Häzirki zaman ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň esasynda maldarçylyk pudagyny intensifikasiýalaşdyrmak bu hünärmenlerden oba hojalyk mallarynyň biologiki aýratynlyklaryny çuňňur bilmekligi talap edýär. Bu bolsa mallaryň saglygyny gorap saklamak, nesilden-nesle geçýän önümliliginiň hilini gowulandyrmak, mallar tarapyndan ot-iýmleri doly özleşdirilmegini gazanmak, az zähmet we çykdajy bilen bilen köp önüm almaklygyň mümkinçiligini ýokarlandyrýar.

Mallaryň süýdiniň himiki düzümi olaryň tohum aýratynlyklaryna, iýmitlendiriş şertlerine, saklanyşyna, sagym möwsümine we beýleki birnäçe şertlere baglylykda üýtgäp durýar.

Süýt täze, ýagy alynmadyk, arassa we garyndysyz bolmalydyr. Süýdüň ýaglylygy edilýän talapdan pes bolmaly däl, ysy, tagamy, reňki özüne mahsus bolan görkezijileriň çäginde bolmalydyr. Ol kemçilikleri kesgitlemegiň ýörite usullary bar.

Sygyrlaryň süýt önümliligini hasaba almak. Laktasiýa – bu sygyrlaryň guzlanyndan tä süýtden çykýança bolan aralykdaky döwrüdir. Laktasiýanyň dowamlylygy ortaça 305 gün.

Laktasiýanyň dowamynda gündelik alynýan süýdüň ortaça mukdary üýtgäp durýar. Sygyr guzlandan soňra bir aýyň dowamynda olardan alynýan süýdüň mukdary iň ýokary derejä ýetýär. Laktasiýanyň ikinji aýyndan başlap bolsa bu görkeziji peselip başlaýar.

Laktasiýanyň geçişi grafiki suratda şekillendirilýär. Bu şekile laktasiýa egri çyzygy diýip atlandyrylýar. Gorizontal (os absiss) çyzykda laktasiýanyň aýlary, wertikal (os ordinat) çyzykda bolsa her aýda sagylyp alnan süýdüň mukdary (kg) ýazylýar. Laktasiýa egri çyzygynyň aýratynlygy sygyrlaryň indiwidual häsiýetlerine bagly bolýar.

Somatiki öýjükler– bu dürli görnüşli dokumalaryň we agzalaryň adaty öýjükleridir. Gara mallaryň ýelniniň alweollarynyň we süýt akarlarynyň dokumalarynyň öýjükleri ýygy-ýygydan täzelenip durýar we köne ýa-da ölen öýjükler süýt ýollary bilen süýde barýar. Şonuň üçin süýtde hemişe somatiki öýjükler bolýar. Bu fiziologiki hadysadyr. Sagdyn sygyrlaryň süýdüniň düzümindäki somatiki öýjükleriň mukdary her 1 ml süýtde 10 müňden 100 müňe çenli üýtgäp durýar. Bu her malyň aýratynlygyna we fiziologiki ýagdaýyna bagly bolýar. Eger-de süýdüň düzüminde somatiki öýjükleriň mukdary 500 müňden geçse onda sygyrlarda mastit (ýelin agyry) keseliniň bardygyny aňladýar. Bu bolsa adam saglygyna uly zyýan ýetirýär.

Süýdüň arassalyk toparyny ony süzmek arkaly öwrenilýär. Süzgüçde galan hapa boýunça süýdüň topary etalon (nusga) bilen deňeşdirip kesgitlenýär. Eger süzgüçde hapa galmasa süýt I topara, az bolsa II we hapa köp bolsa III topara girizilýär. Hapa süýt birnäçe gat süzgüçden geçirilip arassalanýar. Süýdüň mikroblar bilen hapalanyşy reduktaza nusgasy bilen kesgitlenýär. Reduktaza mikroblaryň öndürýän fermenti bolup, täze saglan süýtde bolmaýar. Sagymdan soň näçe köp wagt geçse şonçada reduktaza artýar, mikroblaryň sany köpelýär. Ol 1 ml süýtde 500 müňe çenli bolsa, süýt gowy, 500 müňden 4 mln-a çenli – kanagatlanarly, 20 mln çenli ýaramaz we 20 mln köp bolsa – örän ýaramaz hasaplanýar.

 Saryýew Nur

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk unwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň weterinar lukmançylygy hünariniň 2-nji ýyl talyby