Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň özbaşdak daşary ykdysady syýasaty döredildi we ösdürildi. Türkmenistan sowet döwründe-de önümleri ýurduň daşyna uly möçberlerde çykarýan respublikalaryň hataryna girýärdi. Ýurduň daşyna tebigy gaz, nebit, pagta süýümi, gök önümler, bakja, garaköli bagana we ençeme beýleki önümler arzan bahalar bilen çykarylýardy. Ýurduň daşyndan,.gymmat bahalar bilen, azyk we ilatyň sarp edýän azyk däl harytlary getirilýärdi. Daşary söwda gatnaşyklaryndan alynýan girdejiler, esasan, ýurduň daşyna çykarylýan önümleri öndürýän pudaklaryň ösüşine gönükdirilýärdi. Onuň ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda eýeleýän ähmiýeti ujypsyzdy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady syýasaty ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar pudagynyň kämilleşdirilmegine hem ýokary depginler bilen ösmegine mümkinçilikler döretdi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň eksportynyň düzümini kämilleşdirmek, onda taýýar önümleriň paýyny ýokarlandyrmak boýunça düýpli işler geçirildi. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň durkunyň täzelenmegi, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi ýurduň eksportynda nebit önümleriniň paýynyň ýokary depginler bilen artmagyna getirdi. Soňky ýyllarda, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň eksport möçberleri artdy.

Dokma senagatynda geljekde-de, ahyrky önümleriň eksport edilýän paýyny yzygiderli artdyrmak strategik wezipeleriň hataryna girýär. Häzirki wagtda, ýurduň eksportynyň düzüminde ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny özünde jemleýän harytlaryň hem agrosenagat toplumynyň önümleriniň paýy onçakly ýokary däl. Şol bir wagtyň özünde-de, ýurdumyzyň bu ugurlardan mümkinçilikleri ägirt uludyr. Bu işleri amala aşyrmakda.Türkmenistanyň Söwda we ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ähmiýeti häzirki döwürde has-da artýar. Bu ministrlik, Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy bilen bilelikde, ýurduň eksportynyň geriminiň giňemegine düýpli goşant goşmalydyr. Munuň netijesinde agrosenagat toplumynyň pudaklarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýy düýpgöter berkär, sebäbi bu pudaklar köp möçberde walýuta gazanmaga mümkinçilik alarlar.

Türkmenistanyň himiýa we nebitgaz himiýasy pudagynyň, agrosenagat toplumynyň, gaýtadan işleýän beýleki senagat pudaklarynyň önümlerini uly möçberlerde daşary ýurtlara çykarmak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň suwuklandyrylan gazynyň eksportyny köpeltmek mümkinçiligi hem örän uludyr. Ýurdumyzyň geljekde özüniň gök we bakja önümleri, üzümi, zeýtuny, nary, miweleri we olardan alynýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa harytlary bilen dünýä bazarlaryna çykmaklygy hem ýakyn ýyllaryň mümkinçilikleridir. Şeýle hem, ýurdumyzyň içerki bazaryny giňden öwrenmek arkaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberi hasda köpeldiler we olaryň görnüşleri giňeldiler. Harytlaryň giň görnüşleriniň ýeterlik möçberde ýurdumyza getirilmegi haryt bolçulygyny üpjün eder hem olaryň bahalarynyň durnukly bolmagyny we peselmegini üpjün eder.

 Jumamyradow Saparmyrat

Türkmen oba hojalyk institutynyñ Weterinar lukmançylygy fakultetiniñ 1-nji yyl talyby