Balykçylyk pudagy azyk senagatynyň bir pudagydyr. Esasy wezipe balyk we beýleki deňiz önümlerini tutmakdan we gaýtadan işlemekden ybarat. Biziň döwletmizde hem balykçylyk pudagy işjeň ösdürilýär. “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” laýyklykda balyk we balyk önümlerini hem azyk üpjünçiliginiň esasy bölegini düzýär. Içerki sarp ediş bazary ýerli balyk önümlerini bilen üpjün edilýär.

Balykçylyk hojalyklarynyň binýadynda balyklary ösdürip ýetişdirmegiň möçberi täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna geçiriler. Bu bolsa kesgitli meýdandan haýwan belogynyň has köp mukdarda alynmagyny üpjün eder. Bu hojalyk üçin, diňe bir ýörite bölünip alnan hasylly ýerler däl-de toprak ýa-da çagyl alnan uly göwrümli çukurlary (karýerlary), şaly ekilýän meýdanlary, suw akdyryjy ýaplaryň ulgamyny we ýylylyk elektrostansiýalarynyň suw sowadyjy howuzlaryny ulanmak hem amatlydyr.

Azyk üpjünçilik maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda balyklary emeli ösdürip ýetişdirýän balykçylyk hojalyklarynyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda balyklary emeli usulda ösdürip ýetişdirýän we gaýtadan işleýän önümçilik toplumlaryny, söwda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryny, sowadyjy ammarlary we işe girizmek belenilýär.

Balyklary emeli usulda ösdürip ýetidirýän balykçylyk hojalyklarynyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurulmagynyň bellenilmegi, suw ýataklarynda balyklaryň ätiýaçlyk gorunyň köpelmegine we onuň görnüş dürliliginiň saklanmagyna oňaýly şertleri döreder. Bu hojlyklaryň ösdürilmegi ýerli ilaty janly balyklar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Kuwatowa Jeren

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby