Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyz Türkmenistanyň geçmiş taryhyny, mirasyny öwrenmek we ony dikeltmek üçin köp işler edilýär.
Gahryman Arkadagymyz şeýle belläp geçýär: “32 ýyl mundan öň Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýlandan soň bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar sagdyn we durnukly ýagdaýda ösmegini dowam etdirýär we strategiki hyzmatdaşlyk ýokary derejä ýetýär. Hytaý Halk Respublikasy türkmen-hytaý gatnaşyklaryna strategiki we uzak möhletleýin nukdaýnazardan seredýär, Türkmenistanyň ösüş ýoluna hormat goýýar. Şeýle hem Türkmenistanyň içerki we daşarky syýasatyny goldaýar. Türkmen halky bu iki döwletiň gazanan dostlukly gatnaşyklaryna buýsanýar. Dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyklar döredilýär, jemgyýetçilik guramalaryň, medeni we ylmy işgärleriň arasyndaky gatnaşyklar barha giňeýär” (alan ýeriňi görkezmeli). Biz talyp ýaşlara daşary ýurt dillerini öwrenmekde uly mümkinçilikler döredildi.
Hytaý diliniň wajyp meseleleriniň biri-de hytaý dilinde idiomatik sözlerdir. Idiomatik sözler göçme manyly sözler diýmekdir. Şol göçme manyly sözleriň ýa-da idiomatik sözleriň köp bölegi şu wagta çenli gadymy manysyny saklap gelýär. Hytaý diliniň göçme manyly sözlerini öwrenmek hytaý medeniýetine, ýazylyşyň nusgawy usulyna giňişleýin we çuňňur düşünmäge ýardam edýär. Ikinjiden, sözleriň köpüsi göni manyda hem gelýär. Şol bir wagtyň özünde göçme manyly sözler adamyň ýazuw derejesini ýokarlandyryp, adamyň sözleýiş medeniýetini hem artdyryp biler.
Göçme manyly sözleri öwrenmek her bir adamyň paýhasly düşünmegine kömek edýändigi hakykat. Onda, göçme manyly sözleri öwrenmegiň maksady näme? Göçme manyly sözleri öwrenmegiň we ony netijeli peýdalanmagyň ähmiýetini göz öňünde tutup, göçme manyly sözleri bäş topara bölüp bolar:
Birinjiden, köp sanly göçme manyly sözleriň döreýşi taryhy hekaýalar we alynma sözler bilen baglanyşyklydyr. Köp göçme manyly sözleriň üsti bilen taryhy hekaýalary öwrenip bolýar. Mysal üçin, Sunziniň aýtmagyna görä, bize Liu Xiahuiň ahlakly adam bolup, bir gezek ahlak häsiýetine sähelçe täsir etmezden bir aýaly gujagynda saklandygy aýdylýar we bulam-bujar bolmazdan hereket etmän oturandygy hakynda hekaýasy bar. Ol hekaýa ýa rowaýat häzirki wagtda idioma öwrülipdir. Rowaýata görä, ýaz we güýz pasyllarynyň dowamynda bir sowuk gijede Lu ştatynyň Guomende diýen ýerinde Liu Siahuweýiň öýüniň töwereginde ýaşamaga ýeri bolmadyk bir gyz bolupdyr. Liu Siahuweýi garaňky gijede gyzyň doňup ölmeginden gorkup, ol gyza gujagynda oturmagyny haýyş edipdir, penjegini açypdyr-da, berk gujaklap ýapypdyr we bütin gije hereket etmän, bile oturypdyrlar. Şonuň üçin Liu Siahuweýi “Bulam-bujar bolman gujagynda oturan adalatly jenap” hökmünde tanalýardy. Şondan soň bolsa, bu idioma erkek we aýallaryň gowy düşünişip, uzak ýaşaşmakdaky oňat suratlandyrylan nyşany hökmünde manyny beripdir. Başga bir mysal getirsek, “Kynçylykda, agyr halda ýaşamak we köp synanyşmak” manysyny berýän, hakyky bolan wakadan alnan idiomany hem görkezsek bolar. Goujian maşgalasyndan bolan Ýue şalygyny öz içine alýar: Ýaz döwründe, Ýue Patyşalygy Wu döwleti tarapyndan ýeňilýär. Rowaýata görä, Goujian maşgalasynyň Ýue şasy ýurduna gaýdyp gelýär we açyk meýdanda oturýar. Hiç zat iýmän-içmän, köp kynçylyklary başdan geçirýär. Şeýlelikde batyrlygyň tagamyny hem dadýar. “Ol jan edip, köp işläpdir we güýçlenipdir, Ýue Goujian ahyrsoňy üstünlige hem ýetipdir. Şeýle hem başga-da, taryhdan bize galan idiomalary mysal getirsek, “Özüňi aldamak ýa-da özüňe umyt bermek”, “Mekir towşanyň üç hini bar” ýa-da “Köpbilmişiň oýny kän”, “Noýbany bişirmek üçin noýba dänelerini gaýnatmaly” we ş.m.
Ikinjiden, idiomalar bize durmuş bilen nähili ýüzbe-ýüz bolmalydygymyzy öwredýär, başgaça aýdylanda, ol durmuşymyzda gowy mugallym, kömekçi dostdur, bize adam bolmagy we bir işi ýerine ýetirende nähili güýçli we gaýratly bolmagymyzy öwredýär. Mysal üçin, bize öz söweş ruhumyzy nädip oýarmalydygy hakynda ýol görkezer: gaýrat bilen öňe gitmek we üstünlige barýan dar ýodalary yzarlasak, gorkularymyz yzda galar. Ýagny gorkman, ädimme-ädim öňe gitsek, ähli zady başaryp biljegimizi, şonuň netijesinde dogry ýolumyzy tapyp biljegimizi ýatladýar. Kynçylyklar we gapma-garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, şu sözlere gulak asmagymyzy ýatladýar, ýagny bütin şowsuzlyklara garşy gowşaman erjel bolmalydyr, dowamly hereket etmelidir, sabyrly bolmalydyr we kynçylykdan baş alyp çykmagy başarmalydyr. Gysgaça aýdanymyzda, durmuş pelsepesi bilen bagly köpsanly manyly sözler bar. Olary öwrenmek we ulanmak dogry pikirlenişimizi, dury aňymyzy, gowy endigimizi we terbiýämizi ösdürer.
Üçünjiden, idiomalar ýerine ýetirýän işimiz üçin “ýarag we iýmit” hökmünde ýardam berip biler we sözleýiş ukybymyzy hemmetaraplaýyn ýokarlandyryp biler. Köpsanly söz düzümlerini öwrenip özleşdirmek olara dogry düşünmäge we ulanmaga ýardam eder, sözleýiş endiklerini, ukyplaryny ösdürer we adamlar bilen gepleşigimizi kämil derejä ýetmegine kömek eder. Adamyň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda medeniýetli sözleýşi ýola goýmak wajyp bolup durýar. Edebi dilde sözleşmek aýratyn bir sungat. Käwagt manysyz sözlemleriň ulanylmagy, wagtdan nädogry peýdalanylmagy, ýalňyş äheňde gürlemegi we sözleriň nädogry yzygiderlikde saýlanmagy kynçylyklara getirýär. Edebi dil gepleşiginde sözler ýerlikli ulanylmaly. Mysal üçin, gysganç adamy başgaça häsiýetlendirenimizde, husyt ýa-da “saçynyň ýeke taryny hem dözmeýär” diýen durnukly söz düzümlerini ulanmak has gowudyr. Başgalar bilen söhbetdeşlikde, köp sözler aýtmagyň ýerine sada durnukly söz düzümlerinden peýdalanyp, mylakatly gürleşsek, garşyňdaky kişi size ýokary derejeli baha berer we zehinlidigiňize, terbiýelidigiňize göz ýetirer.
Dördünjiden, talyplaryň döredijilik ukybyny halk döredijiliginiň aýratyn žanry bolan hekaýalaryň üsti bilen ösdürip bolar. Ylmyň we tehnologiýanyň çalt ösmegi bilen geljekki jemgyýetiň zerur zady döredijilikli pikirlenip bilýän zehinli ýaşlaryň bolmagydyr. Ýagny, diňe akylly-başly, aňly-düşünjeli ýaşlar ata Watanymyzy, geljekki jemgyýetimizi gülledip-ösdürip biler.
Bäşinjiden, kämil idiomalaryň adaty dili gysga we düşnükli bolýar, ýagny hekaýany diňläp, köpsanly täze sözleri we owadan sözlemleri öwrenip bolýar. Dil medeniýetini ösdürmäge, ony kämilleşdirmäge, şeýle-de “peýdaly maglumatlary” toplamaga mümkinçilik berýär. Gowy tejribeden hakyky bilim dogar. Meselem, “Başgalara meňzemäge çalyşmak” we “Gawun gawundan reň alar”.
Durnukly söz düzümleri hemmeler tarapyndan aýdylýar we bolan wakalaryň üsti bilen döredilýär, idiomalar hekaýalardan emele gelýär. Durnukly söz düzümleriň köpüsi dört iýeroglifden, üç iýeroglifden, bäş iýeroglifden ýa-da ýedi iýeroglifden hem köp bolýar. Durnukly söz düzümleri adaty hytaý medeniýetiniň esasy aýratynlygydyr. Idiomalar morfologik, sintaktik hem leksika-semantik taýdan durnuklaşýarlar. Olar sözlemde tutuşlygyna ulanylýar, mazmuny, gurluşy, häsiýeti we beýleki bölekleri öz içine alýar. Durnukly söz düzümleriň uly bölegi gadymy döwürlerden gaýdypdyr we bize miras bolup galypdyr. Hytaý diliniň grammatikasyna laýyklykda käbir idiomalar aslynda kiçi sözlemdir. Durnukly söz düzümleri göçme manyly sözlere we nakyllara meňzeş, ýöne tapawutly tarapy bar. Durnukly söz düzümleri hytaý medeniýetiniň ajaýyp hazynasydyr. Hytaý diliniň idiomalaryň käbiriniň terjimesi bilen tanşyp we deňeşdirip bileris.
1.Yī gǔ zuò qì
一鼓作气
土库曼语 – türkmen dilinde: Haý (hä) diýmän — salymyny bermän, ara wagt salman, tiz, basym, derrew, dessine. Obadan çykmasa, soň erbet bolar, Haý diýmän Eziziň goşuny geler (Ata Köpekmergen). Siziň ogluňyz Myrat haý diýmän ýetişer (B. Kerbabaýew). Hä diýmän, hemme zat bol-elin ýeter («Edebiýat we sungat»).
2. Bēi gong qū xī
卑躬屈膝 – türkmen dilinde: Hajyk-hujuk etmek — ýaranjaňlyk etmek, göwnüni tapjak bolmak, hoşamaýlyk etmek, ýallaklamak. Handan gelen Orazbibi hajuk-hujuk etdi, sallançagy ýanap, emdirmekçi boldy (B. Kerbabaýew). Ýalbar-ýakar edip gezek-gezegine, Indi hajyk-hujuk haýbat deregine (A.Kekilow).
Aýagyna ýykylmak — kömek islemek, haraý gözlemek, ýalbarmak, ýallaklamak. Bu wagt ol “maňa rehim ediň” diýip, serdaryň aýagyna ýykylmaga-da taýýardy (T. Taganow). Şäher halky aýagymyza ýykylyp boýun syndylar (H. Çaryýew). Biz aýagyna ýykylyp, şunça ýalbardyk, gepimize gulak salan bolmady (G. Kulyýew).
3. Bǎi nián hǎo hé
百年好合 – türkmen dilinde: Ody bilen girip, küli bilen çykmak — şatlygy, gaýgyny deň bölüşmek,ähli kynçylygy bile çekmek, diýeniňe däl diýmezlik, tersine gitmezlik, bir jan, bir ten bolmak. Ody bilen girip, küli bilen çykan, Urşuň ala möýi bagryndan çakan (Ý. Pirgulyýew). Oduň bilen girip, külüň bilen çykdym («Nakyllar we atalar sözi»).
Aýagy düşümlisi bolsun! — gelin toýunda “gelen gelin haýyr getirsin, döwletiňiz artsyn” diýlip aýdylýan gutlag.—Tüweleme, aýagy düşümlisi bolsun, aýyň bir bölegi ýaly gelin ekeni — diýdi (H. Derýaýew).—Bolubilýär, kemi ýok. Aýagy düşümlisi bolsun! (O. Gadamow).
4. Bái tóu xié lǎo
白头偕老 – türkmen dilinde: Gazygyňda garrasyn — başdaşyndan aýrylmasyn, baran ýigidi bilen ömürlik ýaşasyn, nika pozulmasyn (täze edinilen gelin hakda). Tüweleme, nesip etsin, gazygyňda garrasyn! — diýýänçä, ne Durdy gelinden elini aýyrýardy, ne-de Abadan oturan ýerinden gozganýardy. Ak, gök geýdirme! Arpa çörek iýdirme! Ýakymsyz söz diýdirme! Gaharjaňa degdirme! Bar, gazygyňda garrasyn (B. Kerbabaýew).
5. Tù sǐ hú bēi
兔死狐悲 – türkmen dilinde: Çyragyň öçmek (sönmek) — iň oňat görýän adamyň aradan çykmak, ölmek; bagtyň ýatmak. Ýigitler gojalyp, goja ýigdelmiş, Çyragym öçüpdir, narym görünmez (Magtymguly). Ýandy ýüregim—ýandy, Söndi çyragym — söndi (A. Alamyşow).
6. Tú suǒ niú yáng
屠所牛羊 – türkmen dilinde: Demiňi sanap ýatmak — ölüm halynda ýatmak, ölümiň öňüsyrasynda bolmak. Ol biçäre demini sanap ýatyr. Artyk demini sanap ýatanyň kilwandygyny tanady-da, onuň aryny duşmandan öteräk almak niýeti bilen bäşataryny berdenkä çalyşdy (B. Kerbabaýew).
Dilden-agyzdan galmak — ölümiň öň ýanynda bolmak, ölüm ýassygynda ýatmak. Diýenleriçede bar eken, ejesi hal üstünde, dilden-agyzdan galypdyr (T. Gurba-now). Han-ha, indi maşgala dilden-agyzdan galyp ýatyr, öläýse, ganyny gidermeris, ölmese-de, horlugyny gidermeris (A. Gowşudow).
Dünýäden tamaňy üzmek — ölüm halatynda bolmak, ýaşamak umydy gutarmak. Iň soňunda elini gursagyna goýdy, dünýäden tamasyny üzdi, gözlerini ýumdy (B. Kerbabaýew).
Ölüm ýassygynda ýatma — agyr syrkawlamak. soňky demiňi sanap ÿatmak. Gaÿly günde gar içinden tapanmyş, ölüm ÿassygynda ÿatan Mommeli (B. Kerbÿabaÿew).
7. shǔ qiè gǒu dào
鼠窃狗盗 – türkmen dilinde: Eli egrilik — il emlägine el garýan, kişi zadyna göz gyzdyryjylyk, ogrulyk. Siz mende heý eli egrilik gördüňizmi? (G. Kulyýew). Inim, eli egrilik etse, diňe onuň däl, meniň hem kellämi alyp bilersiň— diýdi (B. Seýtäkow). Çarwa agada eli egrilik edip ugran bolsa, bizä haýran (T. Taganow).
El urmak — 1. Ogurlyk etmek, eli egrilik etmek. Emma kişi malyna el urmany başarmazlar! (B. Kerbabaýew). Men siziň jübiňize el uramok. (G. Kulyýew). Köpçülik emlägine el urandygy üçin, kolhoz başlyklygy wezipesinden boşadyldy (B. Öwezow). Geldi aga şu ýaşyna çenli kişi hileli zada el urman gelen bir adamdyr (A. Durdyýew).
8. Láng zǐ shòu xīn
狼子兽心 – türkmen dilinde: Gözi gyzyl — ganhor, rehimsiz (adam hakda). Biz-ä şu ýaşymyzyň içinde her hili gözi gyzyly görendiris weli, Mämmetweli ýaly haramzadany gören däldiris. (B. Seýtäkow).
Daş ýürek — zalym, rehimsiz, ynsapsyz, naýynsap. Obanyň garyplary daş ýürek baýa nälet baryny okadylar (N. Saryhanow). Töwella edip siz Garla, Belki, erär ol daş ýürek (Ç. Aşyrow). Gahar etme diýsem; bolduň daş ýürek (G. Gurbansähedow).
Doň bagyr — rehimsiz. Şeýle gözýaşlara-da ýüregi gyýylmaýan doň bagyr adamlar bar ekeni (H. Derýaýew).
