Adamyň tebigatyna düşünmeklik adamzadyň bütin taryhynyň dowamynda gyzyklanan meselesidir. Adamyň psihologiki gurluşy şahsyýet dogrusyndaky derňewleriň köplügine garamazdan, adamyň özüni näme üçin şeýle alyp barýanlygy heniz doly tapylan däldir. Şeýle soraglara jogap tapmak maksady bilen psihologiýa ýüze çykyp, bu ylym adamlaryň içki dünýäsi, özüni alyp barşy, jemgyýet bilen gatnaşygyny içgin öwrenip başlady. Şahsyýetiň psihologiýasy has gysgaldylyp aýdylanda, adamyň özüni başga hili däl-de, hut şeýle alyp barýandygyny anyklamakdan ybaratdyr.

Şahsyýetiň ylmy öwrenilişiniň başlangyjy XIX asyryň ahyryna, XX asyryň başlaryna gabat gelýär. Ylmy şahsyýetnama – persenologiýa şahsyýetiň gowy ýa-da erbetligi bilen gyzyklanman onuň obýektiw gurluşyny açyp görkezmäge çalyşýar. Başgaça aýdylanda, bu ýerde şahsyýetiň öwrenilişi etiki-filosofiki häsiýetde bolýar. Şahsyýetiň ylmy öwrenilişiniň birnäçe ugurlary bardyr. Meselem: K.Rojersiň taglymatynda şahsyýetiň öz-özüneligi onuň guramaçylykly gaýtalanmaz tejribesini oňlaýan we oňa üznüksiz düzediş girizýän gurluş hökmünde seredýär. A.Banduranyň taglymatynda bolsa, şahsyýet özüniň oňyn we oňyn däl hereketleri hoşamat ýa-da temmi bilen berkidilip durýan we onuň netijesinde belli bir häsiýetler döredýän mazmun görnüşinde seredýär.

Çaganyň psihikasynyň ösüşi barada psihologlar tarapyndan dürli-dürli pikirler öňe sürülipdir. Birnäçe burjuaz pedagoglara we psihologlara çaganyň psihiki ösüş aýratynlyklary barada nädogry düşündiriş beripdirler. Şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösüp kemala gelmeginde sosial gurşawy, bilim we terbiýe bermek ýaşaýyş durmuşyny dogry guramak zerur zatlar hasaplanýar. Çaga bilim we terbiýe bermegiň nerw sistemasynyň tiplerini we psihologik aýratynlyklaryny hasaba almagy göz öňünde tutmalydyr. Çaganyň dogumly bolmaklygyny dürli tiplerde hem dürli terbiýeçilik täsiriniň netijesinde terbiýelemek mümkindir. Şahsyýeti terbiýelemekde işiň dürli görnüşleri: okuw, oýun,zähmet işleri ulanylýar. Şeýle usulyýeti ulanmak arkaly ýaş nesle bilim terbiýe bermek bu günki günde döwrebap bilim bermegiň özeni bolup durýar.

Çaga terbiýelemekde ata-babalarymyz hem gadym döwürlerde çaga terbiýesinde nakyllardan, atalar sözlerinden, tymsallardan, rowaýatlardan peýdalanypdyrlar. Bular hem nesil terbiýesinde özüniň oňyn täsirini görkezipdir.

                                                                               Göwher Kulyýewa

                         Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy