Psihika bu ýokary gurluşdaky nerw ulgamynyň önümidir. Adamda psihikany, aňyýeti döredýän onuň beýnisidir.
Nerw ulgamy 2 sany möhüm wezipäni amala aşyrýandyr:
a) adamyň daşky dünýä bilen gatnaşygyny üpjün etmek;
b) adamyň bedeniniň ähli bölümleriniň işini sazlamak, guramak we gönükdirmek.
Adamyň ähli psihiki işleri beýnide şöhlelenip, emele gelýär. Adamyň nerw ulgamynyň gurluşy örän çylşyrymlydyr. Onuň gurluşyny düzýän neýronlardyr. Neýronyň ululygy 0,03 mm.deňdir. Neýronlaryň daşyny şahalanýan görnüşdäki dendritler we aksonlar örtüp durýandyr. Nerw süýümleri dürli uzynlykda bolup, onlarça santimetre çenli uzalyp gidýär. Adamyň nerw ulgamynda nerw biotogy emele gelip, maglumatlary sekuntda 120 metr tizlik bilen merkeze ýetirýär. Nerw süýümleriniň daşy ak ýagjymak häsiýetli bolan miýelin gabyjagy bilen örtülendir. Miýelin gabyjagy nerw oýanmasyny kesgitli ugra gönükdirmekde esasy rol oýnaýar. Nerw öýjükleri-neýronlar biri-birleri bilen “sinaps” arkaly baglanyşyk saklaýarlar. Nerw oýanmasy sinaps baglanyşygy arkaly bir öýjükden beýleki öýjüge geçýär. Nerw öýjükleriniň şeýle baglanyşykly toplumyna bolsa nerwler diýilýär. Bedeniň ähli bölümleri arkaly alnan informasiýalary, nerw oýanmasyny beýnä habar berýän nerwlere merkeze ymtylýan nerwler diýilýär. Beýniden bedeniň bölümlerine informasiýalary ugradýan bölümine merkezden daşlaşýan nerwler diýilýär. Merkezi nerw ulgamy kelle we oňurga beýnisinden durýandyr. Oňurga beýnisinde dogabitdi şertsiz refleksleriň toplumynyň merkezleri ýerleşendir. Ol adamyň bedeniniň hereket işini we içki bedenleriň işini sazlaýandyr. Beýni kelleçanagynyň içinde ýerleşip, daşky täsirlerden goraýar. Beýni ýumşak madda bolup, ol kelle çanagynyň için däki suwuklykda ýerleşýär. Beýniniň özüniň 80% düzümi hem suwuklykdyr. Beýni gan we kislorod bilen iýmitlenýär. Beýnä örän inçejik kapillýarlar arkaly gan akyp barýar. Beýni ganyň akmak derejesine örän duýgurdyr, sebäbi beýnä 15 sekuntda gan akmasy bes edilse, adam özünden gidýär, 10 minuda çenli bolsa beýni ölüp bilýär. Adamyň beýnisiniň ortaça agramy 1400 grama deňdir.
Beýni biri-biri bilen baglanyşykly bolan birnäçe bölümlerden durýandyr. Beýniniň aşaky bölümine süýri beýni degişli bolup, ol oňurga beýnisini kelle beýnisi bilen baglanyşdyrýar. Süýri beýniniň üstünde ortaky beýni, beýnijik, aralyk beýni ýerleşýär.Beýniň bu bölümleri uly ýarym şarlar bilen örtülendir. Beýnijik adamyň hereket işini we deňagramlylygyny sazlaýar.
Beýniniň ähli bölümleri hem adamyň ýaşaýşy üçin zerur bolan wezipeleri ýerine ýetirýär.
Beýniniň iň uly we ösen bölümi uly ýarym şarlardyr. Uly ýarym şarlar sag we çep taraplara bölünýär. Uly ýarym şaryň daşy örän ýukajyk 3-4 mm. çal madda bilen örtülendir. Bu ýukajyk çal madda bolsa uly ýarym şaryň gabyjagy diýilýär. Uly ýarym şaryň gabyjagynda 15 milliarda çenli neýron ýerleşip, olar dürli ululykda, görnüşde we gur luşda bolýar. Neýronlar biri-biri bilen örän jebis ýerleşýändirler.
Ýarym şar gabyjagyndaky neýronlar bölünip ýa-da köpelip bilmeýär.
Täze doglan çaganyň ýarym şarlardaky nerw öýjükleri san taýdan uly adamyňky bilen deňdir. Şonuň üçin ösüş nerwi öýjükleriniň baglany şygyna baglydyr. Adamyň ýaşy 30-35-e ýetende, neýronlaryň sany azalyp başlaýar. Alymlaryň bellemegine görä adamda gündelik 50.000-e çenli nerwi öýjügi ölüp bilýär. Ýarym şaryň gabygy pikiriň esasy merkezi hasaplanylýar.
