Türkmenistanyň iň esasy ýerasty baýlygy nebit we gaz bolýar. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, ýurduň çäginiň dörtden üç böleginiň nebit we gaz babatdaky geljegi uludyr. Häzirki güne çenli ýurdumyzda nebit we gaz babatda geljegi uly düzümleriň müňden gowragy ýüze çykaryldy, ýataklaryň 150-den gowragy açyldy, olaryň diňe 50-sinde işlenilýär. Uglewodorodlaryň başlangyç umumy gorlary 15 milliard tonnadan gowrak şertli ýangyja barabar diýip çak edilýär. Bu ýerde ýedi sany iri gazly topar: Günbatar Türkmenistan, Merkezi Garagum, Böwrüdeşik-Hywa, Türkmenabat, Üňüz aňyrsy Garagum, Murgap hem-de Garabil-Bathyz bölünip görkezilýär. 2008-nji ýylda ”Gaffney Cline Associates” iňlis kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan Amyderýanyň basseýninde geçirilen halkara auditiniň netijesinde Gündogar Türkmenistanda açylan Günorta Ýolöten-Osman tebigy gaz ýatagy özüniň gorlarynyň möçberi boýunça dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň bäşligine giryänligi tassyklandy.

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisi bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmenistanyň çäginde Tüwergyrda, Uly Balkanda, Köýtendagda daşkömrüň çykýan ýerleri bar. Tüwergyrda ol galyňlygy 0,3 metrden 2 metre çenli bolan birnäçe gatlaklardan durýar. Geçirilen gözleg-barlag işleri netijesinde Gyzylgaýa we Çagyl obalarynyň aralygynda 10 metre çenli galyňlykda kömür gatlaklarynyň barlygy anyklandy. Umuman, Tüwergyr sebitlerinde 2 milliard tonna çemesi kömür bar diýip çaklanýar.

Tüwergyrda, Köýtendagda we beýleki käbir ýerlerde paleogen çökündileriň arasynda margensiň birleşmesi duş gelýär. Köýtendagda linza we ştok görnüşinde gurşunyň we sinkiň gorlary bar. Bu ýerde mis we bariý magdanlary hem duş gelýär. Barlaglar netijesinde simap almak üçin çig mal bolan kinowaryň çykýan 200-e golaý ýerleri anyklandy. Simaply minerallar Köýtendagda, Uly Balkan daglarynda duş gelýär.

Nebit senagatynda, nebit-gaz gözleg işlerinde giňden ulanylýan bentonit toýnunyň ýataklary hem ýurdumyzda bar. Ol Balkanabadyň demirgazygynda Oglanly diýen ýerden 1930-njy ýylda tapyldy. Bentonit toýny gatlak görnüşinde bolup, paleogen çökündilerinde bolýar. Ol nebit işlenilende ondan alynýan önümleri arassalamaklyk üçin ýokary hilli adsorbent bolup hyzmat edýär. Şonuň ýaly hem ol metal eretmek işinde galyp materiallaryny we buraw işlerinde toýun laýyny taýýarlamak üçin ulanylýar. Ýurtda ýura döwrüniň çäge-toýun çökündileriniň düzüminde boksit hem duş gelýär. Ol alýuminini almaklyk üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň çäginde çökgündi gatlaklarda karbonat jynslary (dolomitiň hek daşlary, mergeller, mel), sulfatlar (zylça, angidrit, özünde zylça saklaýan jynslar), toýunlar, oda çydamly toýunlar, çäge daşlary, kwars çägeleri, jyglym-çagyl minerallary we başgalar giň ýaýrandyr. Käbir ýerlerde granit, porfirit, andezit, bazalt we beýleki çogup çykýan jynslaryň ýeriň ýüzüne çykýan ýerleri bar. Olaryň köpüsi gurluşyk hajatlary üçin giňden ulanylýar. Keletede, Babadurmazda, Baharlyda bar bolan paleogen daşly çägeler aýna öndürmek üçin ýaramlydyr. Olardan başga-da Türkmenistanda mineral reňkler, bezeg daşlary (olaryň iň owadany Garlyk gowagyndaky we Köpetdagdaky “onuks”) bar.

