Bütin türkmen halky her ýylda beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragyny hormatlap, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly dabara bilen giňden belläp geçýär. Magtymguly Pyragy, takmynan, 1724-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen, ýola goýulan asylly däbe görä, beýik akyldarymyzyň dogduk mekany bolan Gerkez obasynda, tebigatyň ajaýyp Sumbar jülgesinde şygryýetiň, halk döredijiliginiň baýramçylygy her ýylda uly dabara bilen geçirilýär.

Akyldar şahyryň öçmez-ýitmez eserleri asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy mirasyna öwrülip geldi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy dünýä medeniýetiniň genji hazynasyna uly goşant goşandyr. Onuň üç asyr mundan ozal döreden gymmatly eserleri bu günki günde hem özüniň gymmatyny ýitirmän, eýsem dünýä halklaryny bir supra çagyryp, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup hyzmat edýär. Çünki Beýik şahyryň eserlerinde umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklary, mähriban Watanyna, öz halkyna wepalylyk, päklik, gözellik, halkyň döredijilik güýjüne ynam öz beýanyny tapýar.

Magtymgulynyň şygryýeti giden bir umman bolup, ony dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek ugrunda giňden tagallalar edilýär. Şonuň üçin akyldar şahyrymyzyň dünýä halklarynyň dillerine terjime edilen eserleri olarda uly gyzyklanma döredýär.

Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy halkymyzyň asuda, parahat hem-de agzybir durmuşda ýaşamagy ugrunda göreşen beýik şahsyýetleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň arzuwlary we pelsepeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler bilen sazlaşýar.

Beýik akyldaryň döredijilik ýoly, pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary, ili agzybirlige, watansöýüjilige çagyrýan öwüt-ündewli şygyrlary biziň şu günlerimize gelip ýetmek bilen, häzire çenli edebiýatçylar tarapyndan öwrenilýär. Şahyryň her bir setiri çuň mana ýugrulan şygyrlaryny okanyňda, onuň ilki bilen bir il bolmak, agzybir bolmak ugrunda tagalla edendigini görmek bolýar. Magtymguly Pyragy il-gününi, Watanyny diňe bir söýmek bilen çäklenmän, onuň özbaşdaklygyny saklamak, gerek bolsa janyňy gurban etmek ýaly watançylyk pikirleri hem öňe sürüpdir. Şonuň üçin ol goşgularynda her ýigidiň edermenligini, mertligini Watanyň, il-halkyň bähbidi bilen içgin baglanyşdyrýar. Ol halkyň erkin durmuşy ugrunda gaýratly göreşen ýigitleri wasp edip, gara nebislerine hyzmat eden namartlary, gorkaklary bolsa ýazgarýar.

Aýjan ANNAGELDIÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby