Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Änew — taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älem. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar. Hut şu toprakdan tapylan bugdaý däneleri Türkmenistany ak bugdaýyň Watany hökmünde dünýä tanatdy. Gadymy ynanç-ygtykatlara görä, bugdaý önýän toprak keramat hasaplanylýar. Kitapda bu barada getirilýän taryhy maglumatlardan bugdaý ösdürip ýetişdiren we desterhanlaryň doly bolmagyny üpjün eden merdana halkymyzyň umumadamzat ýaşaýşyna bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna goşandygyna akyl ýetirýärsiň.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, iňňän baý taryhyň mirasdüşeri bolan Änew şäheriniň geçmiş taryhyny ylmy taýdan içgin öwrenmekde Rafael Pampelli, Wadim Masson, Wiktor Sarianidi ýaly ägirtleriň bitiren işleri uludyr. Ol işler Änew medeniýetiniň dünýäde ykrar edilmeginde wajyp ähmiýetli boldy. Täze eser bolsa dünýä ykrarnamasyna eýe bolan gadymy Änew medeniýetiniň jümmüşine gaýybana syýahata alyp gidýär. Mazmun taýdan örän sazlaşykly ýagdaýda biri-biriniň üstüni ýetirýän baplardan hem-de bölümlerden ybarat bolan kitap türkmen halkynyň dünýäniň medeni ösüşindäki mynasyp orny bilen içgin tanyşdyrýar. Bu bolsa biziň her birimiziň geçmiş taryhymyza, ruhy-medeni gymmatlyklarymyza, asylly durmuş ýörelgelerimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Täze eseriň öz okyjylaryna şeýle buýsanjy peşgeş bermegi ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişiniň, döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň, ýol-ýörelgeleriniň täze taryhy eýýamyň nesilleri üçin ruhlandyryjy güýç bolup durýandygyny görkezýär. Şol bir wagtda munuň özi eziz Diýarymyzy kuwwatly döwlete öwürmekde durmuşa geçirilýän taryhy tutumlaryň rowaçlanmagynda egsilmez ylham çeşmesidir.
«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap köpöwüşginli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň surat eserleri bilen bezelip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilendir. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki eser ýurdumyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni gürrüňsiz özüne çeker.
Begenjowa Şahnoza,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) hünäriniň talyby.