Ir döwürde adalatly hem parasatly patyşa bolupdyr. Ol öz ýurdunyň raýatlary üçin adyl permanlary çykaryp, olaryň bolçulykda ýaşamagyny, ýurdunda parahatçylygyň höküm sürmegini gazanypdyr. Şonuň üçinem bu ýurduň halky öz patyşasyna çyn ýürekden hormat goýar eken. Günleriň birinde ol ähli akyldarlaryny, ulamalaryny, tebipleridir beýleki emeldarlaryny huzuryna çagyryp, kimde-kim, uzak ýaşamagyň syryny aýdyp berse, oňa gymmatly halat-serpaý ýapjakdygyny hem-de şol adamy köşkde uly wezipä bellejekdigini aýdyp, indiki anna gününe çenli il arasynda bu syryň çözgüdini biljek kişiler bar bolsa olary hem öz huzuryna getirmegini tabşyrypdyr.
Bellenen güni patyşanyň huzurynda halat serpaý almak maksady bilen birnäçe akyldarlar, parasatly kişiler peýda bolupdyr. Her kim öz nobatynda patyşanyň sowalyna içgin jogaplary berip, onuň göwnünden turmak isläpdir. Jogaplaryň hiç birinden patyşanyň göwni suw içmändir. Şol wagt onuň nazary adamlaryň yzyragynda olaryň gürrüňini diňläp sesini çykarman, düşegiň gülli nagyşlaryny sypap oturan bir ýaşula düşüpdir. Patyşa bu gojanyň pikirini eşidesiniň gelýändigini aýdanda ol özüne gelşip duran ak sakgalynyň ujuny çala sypalap, şeýle diýipdir:
Tagsyrym, uzak ýaşamak diýmek, meniň pikirimçe, diňe dünýä inip, bu ýagty jahanda döwran süren wagtyň bilen kesgitlenmeýär. Eger ynsan bu düýäde ýaşan döwründe adamlaryň möhümini bitirip, olaryň köp alkyşyny alsa, halkyna hyzmat edip, köpri gurmak, guýy gazmak, çagalara sowat-terbiýe bermek, il bähbitli binalary galdyrmak ýaly sogap işleri etse, onuň ady diňe öz ýaşaýan döwründe däl-de, geljekki nesilleriňem dillerinde sena bolup, asyrlardan asyrlara aşar. ,,Alkyş bilen är gögär” diýen nakyl ýöne ýerden dörän däldir. Şeýle ýagşy kişileriň ady il arasynda näçe uzak ýyllap ýagşylykda ýatlanyp dursa, olaryň şonça-da uzak ýaşadygy bolar.
Bu parasatly gojanyň jogabyndan göwni suw içen patyşa wezirlerine oňa halat-serpaý ýapmagy buýrupdyr. Özüni-de köşkdäki zehinli çagalara bilim berilýän medresä ýolbaşçy edip belläpdir.

Gülruh KURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň, Agronomçylyk fakultetiniň 
Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 2-nji ýyl talyby.