ählisine häsiýetli bolan.
Çomrularyň oba hojalyk durmuşy iki topara bölünipdir. Birinjiden,
ekerançylygyň ygal ýagdaýy bilen baglylygy. Eger ýyl ygally gelse, olar bugdaýyň
we arpanyň oňat hasylyny alypdyrlar. Eger ýyl gurak gelse, olaryň alýan hasyly az
bolupdyr. Çomur hojalyklarynyň ikinji toparyna derýalaryň ýakasyndaky ýerler
degişlidir. Bu ýerlerde ekerançylyk derýalaryň suwuna we suwaryş ulgamlarynyň
Halkymyzyň bütin taryhynyň dowamynda ýurdumyzda ajaýyp şäherler, binalar
gurlanlar. Binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalary bolan b. e. öňki I-III asyrlara
degişli Parfiýa döwletiniň köşkler toplumy Nusaý, Soltan Sanjaryň aramgähi, Uly
Gyzgala, Gutlug Temiriň minarasy, Törebeg hanymyň aramgähi, Daýahatyn
kerwensaraýy, Dehistanyň minaralary, Mäne babanyň we Abyl Fazylyň aramgähleri
we beýlekiler dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda mynasyp orun eýeleýär.
derýalarynyň ýakalarynda, şeýle hem Köpetdagyň gündogar etegindäki köp sanly
çeşmeleriň ugurlarynda mekan tutupdyrlar.
Türkmenleriň durmuşynda maldarçylyk hem uly orun tutupdyr. Olar öz
sürülerini ýaz, tomus we güýz aýlarynda otluk örülerde we ýazlaglarda bakypdyrlar.
Çarwalar gylýal, iri şahly mal, dowar we düýe bakypdyrlar. Özi hem köp görnüşli
mal önümlerini öz gerekliliklerinden has artykmaç mukdarda öndüripdirler. Bir
türkmen maşgalasynyň orta hasap bilen 300-den 500-e çenli dowary we sygry,
birnäçe düýesi we ýabysy, aty bolupdyr.
Hazar deňziniň kenarynda ýaşaýan türkmenler balykçylyk bilen meşgul
bolupdyrlar. Etrek, Gürgen, Garsuw we Esenguly aýlagy balyklçylygyň ösen ýerleri
bolupdyr. Balykçylygyň işewür möwsümleri güýz we ýaz aýlary bolupdyr. Ýaz
aýlarynda olar bekre balyklaryň dürli hillerini tutýardylar. Güýz aýlarynda bolsa bu
balyklardan başga-da, olar lakga, çapak we beýleki balyklary tutupdyrlar.
Türkmenler oba hojalyk we maldarçylyk önümlerinden hem-de
balykçylykdan başga-da senetçiligiň dürli görnüşleri bilen meşgul bolupdyrlar. Olar
öý hojalyk işlerinde ulanmak üçin gerek zatlaryň hemmesini diýen ýaly özleri
öndüripdirler. Türkmenleriň iň köp öndürýän önümleri ýaşalýan öý bolupdyr. Şonuň
ýaly-da olar haly, palas, horjun, torba, çuwal dokapdyrlar, at esbaplaryny, eýer,
gaňňa, howut, juwaz, meşik ýsapdyrlar, eşik, ýorgan-düşek tikipdirler. Olaryň
daşary çykaryp alyş-çalyş edýän harytlary: at keçesi, ýona, halylar, agyr çäkmenlik
(köşek ýüňünden örän ýuka dokalan eşik), goýun ýüňünden we geçi sütüginden
örülýän eşikler, dolaklar, gülli joraplar, at esbaplary, ajaýyp haly horjunlary, eýlenen
garaköli baganalary, eýlenen tilki derileri we başgalardyr.
Häzirki döwürde milli taryhy-medeni mirasyň müňden gowragy döwlet tarapyndan
hasaba alyndy. Ýurtda 8 sany taryhy-medeni döwlet goraghanalary bolup, olara:
“Nusaý”, “Köneürgenç”, “Gadymy Merw”, “Gadymy Dehistan”, “Atamyrat”,
“Köne Sarahs”, “Abywerd”, “Gökdepe galasy” goraghanalar degişlidir1
. Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy desglalryň, şeýle-de taryhy ýadygärlikleriň
20-sini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça alnyp
barylýan işler ýurtda bu meselä berilýän ünsiň ähmiýetini görkezýär. Häzirki
döwürde iri taryhy-medeni goraghanalaryň üçüsi – Nusaý, Köneürgenç we Gadymy
Merw ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň her biri
özüniň ägirt uly medeni we ylmy gymmatlygy bilen bellidir. Şonuň ýaly-da bu
ýadygärlikler toplumlary türkmen halkynyň geçen nesilleriniň döredijilik ukybynyň
ýokarylygynyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda halkymyzyň ruhy-medeni mirasyny ählitaraplaýyn öwrenmek,
nesillerden-nesillere geçirmek işine uly üns berilýar. Bu ugurda Magtymguly
Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýi bellenen 2014-nji ýylda hem-de “Mirasa sarpa
goýmak, Watany özgertmek” diýip atlandyrylan 2016-njy ýylda edilen işler aýratyn
bellärliklidir. 2014-nji ýyl Magtymgulynyň ýyly diýip yglan edildi. Bu çözgüt
TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň Ankarada (Türkiýe Respublikasy) geçirilen
XXXI mejlisinde kabul edildi. Şol ýylyň dowamynda beýik şahyryň eserleri iňlis,
ýapon, hytaý, koreý, urdu, arap, türk, fransuz, rus, belarus, ukrain, rumyn, tatar,
ermeni, gazak, özbek we dünýäniň beýleki birnäçe dillerine terjime edildi hem-de
özbaşdak neşirler görnüşinde çap edildi. 2016-njy ýylda hem halkymyzyň taryhymedeni we ruhy mirasyny öwrenmek bilen baglanşykly köptaraply işlere badalga berildi.

Merdanowa Selbi Merdanowa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň  3-nji ýyl talyby.