Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyrynyň filosofiýasy ynsanperwerlige, şol sanda ekologiki ynsanperwerlige esaslanyp, adamda Watana bolan söýgini, tebigata we onuň baýlyklaryna aýawly garamagy hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamak duýgularyny döredyär.Magtymgulynyň filosofiýasynda adam bilen tebigatyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna,onda ekologiki medeniýetiň kemala gelmek meselelerine uly orun berilýär.
Şahyryň döredijiliginde mähriban ülkämiziň tebigaty aýratyn orun tutýar, ol akyldaryň adamyň durmuşy baradaky filosofiki pikir ýöredişinde jemgyýet hem tebigata salgylanýar.Magtymgulynyň eserlerinde tebigat gaýtalanmajak gözellik bilen sazlaşykly şekillendirilýär.Ol daşky tebigatdan alnan janly keşpler bilen oýlanýar. Adamzadyň geljegi baradaky oýlanmalary üçin tebigat möhüm esas bolup durýar.
Adam ýaşaýşyň, bagyň düýp manysyna düşünmekligi isläp, diňe geçmiş we şu gün däl, eýsem Ýer togalagynyň geljegi, şol sanda ekologiki ýagdaýy barada hem oýlanýar. Häzirki zaman adamsy üçin “ekologiýa” diýen düşünje onun filosofiki-seljerme pikir ýöredişiniň we ekologiýa medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi boldy. Häzirki zaman dünýäsinde özgertmeleriň esasy hereketlendiriji güýji bolmak bilen, adam tebigatyň bir bölegi hökmünde, onuň bilen hemişe gatnaşykda we ol gatnaşyklary sazlaşdyrmaga çalyşýar. Adam we tebigat ulgamyndaky gatnaşyklar yzygiderli üýtgeýär we olary kämilleşdirmek üçin jemgyýetiň we aýry şahsyýetleriň ekologiki medeniýetini ösdürmek zerur bolup durýar. Häzirki zamanyň ekologiýa meseleleri köklerini adamzat taryhyndan alyp gaýdýar, ýöne onuň häzirki döwürdäki ýüze çykmalarynyň möçberiniň deňi-taýy ýok. Meseleleriň çözgütleriniň netijeligi dünýä halklarynyň we döwletleriniň jebisligine baglydyr. Ekologiýa meseleleri boýunça dolandyryş çözgütlerini kabul etmeklik milli däp-dessurlara we umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanmalydyr.Şoña görä-de Magtymgulynyň ekologiki ynsanperwerligi aýratyn gyzyklanma döredýär we adamyň ýaşaýşynyň geljeginiň tebigat bilen sazlaşykda bolmagyna ýardam edyär.
Magtymgulynyň döredijilik mirasy diñe bir milli gymmatlyk bolman, ol umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň bir bölegidir. Nemes filosofy Fridrih Gegeliň aýtmagyna görä, bu miras filosofiki nukdaýnazardan seredeniňde “öz eýýamynyň ruhy esasynyň özenidir” diýip belleýär.
Türkmenistanda global,sebit,ýerli ekologiýa meselelerini çözmeklik döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy, ekologiýa taýdan howpsuz iş şertlerini döretmekligi, ekologiýa taýdan arassa önüm öndürmekligi, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagy, ekolog-hünärmenleri taýýarlamagy, ekologiýa meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi. ekologiýa terbiýesini bermekligi we başgalary öz içine alýar.
Adam-tebigat-jemgyýet ulgamyndaky sazlaşyk adamyň içki dünýäsiniň, onuň ýokary ahlaklylygynyň arasyndaky sazlaşyk dörän şertlerinde mümkin bolup, olar umumadamzat we milli gymmatlyklaryny, şol sanda Magtymguly Pyragynyňky ýaly beýik ynsanperwerligiň döredijiligi emele getirýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Magistrant talyby Hapbyýewa Miwejemal