Nanotehnologiýa XXI Asyr ýokary nanotehnologiýalaryň asyrydyr. Nanotehnologiýalara düýpli ylmy barlaglary talap edýän tehnologiýalara geçmek ylmy tehniki öwrülişi giň iň ýokary basgançagydyr. Nanotehnologiýa durmuşda möhüm hile eýe bolan belli bir önümi almak prosesidir. Nanotehnologiýa geljegiň önümçilik tehnologiýasy. Ol maddanyň gurluşyna doly gözegçiligi ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Nanotehnologiýa häzir üç ugur boýunça ösýär. Birinjiden, molekula ýa-da atom ululygyndaky elektron shemalary ikinjiden, şeýle ölçegdäki mehanizmleri taýýarlamak üçünjiden, molekulalardan we atomlardan ybarat predmetleri düzmek boýunça işleri alyp barmak. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Erik Dreksler tarapyndan jikme-jik öwrenilenden soň, molekulýar nanotehnologiýa ylmyň özbaşdak şahasyna öwrüldi.

 Nanotehnologiýalaryň maddalar bilen däl-de, atomlar bilen iş salyşýanlygy onuň esasy aýratynlygydyr. Lukmançylykda nanotehnologiýalaryň hyzmaty uludyr. Ynsan ömrüni uzaltmakda, keselleriň öňüni almakda, täze dermanlary döretmekde, onkologiýa, genetik keselleriň, wiruslaryň garşysyna göreşmekde, emeli usulda immuniteti güýçlendirmekde we beýlekilerde geljegi uly bolan barlaglar dowam etdirilýär. Aşgabatda 2014-nji ýylda açylan Tehnologiýalar merkezinde ýörite nanotehnologiýa bölümi döredildi. 2015-nji ýylda bolsa Halkara Türkmen-Türk uniwersitetinde nanotehnologiýa hünäri açyldy we 2016-nji ýylda bolsa Türkmen Inžiner Tehnologiýalar uniwersitetine geçirilip we birnäçe bölumler goşuldy.

 Türkmenistanyň ýaş alymlary lukmançylykda, gurluşykda, senagat önümçiliginde, awiasiýada we kosmos apparatlarynyň döredilmeginde ulanylýan nanotehnologiýa ýaly geljegi uly ylym pudagynyň ösmegine goşant goşmaga çalyşýarlar.

 Merdanowa Orazjemal

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Weterinar lukmançylygy fakultetiniň

Weterinar lukmançylygy hünäriniñ 5-nji ýyl talyby