Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy.Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda emele gelen siwilizasiýalaryň kökleriniň dünýäniň çar künjüne ýaýrandygyny subut etdi.Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen has giňişleýin amala aşyryldy hem-de dünýä halklarynyň medeniýetine öz goşandyny goşan türkmen halkynyň hem gadymy halkdygyny subut edýän subutnamalaryň üstünden baryldy.

Taryhymyzy, geçmişimizi öwrenip, nesilleri şöhratly taryhymyz bilen tanyşdyrmak biziň ýurdumyzda aýratyn sarpa mynasyp boldy.Hut Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň gadym taryhymyzyň ýaňy dünýä doldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhymyza has çuňňur çemeleşmegiň hem- de ony ýaş nesillerimize miras goýmak babatynda edilen işleriň naýbaşysydyr.“Günbatarda irki zamanlarda “Ähli ýollar Rime eltýärler” diýen aýtgynyň meşhur bolşy ýaly,orta asyr Gündogarynda hem iň gadymy siwilizasiýalar bolan Assuriýa we Wawuilion, Mesepotamiýa medeniýetleri bilen bäsleşige girip bilen gadymy adamzat gymmatlyklaryny özünde saklaýan siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýä özüni ykrar etdirdi. Aňňat – aňňat gum depeleriniň üsti bilen uzak günorta ýa – da günbatara süýşen kerwende tütjarlar hem söwdegärler, şeýle – de ylym adamlarydyr, günlükçiler hereket edipdirler.

Äpet gumuň süýşýän çaglarynda, iň gadymy asyrlarda, adamlaryň tebigatdan gorkusy az bolmandyr. Şol sebäpli – de uzak – uzak kerwen ýollary gum aňňatlarnyň üsti bilen gidilende, ýagny söwda – satyk hem- de beýleki ugurlar bilen edilen gatnaşyklarda esasy ýol üçin suwlar göz öňüne tutulypdyr.Muny tassyklaýan subutnamalar: Adamzat gymmatlyklarynda ýer alan iň iri zerurlygyň suw bolmagy elbetde medeniýetleriň hem bir ara gelmegine öz täsirini ýetiripdir. Suwuň gyrasyna dürli halklar, dürli medeniýetler, dürli ýaşaýyş şertlerine kybapdaş halklar ýerleşipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda bolsa, şol ýerde wagtyň geçmegi bilen assimirlenip, täze bir siwilizasiýany, täze bir medeniýeti emele getiripdirler. Elbetde gadymy siwilizasiýalaryň, adamzat taryhy gatnaşyklarynyň bir – birek bilen özara baglanyşygynyň bolandygyny subut edýän tapyndylar esasy tapyndylar hem- de şol döwürde wajyp hasap – hesip ylmyny,ykdysadyýeti hem- de medeniýeti gülleden dostluklaryň bolandygyny hem subut edýän çaklamalar Taryhçy alymlar tarapyndan subut edildi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Änew şäherçesiniň taryhyny öwrenmek bilen onuň gadymylygyna göz ýetirmek Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen dünýäniň iň täze siwilizasiýon merkezine öwrüldi.Munuň özi türkmen raýaty hökmünde hemmämizi buýsandyrýar. Şeýle mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başy dik, janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

NEPESOWA Ajap
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 217-nji toparynyň talyby