Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň döredijiligini dünýä ýaýmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek baradaky başlangyç ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň göwün guşuny ganatlandyryp, kalbyna şatlyk nuruny çaýýar.
Şahyryň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi düýpli goýulýar. Akyldar şahyr aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmek ugrunda zähmetini, ylhamyny gaýgyrmaýar. Magtymgulynyň halk diliniň baýlygyny ussatlarça ulanmagyna, milli ruhy gahrymany orta çykarmagyna Döwletmämmet Azadynyň mekdebini geçenligi aýdyň şaýatlyk edýär.
Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar. Ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny şöhratlandyran ussatdyr. Beýik söz ussadynyň ajaýyp goşgulary ähli halklar üçin ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär.
Magtymguly Pyragy diňe türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, türk, rus, özbek, gazak, gyrgyz, azerbaýjan, täjik, tatar, başgyrt we beýleki halklarda-da, Eýran, Owganystan, Wengriýa, Angliýa ýaly ýurtlarda hem tanalýar. Bu halklaryň dilinde Magtymgulynyň aýry-aýry şygyrlarydyr şygyr diwanlary dürli ýyllarda neşir edildi.
Amanowa Nurana
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny
mehanizmleşdirmek fakultetiniň
2-nji ýyl talyby