1. Iýmitlik ( Azyk önümçiliginde ).

Darynyň dänesi iýmit önümlerini taýarlamakda giňden ulanylýar, esasan ot-iýmlik we azyklyk ekin bolup, onuň dänesinden azyklyk konditer önümlerini taýarlamakda ulanylýar. Daşary ýurtlarda we öz ýurdumyzda ýörite dary ýarma görnüşinde hem öndürilýär.

Darynyň düzüminde birnäçe adam saglygy üçin gerekli bolan ýokumly maddalar bolup, ol esasy berhizlik üçin giňden ulanylýar.

2. Maldarçylykda ot-iým.

Darynyň gök synalary ter, silos görnüşinde örän gowy ot – iýmdir. Darynyň 1 kilogram samanynda 0.51 ot-iýmlik birligi, 6.9 protein,1.8 ýag saklanýar

Darynyň degirmende üwelen külkesi iri mallara gaýnadyp üstüne duz goşup kombikorma görnüşinde berlende etiniň dykyz bolmagyna, agramly bolmagyna we halk içinde sowukdan goramaklyk üçin hem künjara goşulyp berilýär.

3. Guşçulukda bol ot-iým hökmünde.

Darynyň dänesi guşçylykda ýokumlylyk derejesi güýçli ot-iýmit taýýarlamak üçin gymmatly çig maldyr. Guşlaryň ýumurtga önümliligini artdyrmakda dänesi giňişleýin ulanylýar. Onuň konditer önüçiliginden galan harpygy kepek iými bolup durýar.

4. Halk lukmançylygynda.

Halk lukmançylygynda darynyň harpygy we owradylan samanyndan edilýän ýastyklar näsag adamlar üçin ulanylýar. Sebäbi näsagyň gan basyşyny, täze doglan çagalaryň temperaturasyny kadaly ýagdaýda saklanmagyna we masaž hyzmatyny ýerine ýetirmekde peýdalanylýar.

Darynyň köki we owradylan baldagyny ýyly suwa atyp aýaklaryňy ýada elleriňi salyp birnäçe wagt saklamaklyk kömelek keselini (gribok) bejermekde ahmiýeti uludyr.

Darynyň harpygy salnyp gaýnadylan suwuň buguna ýüzüňi tutsaň, ýüzdäki gözenekleri arassalamakda peýdalanmak bolýar.

5. Topragyň şorlaşma derejesini peseltmekde

Dary topragyň üstüne kölege berỳär, gün söhlesi bolsa, gös-göni topraga düşmeỳär. Netijede topragyň üsti açyk ỳerdäki ỳaly güýçli gyzmaỳar. Şonuň üçin hem, topragyň üstünden bugarỳan suwuň mukdary has peselỳär. Netijede topragyň ikilenji şorlaşmagynyň öňünii alynỳar.

Orazgül MYRATDURDYÝEWA

Türkmen oba hojalyk institynyň

Agronomçylyk fakultetiniň

 Agroekologiýa hünäriniň

 4-nji ýyl talyby