Kebelegiň aşgazany ýok.
Täze dünýä inen piljagazyň agramy 100 kilograma barabar. Piller gulaklaryny kakyp, öz çagalaryny ýanyna çagyrýarlar.
Gök kitleriň dili 4 tonna töweregi bolup, uly bir piliň agramyna deň diýmekdir. Kitler iki sagatlap dem alman saklanyp bilýärler.
Towşanlar aýagyny ýere kakmak bilen, howply ýagdaýyň bardygyny duýdurýarlar.
Suwlyk ýerlerde ýaşaýan uzyn gyzyl injikli guş-gyzylinjigiň açlygyny ýa-doklugyny onuň ýeleklerini synlap biläýmeli. Eger guş aç bolsa, onuň gülgün ýelekleri çal öwsüp başlaýar. Deňiz leňňeçleri we suwotulary bilen iýmitlenýän gyzylinjigiň ýelekleriniň gülgün öwüsmegi onuň iýýän iýmitleri bilen baglydyr.
Ördekleriň “gak-gak” sesleri hiç wagt ýaňlanmaýar.
Piller günüň 23 sagadyny iýmek bilen meşgullanýarlar.
Balykgulaklaryň gulaklary ýokdur.
Ähli öýdeçi pişikler limony halamaýarlar.
Sygyrlar we atlar dik duran ýerinde uklap bilýärler.
Büreler boýlarynyň 20 esse beýikligine böküp bilýär.
Dünýädäki iň güýçli jandar kerk tomzagydyr. Ol öz agramyndan 850 esse bolan agyrlygy itekläp bilýär.
Towşanlar sagatda 70 kilometr tizlige ýetip bilýär.
Möýleriň 8 sany aýagy we 48 sany dyzy bar.
Hažžyklar gopan guýrugyna derek täzeden guýruk çykarýarlar.
Hameleonlar dillerini bedeniniň uzynlygy ýaly uzadyp bilýärler.
Gök kitleriň ýaňy dünýä inen çagalary 7 tonna agramda bolýar.
Ýylanlar hemişe ösýändigi sebäpli, öz hamyny çalşyp durýarlar.
Pingwinler diňe günorta ýarym şarda ýaşaýarlar.
Polýar aýylary çepbekeýdirler.
Uly ak akulalaryň ortaça 300 sany dişi bar.
Samyrlar demlerini 45 minut saklap bilýärler.
Atlaryň gözleri biri-birlerine garaşsyz ýagdaýdadyrlar. Olaryň her gözi aýratynlykda bir jisimi görmäge ukyplydyr. Şeýlelikde, atlar şol bir wagtyň özünde öňüni, yzyny hem gapdallaryny görüp bilýär.
Süýdemdirijileriň arasynda afalina delfini uzaklyga bökmekde ussatdyr. Ol oýun edip 6 metr belentlige-de böküp bilýär.
Möýüň kerebi diýseň täsindir. Alymlaryň pikirine görä, möýüň kerebi ýeriň magnit meýdanyny üýtgedýär diýip çaklanylýar. Şol sebäpli, köp mör-möjekler ony görmän, möýüň kerebine aňsatlyk bilen düşýärler.
Tenker atly kirpi agaçda ýaşaýar.
Hudaýaty jellesini doly aýlap bilýän ýeke-täk mör-möjekdir.
İrlandiýada, İslandiýada, Grenlandiýada we Antraktidada hiç hili ýylan ýokdur.
İň uly pyşdylyň çanagy 1,8 metre golaý bolup, oňa 4 uly adam arkaýyn ýerleşip bilýär. Oňurgalylaryň arasynda bu pyşdyllar iň köp ýaşaýan jandar hasaplanylýar.
Geçigaplaň beýleki pişikler maşgalasynda bolan ýyrtyjylardan tapawutlylykda, öz almaly awuna bukudan däl-de, eýsem, açyk, aýgytly ýagdaýda hüjüm edýär. Ol awuny kowalaýan mahaly tizligini sagatda 110-115 kilometre ýetirmäge ukyplydyr. Alymlar onuň tizligini sagatda 75 kilometr artdyrmaga 2 sekundyň ýeterlikdigini aýdýarlar. Şeýle-de, geçigaplň islendik pursatda kowgynyň ugruny üýtgedip bilýär, sebäbi onuň penjeleriniň dyrnaklary berkdir we oňurgasy maýyşgakdyr. Onuň çakgan hereketi 20 sekunt dowam edýär. Ýyrtyjy hut şol wagt aralygynda ýa-ha awuny alýar, ýa-da kowgyny bes edýär.