Gün tutulmasynda Aýyň Güni gizläninde, käbir haýwanlar gysga gije diýip pikir edýärler, emma, käbirleri alada bilen hereket edýärler ýa-da asmana aňkaryp seredýärler.
Doly gün tutulmagyny duýmazlyk ýa bilmezlik mümkin däl – Günüň tegelegu Aý bilen doly örtülýär, onuň kölegesi ýer ýüzüne geçýär, temperatura peselýär. Hatda haýwanlaram ony duýýan ýaly, dünýädäki gözlegçiler olaryň nähili muňa nähili garşylyk bildirendiklerini öwrendiler. Gözlegçiler gün tutulmagy wagtynda ýabany gippopotamlardan başlap, haýwan itlerine çenli her dürli haýwanlary synladylar. Käbir düýpli gözlegler dünýäniň haýwanat baglarynda geçirildi.
Şol haýwanlaryň köpüsi, günüň Aýyň aňyrsynda doly gizlenen döwri, gijäniň bir wagtydyr öýdýärler. Bu, daşarda islendik ýerde Gün tutulmagyna şaýat bolanlar üçin uşlaryň we mör-möjekleriň ümsüm bolup, höwürtgelerini gözleýändikleri geň galdyryjy bolup bilmez, bu köp asyrlardan bäri mälimdir.
Gorillalar, adatça, bütin gün howluda aýlanýarlar, soň bolsa gije içerik girýärler, haçanda tutulma wagty olar gapylara tarap we näme üçin hiç kimiň olaryň içine girmegine rugsat bermeýändigine geň galdylar we guşlar bolsa höwürtgelerine girdiler.
Doly tutulmadan gutaransoň, gorillalar we guşlar gündizki meşullanýan işlerine gaýdyp geldiler. Geçmişde geçirilen barlaglarda doly gün tutulma wagtynda möýleriň umumylykda öz kereplerini düşürýändikleri we ýer ganatlaryň bolsa gündizki dynç alýan ýerlerinden daşyna çykýandygy anyklanyldy.
Birnäçe haýwan düýbünden täze hereketleri ýerine ýetirdi – käbir Galapagos pyşdyllary gün tutulmagynda tutulanda jübütleşip başlady we jemi geçenden soň olaryň hemmesi asmana aňkaryp galdylar. Gippopotamuslar bolsa, gün tutulmagyň iň ýokary derejesinden soň hem gaharly bolandyklaryny ýüze çykdy.
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň
talyby Şamyradowa Maftuna