Her bir adam bir-birinden diňe bir tebigy aýratynlyklary boýunça däl-de, eýsem meýilleriniň, gatnaşyklarynyň we olara laýyk özüňi alyp baryş usullarynyň durnukly utgaşmalarynda hem tapawutlanýarlar. Gylygyň gadymy greklerde “harakter” aňladylyşynyň jemleýji görnüş, galdyrylan yz, tagma manysy bolup, ýöne psihologiýada onuň has takyk manysy bardyr. Adamyň islendik özboluşly-indiwidual aýratynlygy gylyk däldir. Aýdaly, görüşiň garaňka, ýagtylyga öwrenişiniň çalt-haýallygy, ýadyň göwrümi, ýatdan çykyrmanyň depgini we ş.m. psihiki aýratynlyklar bolsa-da gylyk däldir. Ikinji bir tarapdan soňky psihiki häsiýetleri gylykdan doly aýrybaşgalaşdyrmak hem hakykata laýyk däldir. Olar belli bir derejede gylygyň mazmun ýa-da görnüş tarapyna öwüşgin berip bilýär.
Gylyk – bu şahsyýetiň jemlenen, has durnukly meýilgatnaşyklarynyň we olary ýüze çykarýan özüňi alyp baryş usullarynyň psihiki bütewiligidir.
Gylygyň psihiki düzüminde meýil-gatnaşyklar onuň mazmuny, özüňi alyp baryş usuly bolsa oňa görnüş tarapy häsiýetde utgaşýar. Adatça şahsyýetiň gylyk dörediji gatnaşyklaryndan:
• öz-özüňe bolan gatnaşyk (talap edijilik, göwniýetijilik, özüňi bahalandyryşyň tankydylygy we ş.m.);
• beýleki adamlara gatnaşyk (il bilenlilik ýa-da özüňbilenlik, özüňe bolsunlyk ýa-da köpe bolsunlyk, duýgydaşlyk ýa-da biparhlyk, ýalançylyk ýa-da dogruçyllyk, gowşaklyk ýa-da gödeklik we ş.m.);
• tabşyrylan ýumuşa bolan gatnaşyk (zähmetsöýerlik ýa-da ýaltalyk, ugurtapyjylyk ýa-da aýdylanlaryna garaşmaklyk, jogapkärçilik ýa-da sypjyklyk, takatlylyk ýa-da takatzyslyk we ş.m.);
• gylygyň erkli sypatlarynda ýüze çykýan-erjellik, özbaşdaklyk, töwekgellik, tertiplilik, sowukganlylyk we ş.m. häsiýetleri tapawutlandyrýar
Gylygyň kemala getirilşi. Derňewleriň görkezişine görä gylygyň rehimdarlyk, sözleşmeklik, duýgydaşlyk we olara gapma garşylykly bolan diňe öziňi bilmeklik, guraksylyk, adamlara biagyrylyk ýaly sypatlary beýlekilerden has ir kemala gelýär. Olar çaganyň mekdebe çenli döwürlerinde ýüze çykýar. Onuň zähmetsöýerlik, tämizlik, ynsaplylyk, jogapkärçilik, erjellik ýaly häsiýetleri bolsa şahsyýetiň ösüşiniň soňkurak döwürlerinde kemala gelýär. Ýetginjeklik ýaşlarynda (10-15 ýaş) gylygyň erkli sypatlary, irki jahyllykda bolsa onuň ahlak, dünýägaraýyş esaslary döreýär. Mekdebi tamamlaýan döwrüne çenli gylyk dolulygyna diýen ýaly ýüze çykyp, mundan beýläkki üýtgeşmeler onuň özeni aýratynlyklaryna onçakly täsir etmeýär.
Toýmurat Bahtiýarow
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby