Dänäniň himiki düzümine, belogyň mukdaryna we hiline dökünleri talaba laýyk ulanyp hem güyçli täsir etmek, hilini gowulandyrmak mümkin. Bugdaýyň dänesiniň hilini göwnejaý gowulandyrmak üçin organiki we mineral dökünleri ulanmagyň zerurlygy ýüze çykýar köp ýerlerde dökün ulanman güýçli bugdaýy almak asla mümkin däl. Ỳerli we mineral dökünler talaba laýyk dogry ulanylanda diňe bir hasyllylygy artdyrman, dänäniň himiki düzümini-de gowulandyrýar. Aýratynda suwarymly ekerançylykda ýokary hil sypatly guşgursak bugdaý dänesini almak üçin dökünleri talaba laýyk derejede ulanmak hökmandyr.

P.Grebennikowyň 6 ýyllyk tejribesiniň maglumatlaryna göra, Azerbaýjanyň suwarymly ekerançylygynda güýzlük bugdaýyň Apulikum 7712 sorty azot, fosfor, kaliý dökünleriniň dürli ölçeg kadasynda ekilip, bugdaýyň hasyllylugy, dänäniň himiki düzümi hasaba alnypdyr.

Tejribäniň maglumatlaryna görä, dökünleriň tasirinde bugdaýyň hasyla 2 essä golaý, dänede belogyň saklanyşy 1,6 esse, kleýkowina 16,4 göterim ýokarlanýar. Biziň toprak-howa şertlerimizde.dökünlerdäki iýmit maddalarynyň (N, P2O5, K2O) gatnaşygy başgarak bolýar, ýagny N : P : K gatnaşygy ortaça 1 : 0,7 : 0,3 bolup, gektara 200 kg azot iýmit maddasy dökün bilen berlende fosforyň we kaliniň iýmit maddasy hasabyndaky mukdary degişlilikde 140 we 60 kilogram bolmaly. Dökünler şu gatnaşykda ulanylanda bugdaýyň hasyly has ýokarlanýar, beloklaryň, kleýkowinanyň saklanyşy-da güýçli bugdaýyň derejesine doly ýetýär.

Aýratyn belläp geçmeli ýagdaý, ol hem döküni, suwuň, toprak ergininiň, ýylylygyň täsirinde dänede belogyň mukdary güýçli üýtgese-de, her bir belogyň himiki düzümi, aminokislota gatnaşygy, utgaşygy üýtgemeýär. Bu häsiýet her bir görnüşiň, sortuň genotipinenesillik alamatlaryna bagly bolýar. Diňe nesilde mutasiýa ýüze çykanda, ýagny nesillik alamatlar üýtgände täze düzümli beloklar hem ýüze çykyp biler.

Azat MUHIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.