Uly ýarym şarlar adamyň we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýşynda uly orun eýeleýär. Uly ýarym şarlar adamyň, haýwanlaryň ähli dogry hereketlerini, ýaşaýşyny emele getirýär. Munuň şeýledigini käbir haýwanlarda geçirilen barlaglar tassyklaýar. Meselem, itleriň operasiýa edilip, uly ýarym şarlary aýyrylanda, olaryň hereket etmek ukyby ýitýär. Öz ejesini tanamaýar, öňki gaýtalaýan endiklerini ýerine ýetirmeýär. Umuman, it maýyp mahluga öwrülýär. Şeýle operasiýa maýmynlarda geçirilende, ol diňe 3 aýa çenli öz ýaşaýşyny dowam etdiripdir. Uly ýarym şarlaryň üsti gasyn-gasyndyr. Keşler, çuňluklar, gabygyň üstüni 2000-sm-2 çenli köpeldýändir. Her bir ýarym şarlar keşler boýynça maňlaý, depe, çekge we ýeňse bölümlere bölün ýär ler.
Adamda maňlaý bölümi uly ýarym şaryň 29%-ni, maýmynda 16%-ni, itde 7%-ni, pişiklerde bolsa diňe 3%-ni tutýar. Uly ýarym şaryň bu bölümine zyýan ýetende adamyň ähli aňly, pikirli hereketleri üýtgeýär. Ol ýönekeýje päsgelçilikleri hem ýeňip geçip bilmeýär. Adam garaşylmadyk islendik hereketleri ýerine ýetirmäge ym tyl ýar. Uly ýarym şaryň gabygy duýujy we herketlendiriji bölümlere bölünýärler.
Duýujy bölüme ähli duýuş synalaryndan, deriden myşsalaradan, içki synalardan impulslar gelýärler. Duýujy bölüminiň neýronlary oýananda bolsa duýuş emele gelýändir. Ýarym şaryň ýeň se bölüminde görüş merkezi ýerleşýär. Bu merkeze şikes ýetende, adamyň kadaly görşi bozulyp bilýär. Çekge böleginde eşidiş merkezi ýerleşýär. Eger bu merkeze zyýan ýetende, adam sesleri aýyl-saýyl edip bilmeýär. Uly ýarym şaryň gabygynyň merkezi keşiniň öň ýanynda hereketlendiriji bölüm, yzynda bolsa deri-myşsa duýuş merkezi ýerleşýär. Hereketlendiriji merkezdäki neýronlaryň oýanmagy bilen adamyň ähli hereket işi amala aşyrylýar. Uly ýarym şaryň gabygynyň bölümleri bir bitewi ýaly işläp, adamyň psihiki işjeňliginiň material esasy bolup durýar. Adamyň ýat tutmagy, sözlemegi, pikirlenmegi, üns bermegi, duýmagy ýaly ähli psihiki işleri uly ýarym şarlaryň gabygy bilen baglanyşyklydyr. Adamyň daşky gurşaw bilen özara täsir etmeginiň esa sy görnüşi refleksdir. Adamyň merkezi nerw ulgamy arkaly amala aşyrylýan gyjyndyryjylara bedeniň jogap gaýtaryş reaksiýasyna refleks diýilýär. Refleks mahalynda nerw impulsynyň geçýän ýoluna reflektor dugasy diýilýär. Reflektor dugasy 3 bölüme bölünýär:
a) duýujy bölüm;
b) merkezi bölüm;
ç) hereketlendiriji bölüm.
Reflektor dugasy reseptorlardan başlanýar. Adamyň duýuş synalaryndaky her bir reseptorlar informasiýalary (sesi, ysy, ýagtylygy, temperaturany) kabul edýärler we signallar impulsyna öwrülýärler. Nerw impulsynyň elektrik tebigaty bolup, neýronlaryň uzyn ösüntgileri boýunça örän çalt ýaýraýarlar. Nerw impulslary merkezi nerw ulgamyna geçýärler. Soňra impulslar merkezi nerw ulgamyndan here ketlendiriji ýol arkaly iç synalaryna barýarlar. Adamyň refleks işi dürli-dürli bolýarlar. Olaryň käbirleri örän ýönekeý bolýarlar. Meselem, elimize gyzgyn predmetiň täsir etmegi, gözümize awuşadyjy maddalaryň düşmegi we ş. m.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy Öwezowa Şemşat