Pamir-altaý dag ulgamynyň günorta-demirgazyk üýtgeşmelerini emele getirýän Türkmenistanyň günorta gündogar böleginde Köýtendagyň dag gerişleri uzap gidýär. Ol biziň ýurdumyzyň iň belent dag gerişleri bolmak bilen, onuň iň belent nokady bolan Aýrybaba 3134 metre ýetýär. Ýura hek daşyndan emele gelen bu adaty bolmadyk owadan, kert gaýaly daglar çuňňur we daragyk jülgelere eýedir. Jülgäniň düýbünde çuňňur içi suwly jyglym daş düşelgi jarlar geçýär, onuň käýerlerinde ýaz otlary, ýowşan, şora we dele ösüp otyrlar. Köýtendag jülgeleri adatça suwsuz bolýar, diňe olaryň birnäçesinde tomsuň ortalaryna guraýan uly bolmadyk çeşmejikler bolýar. Bu ýeriniň ösümlik dünýäsi birnäçe gaýada ösýän ösümliklerden – ýarym gyrymsy ösümliklerden we ownuk otlardan ybaratdyr. Gaýalardan akýan çeşmeleriň suwlarynyň syçraýan ýerlerinde seýrek duş gelýän gökje näzijek paporotnik gabat gelýär. Bu ýerde, dag gerişleriniň eteginde türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsinde seýrek duş gelýän we Köýtendagyň esasy ösümligi bolan – Merkezi Aziýada iň iri tebigy arnap tokaýlygy ýerleşýär. Onda uly we birnäçe ýüz ýyl ýaşly baglaryň iki müňsi hasaba alnandyr. Ýerli ýaşaýjylar bu ýernini öňden bäri mukaddes ýer hasap edýärler. Onuň döreýşi bilen baglanyşykly täsin rowaýat hem bar. Bu rowaýata görä örän gadym zamanlarda bu sebitlere ýaşuly syýahatçy gelipdir. Dynç almak üçin ol çeşmäni we yssy howadan goranmak üçin saýaly bagy gözläpdir. Ýone golaý-goltumda ne suw bolupdyr, ne-de bag bolupdyr. Şonda ol hasasyny ýere dürtüpdir. Hasanyň dürtülen ýerinde bu ýerleri üçin adaty bolmadyk bag ösüp ýetişipdir, onuň golaýyndan bolsa dag çeşmesi atylyp çykypdyr. Köp wagtyň geçmegi bilen bu ýerde ajaýyp tokaýlyk emele gelipdir…

Arnap – örän seýrek duş gelýän we Türkmenistanyň dag ösümlik dünýäsi üçin adaty bolmadyk hytaý hurmasy, ýuýuba, fransuz garalysy ýa-da zizifysy ýaly bag görnüşi bolup, özi bolsa garatikenliler maşgalasyna degişlidir. Aprel- maý aýlarynda bagyň tikenli şahalarynda altynsow-sary reňke basyrylýar, süýji tagamly örän ysly ýyldyzjyklar şekilli gülleri bolýar, iýul aýyndan başlap sentýabr aýyna çenli miwesi emele gelip başlaýar. Ösüş baldaklary öz ösüşini güýze doly tamamlaýar, miwesi ýygylandan soňra bolsa miweli şahalar guraýar. Şonuň üçin hem dendrologlar we botanikler bu daragty ýapragy düşýän diýip atlandyrman, şahasy düşýän diýip atlandyrýarlar. Sentýabr aýynda ýetişen miwesi etlek bolup, içi şänikli al-gyzyl reňkde miwesi bolýar. Ýerli ýaşaýjylar bu agajy arnap diýip atlandyrýarlar.

Hakykatdan hem, bu daragtyň miwesi bejeriş aýratynlyklaryna eýedir. Muňa gadymy lukmançylyk ýazuw çeşmeleri hem şaýatlyk edýär. Ibn Sina hem arnabyň öýken kesellerini, döş agyrylaryny, böwrek kesellerini bejerýändigini ýazyp geçipdir. Tibet lukmançylygynda zizifus – on sany iň gymmatly derman ösümlikleriň biridir diýlip aýdylýar. Ondan her dürli bejeriş serişdelerini – jöwheri, mazlary, çaý toplumlaryny taýýarlamak üçin hökmany häsiýetlere girýän ösümlik hökmünde aýdylýar. Häzirki wagtda bu bag ösümligi güýçli täsir edýän dermanlyk häsiýetleri bolan ösümlik dünýäsiniň wekilleriniň hataryna girýär. Özi hem, onuň aňrybaş dermanlyk häsiýetli daglyk ýerlerinde ösýän çig maldygyny synag taýdan tassyk edildi. Şonuň üçin hem gadym wagtlardan bäri bu dag ösümliginiň saglyk we ruhy taýdan arassalanyş paýlaýandygyny geň görüp oturasy iş ýokdur.

Ogulgeldi ANNAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ mugallymy.