Bize belli bolşy ýaly gymmatyň pul bilen aňladylan görnüşine baha diýilýär.Bahanyň esasynda gymmat dur.Haryt gymmatynyň ululygy bolsa, oňa siňdirilen jemgyýetçilik zerur zähmetiň mukdary bilen kesgitlenýär. Önümçilikde döredilen gymmat harytlary satmaksatyn almak prosesinde belli bir baha bilen aňladylýar.
Bahalaryň emele gelşi çylşyrymly prosesdir. Administratiwbuýruk beriji sistema döwründe bahalar jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlary esasynda merkezden kesgitlenerdi. Jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlary hökmünde bolsa planda görkezilen harajatlaryň hemmesi ykrar edilerdi.
Bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen bahalaryň emele gelşi hem düýpgöter üýtgeýär.Bahalaryň esassynda gymmat durýan hem bolsa olaryň emele gelmegine köp faktorlar täsir edýär.Bahalara öňi bilen hödürleme we hyrydarlygyň arasynda mynasybet aýgytlaýjy täsir edýär.Hakyky bazar bahalary satyjy bilen alyjynyň arasyndaky ylalaşyk görnüşinde erkin emele gelýär.Olaryň emele gelmegine diňe bazar konýunkturasy täsir edýär.
Haryt önümçiliginiň ösmegi üçin bazar bahalarynyň ähmiýeti olaryň ýerine ýetirýän funksiýalary bilen kesgitlenilýär.Baha birnäçe funksiýany ýerine ýetirýär:
Birinjiden, ol önüm birligini öndürmek üçin zähmetiň sarp edilişiniň ölçegi bolup, önümçilik harajatlaryny we netijelerini hasaba almagyň hem-de deňeşdirmegiň serişdesi bolup hyzmat edýär.
Ikinjiden, baha informasiýa bermek funksiýasyny ýerine ýetirýär.Ol harytlaryň hödürlenişini,tölege ukyply isleg,önümçilik resurslarynyň möçberi we ş.m. barada hasaplary berýär.
Üçünjiden,baha höweslendiriş funksiýasyny ýerine ýetirýär.Ol ýekebara harajatlary kemeltmegi,ylmy-tehniki progresi çaltlandyrmagy,önüm öndürilişini giňeltmegi we onuň hilini ýokarlandyrmagy höweslendirýär;
Dördünjiden,baha paýlaýyş funksiýasyny hem ýerine ýetirýär.Bahalaryň gymmatdan aşak ýa-da ýokary üýtgemegi netijesinde milli girdeji paýlanýar we gaýtadan paýlanýar. Mysal üçin,ýaşaýşa iň zerur harytlara döwlet pes baha belleýär we öz býujetiniň bir bölegini alyjylaryň bähbidi üçin gaýtadan paýlaýar.
Bäşinjiden,ol hyrydarlygy we hödürlemegi biri-birine bap getirmäge mümkinçilik berýär.Ol ýa-da beýleki harytlaryň bahasynyň arzanlamagy kada bolşy ýaly olara bolan hyrydarlygy ýokarlandyrýar munuň tersine olaryň bahasynyň ýokarlanmagy bolsa hyrydarlygy kemeldýär.
Seýitniýazowa Aýlar
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrynyň 4-nji ýyl talyby