Sagdyn durmuş ýörelgesi — bu durmuşy peýdaly, manyly geçirmegiň, netijeli zähmet çekmegiň, bedeni taplamagyň, özüňi daşky gurşawyň zyýanly täsirinden goramagyň ýörelgesidir.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän kesgitlemesine görä, “Saglyk — bu diňe keselleriň we ten şikesleriniň bolmazlygy däl-de, beden, ruhy we durmuş abadançylygydyr”.

Beden saglygy synanyň kadaly işlemegini şertlendirýän ýagdaýdyr. Eger-de beden agzalary kadaly işlese, adam sagdyn ösýär we özüni oňat duýýar. Ruhy sagdynlyk adamyň aňyna, pikirleniş ukybyna, paýhasyna, ünsüne hem ýadyna öz täsirini ýetirýär, adamyň erkini taplaýar. Ahlak sagdynlygy adamyň jemgyýetdäki edebini kesgitleýär.

Adam ýaşlykdan diňe bir şahsy arassaçylyk kadalaryny däl, eýsem edep kadalaryny hem kemsiz öwrenmelidir. Bu terbiýe çagalykdan başlansa, gowy netije berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary çagalara bilim we terbiýe bermekde gollanma bolup durýar. Halkymyzyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde dermanlyk ösümliklerden üzärligiň, burçuň, çopantelpegiň, boýbodranyň, buýanyň, käkilik otunyň, narpyzyň we beýlekileriň ynsan saglygyna peýdasy beýan edilýär. Üzärligiň tüssesi möwsümleýin ýaýraýan ýokanç keselleriň öňüni alýar. Burç halk lukmançylygynda köp keselleri bejermekde ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýar we ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Mydama hereketde bolmak, sagdyn iýmitlenmek, wagtynda ukyňy almak, arassa howadan dem almak bedene ýakymly täsir edýär. Pasla görä geýinmek maslahat berilýär.

Sport bilen meşgullanmak ynsanyň ruhubelent bolmagyna täsir edýär. Bedeniň fiziki işjeňlikde bolmagy adamlaryň dürli kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrýar. Beýik ösüşlere beslenýän “ Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy ” ýylynda sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň ýoly bilen bizi ösüşlere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

BABAÝEWA Mähri
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 123-nji toparynyň talyby