Jawanşir Intikam Ýaşar oglu 1990-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gädäbäý etrabynda dünýä indi. 1997-2008-nji ýyllarda Gädäbäý etrabynyň Çopankent obasyndaky orta mekdepde, 2008-2012-nji ýyllarda Azerbaýjan uniwersitetiniň filologiýa fakultetinde okap bakalawr derejesini aldy. 2012-2013-nji ýyllarda bolsa Watan öňündäki harby gullugyny birkemsiz ýerine ýetirdi.
Intikam Ýasar metbugatda dürli mowzukdaky makalalar bilen çykyş edýär. Makalalary Azerbaýjan Respullikasynyň «Ulduz» («Ýyldyz») «Yazı» («Ýazgy») žurnallarynda, «Ədəbiyyat» («Edebiýat»), «Aydın yol» («Aýdyň ýol»), «525-ci qəzet» («525-nji gazet»), «Kaspi» gazetlerinde yzygiderli çap edilýär. 2012-nji ýylda şahyryň «İlk görüş» («Ilkinji ýygnak») atly şygyrlar kitaby neşir edildi. Şeýle hem, 2016-njy ýylda «…və susarsan» («… we siz dymýarsyňyz»), 2018-nji ýylda «Evdə yoxam» («Öýde ýokkam») atly şygyrlar kitaplary neşir edildi. Azerbaýjan Ýazyjylar birleşiginiň «Iň gowy şygyr» bäsleşiginiň ýeňijisidir.
Intigam Ýaşar, 2009-njy ýyldan bäri Bütindünýä Türki halklarynyň ýaş ýazyjylar bileleşiginiň agzasy, 2013-nji ýyldan bäri Azerbaýjan Mejlisiniň agzasy, 2016-njy ýyldan bäri Azerbaýjan Mejlisiniň başlygynyň orunbasary wezipelerini ýerine ýetirýär. Ol Bütindünýä Türki halklarynyň ýaş ýazyjylar bileleşigi tarapyndan durmuşa geçirilen köp sanly taslamalarynyň ýolbaşçysy boldy. 2018-nji ýylda Özbegistanyň Samarkand şäherinde guralan «Samarkand şygyr agşamlary» atly halkara çäresinde Azerbaýjana wekilçilik etdi we 2019-njy ýylda Bütindünýä Türki halklarynyň ýaş ýazyjylar bileleşiginiň wekili hökmünde Özbegistanyň «Ýaş döredijiler birleşigi» guramasy bilen Hyzmatdaşlyk hakyndaky Memoranduma gol çekdi.
Intigam Ýaşar Azerbaýjan Ýazyjylar birleşiginiň hem agzasydyr. Ol 2015-nji ýylda Azerbaýjanyň Prezidentiniň pul baýraklary gaznasynyň pul baýragy bilen sylaglandy. Şeýle hem, 2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Bütindünýä Türki halklarynyň ýaş ýazyjylar bileleşiginiň başlygy wezipesine saýlandy. Şahyryň goşgulary ýerli türki dile uýgunlaşdyrylyp, Özbegistanda, Türkiýede, Gazagystanda neşir edilýän žurnallarda we antologiýalarda çap edildi, şeýle hem rus, iňlis we belorus dillerine terjime edildi.
Sylaglary we Prezident pul baýraklary:
- 2015-nji ýylda Azerbaýjanyň Prezidentiniň pul baýraklary gaznasynyň pul baýragy bilen sylaglandy.
- 2015-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrliginiň «Gənclər mükafatı» («Ýaşlar baýragy») bilen sylaglandy.
- Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň pul baýragy bilen sylaglandy.
- 2019-njy ýylda oňa Azerbaýjan Ýazyjylar birleşigi tarapyndan döredilen «Uğur» («Üstünlik») baýragy bilen sylaglandy.
- 2023-nji ýylda Türki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň Molla Penah Wakif medaly bilen sylaglandy.
Topraklaryň Watan bolan tarapy
Topraklaryň Watan bolan tarapy
gan azlygyndan ezýet çeker hemişe.
Ganyny topraga berer öwlatlar,
Soňky jümlesine deňiç…
Ne ýagşy, bütün gan gruplary torpaga düşse.
Takatsyz Watanyň üstüni örtmese,
buluda düşer, agaja düşer, ýapraga düşer…
Yogsa…
Şekil
Sen eý mazar daşa sereden şekil,
Dünýäge bakmakdan ýorulmadyňmy?
Bärden bolup-geçene aklyň çatmaza,
Dişini gysmakdan ýorulmadyňmy?
***
Bir gelip tozuňy süperen-de ýok.
Sen kimdiň, näm bolduň – mundan kime nä?
Belki, bir islegiň, bir arzuwyň bar,
Utanma, çekinme, gel-de, aýt maňa.
***
Owallar bir zenan görerdim çendan,
Gelip daýanardy bolup ýüzbe-ýüz.
Diýer sen, ol-da hiç gelip görenok,
Nä diýdiň, gadryňa diýdi haýsy söz.
***
Belki, o zenan da göçdi dünyäden,
Göçende, görensiň, nirden göründi?
Ýakyn, başga ýerde depin etdiler,
Oň şekli ýakyn bir ýerde göründi.
***
Ýene ýagyş ýagýar bu boş şähere,
Yene agaçlaryň dogasy çyndyr.
Adamsyz şäherde bir agaç bolmak,
Suwsuz sähralardan örän çetindir.
***
Miwesi kölege, kölegesi miwe,
Basylan ömrüňden bir güni ýog-a,
Bu agaç bagtyndan haçan yarylar?
Öwrenip umydy heý boşa çykar.
***
Asman… umyt ýeri… soň güman ýeri,
Asman el uzadar ýerdäkilere…
Ýary ýolda galmaz gökden gelenler,
Giç de bolsa çatar yerdäkilere.
Üşeýän heýkel
Üşeýän heýkelem ýagşyň astynda,
Synamda ýürek ýok, çoýunar janym.
Kim aýak saklayar, kim hal soraşar,
Adamsyz şäherde adam dört ýanym.
***
Gözümden müň sowal tuşlanar göýä,
Sowal ýagyşy bilen jogap bererin.
Ýagyş astynda galmak bilerin nedir,
Taňry, men saňa kän azap bererin.
***
Meniň bagyşlanmak islegim ýokdur.
Son nokat toprakdy, daşdy uzagy.
Bir gün biri çykyp soraram belki,
Näme ýagyş astynda goýduň köşegi.
Bir pursat Watan gözlär
Bu serçeler iým gözleýär,
Taňrynyň ýanyndan inip ýanyma.
Soňky umyt, güman kimin,
Gondylar eýwanyma.
***
Bary bir wagt serçe bolar,
Bary uçurdan gözlär.
Bir parça toprak gözlär,
Bir pursat Watan gözlär.
***
Düşer özünden habarsyz,
Ýelek-ýelek ganatlary.
Ýolar ýagyş ganatlary,
Ýolar şemal ganatlary.
***
Ýüregime daman kimin,
Ne ýagşy, däne sepmişdim.
Meni görüp uçardylar,
Dänäni düýnden sepmişdim.
***
Bary bir wagt serçe bolar,
Bary uçurdan gözlär.
Bir parça toprak gözlär,
Bir pursat Watan gözlär.
Azerbaýjan dilinden türkmen diline terjime eden: Toýly Jänädow