Türkmenistan kükürde, nahar we kaliý duzlaryna, natriý sulfatyna (mirabilite), magniý duzlaryna, ozokrite, ýoda, broma baý. Onuň çäginde mineral duzlaryň ähli görnüşleri diýen ýaly duş gelýär. Garabogazkölde natriý sulfatynyň, bişofitiň, epsomitiň ägirt uly mukdary bar. Şonuň ýaly-da bu ýerde magniý, stronsiý, rubidiý, bor, brom we başga seýrek duş gelýän elementler hem duş gelýär.

Türkmenistan nahar duzuna örän baý. Iň uly duz känleri Hazar boýundaky Guwluköl, Jebel stansiýasynyň golaýyndaky Babahoja, Günorta-Gündogar Türkmenistanda Soltan Sanjar hem-de Magdanly känleridir. Başga ýerlerde hem nahar duzunyň köp mukdary bar.

Ýerasty we mineral suwlar hem Türkmenistanda gazylyp öwrenmeklik, şäherleri we obalary arassa agyz suwy bilen üpjün etmeklik meselesi ýurt üçin wajyp meseleleriň biri bolýar. Ýerasty süýji suwlar, esasan, Köpetdag, Uly Balkan, Köýtendag sebitlerinde emele gelip, olar özünden suwy gowy geçirýän, ýuranyň we meliň kem-kesleýin jaýryk ýatan jynslarynda saklanýar. Ol suwlar Aşgabadyň, onuň töwerekleriniň we başga onlarça ownuk-iri şäherleriň, şäherçeleriň senagat, jemagat, oba hojalyk suw üpjünçiligine bolan hajatlaryny kanagatlandyrmaga uly goşant bolup hyzmat edýär. Derýalaryň ýakalarynda we Garagum derýanyň zolagynda süzgüjiň esasynda emele gelen ýerasty süýji suwlar hem suw üpjünçiliginde peýdalanýar. Duzly suwlaryň üstünde “ýüzýän” linzalar görnüşinde bolan süýji we çala şorlaşan ýerasty suwlary Garagum çöllüginde hem bar. Şeýle linzalaryň birinde, ýagny Ýasga linzasynda geçen asyrda Günbatar Türkmenistanyň birentek şäherleriniň senagatyny suw bilen üpjün edýän suw ýygnaýjy desga guruldy. Bu ýerde süýji suwy-da, şor suwy-da bir wagtda çykarmak üçin goşalandyrylan guduklardan peýdalanyldy. Munuň özi süýji we onuň aşagyndaky şor suwuň gatyşyp çykmagyna mümkinçilik bermeýär we şol linzany uzak wagtlap peýdalanmaga esas döretdi. Türkmenistanda termal suwlar hem kän. Olara kesel bejeriş ähmiýeti bolan, senagatda olardaky komponentleri saýlap alyp boljak, şeýle hem energetika maksatlary üçin ulanyp boljak termal suwlar girýär. Alynýan gymmatly zatlaryň biridir, sebäbi suw baýlyklary biziň ýurdumyzyň hiç bir zat bilen deňäp bolmaýan baýlygydyr. Yssy we gurak klimat, ygalyň az ýagmagy, çäginiň geologik we tektonik gurluşynyň çylşyrymlylygy ýerasty suwlaryň emele geliş, ýatyş we akyş şertlerini kesgitleýär hem-de has minerallaşan ýerasty suwlaryň toplanmagyna esas bolýar. Şonuň üçin ýerli suw baýlyklaryny öwrenmeklik, şäherleri we obalary arassa agyz suwy bilen üpjün etmeklik meselesi ýurt üçin wajyp meseleleriň biri bolýar.

Türkmenistanyň mineral suwlaryny öwrenmek we amaly taýdan ulanmak häzirki döwürde giň gerime eýe bolýar. Amaly taýdan bejeriş maksatlary üçin Türkmenistanyň artezian basseýnnlerinde, şeýle hem Köpetdagyň ýygyrtly ýerlerinde, Uly Balkanda we Köýtendagda giň ýaýran sulfatly, kükürtwodorodly suwlar peýdalanylýar. Sulfadly suwlaryň iň giň ýaýranlary hlorid natrili, gidrokarbonat-sulfat-hlornatrili suwlardyr. Çuň gorizontlardaky ýerasty suwlaryň düzüminde senagat maksatlary üçin ulanylýan ergin haldaky elementler bar.

Türkmenistanda, esasan, onuň ýygyrtly ýerlerinde ýod-bromly, demirli, magnili we başga goşundyly suwlar kän. Hazar we Boýadag känlerinden çykýan mineral suwlaryň esasynda ýod-brom zawodlary işleýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Agamyradow Nazar