9. Wén jī qǐ wǔ
闻鸡起舞 – türkmen dilinde: Elli-aýakly — ýetişikli, işeňňir, ezber. Uzugam, köp görmesin, bir elli-aýakly maşgala (H. Derýaýew).
10. Zhǐ lù wéi mǎ
指鹿为马 – türkmen dilinde: Ýapa degirmezlik—ýalan sözlemek, çypdyrmak. Halypa, Batyr, gaty görme, myçansysň asyl ýapa-da degren dälsiň! (B. Kerbabaýew).
Erteki otarmak — ýalan-ýaşryk sözlemek, bolar-bolgusyz gürrüňleri samahyllamak, toslamak. Sen maňa erteki otarma, obada hojaýyn senmi ýa-da men? (“Edebiýat we sungat”) — Eje jan, sen meni çaga hasap edip maňa erteki otarýamyň ýa başga bir aýtjak zadyň barmy? (B. Kerbabaýew). Men erteki otaryp, Güýmeýändir öýdäýmeň, Ýetmän sözüň aslyna, Birden bir zat aýdaýmaň (M. Seýidow).
Gadymy hytaý sözlügine mahsus bolan durnukly söz düzümleri öz gözbaşyny gadymy nusgawy edebiýatyndan ýa-da taryhy ýazgylardan, taryhy hekaýalardan we adamlaryň dilden aýdylýan hekaýalaryndan alyp gaýdýar.
Durnukly söz düzümleriniň manysy, göni manyda däl-de, göçme manyda bolýar. Onuň ykjam gurluşy bar, adatça yzygiderligini özbaşdak üýtgedip, çalşyp, köpeldip ýa-da azaldyp bolmaýar.
Idiomalaryň gurluşy, esasan, dört iýeroglifden ybarat, şeýle hem üç we köp iýeroglifli görnüşleri hem bar. Ýönekeý söz bilen aýdylanda, durnukly söz düzümi – bu gepleşik dilinde her kimiň düşünýän, anyk çeşmesi, gelip çykyşy we duýgulary bolan we ýokary derejede ulanylýan adalgadyr.
Durnukly söz düzümleri nakyllara meňzeş taýýar söz, ýöne tapawutlary hem bardyr. Adatça söz düzümleriň gurluşy boýunça dört sözden ybarat. Olary göni sözme-söz üýtgedip bolmaýar.Atalar sözüne we nakyllara seredeniňde gowşakdyr. Dört söz bilen çäklenmän köp ýa-da az hem bolup biler.
Mysal üçin, “Ýiti pyçak bulaşyk ýumagy keser – kynçylyk halynda kararlylyk – ýedi ölçe bir kes”, “Dokuz öküziň we iki ýolbarsyň güýji – uly güýç – el eli ýuwar, iki el birigip, ýüzi”, “Eşegiň dodaklary atyň agzy däl – men näme diýýärin, dutarym näme diýýär, düşnüksiz, gabat gelmeýän”, “Möjekden gorkup gaplaň görünýär, gorkana goşa görner”, “Eşiden deň bolmaz gören göz bilen”, “Hakyky altyn otdan gorkmaz – Mert söweşde belli”, “Isleýän ýol tapar, islemeýän bahana”, “Atyň güýjüni ýol görkezer, adamyň ýüregini wagt görkezer”. Bular käbir tejribeler, nakyllar toparyna degişli doly manyny aňladýar.
Men şu ylmy makalany ýazmak bilen türkmen we hytaý dilleriniň durnukly söz düzümleriniň aýratyn bir ylymdygyny bellemek isledim. Şeýle hem, geljekde şu ylmy işimiň makalasynyň üstünde işlemegi özüme maksat edinýärin.Häzirki wagtda hytaý dili hünäriniň talyplary hytaý dilini we edebiýatyny çuňňur öwrenmäge we bu ugurda ylmy işleri alyp barmaga çalyşýarlar. Biz – talyp ýaşlar döredilýän şeýle mümkinçilikilerden peýdalanyp, türkmen we hytaý dilleriniň ideomalaryny çuňňur öwrenmegi, türkmen diline we edebiýatyna öz goşandymyzy goşmagy maksat edip goýduk. Çünki hytaý edebiýaty örän gyzykly we çylşyrymly bolup, ony içgin öwrenmekde biz – talyp ýaşlarda uly gyzyklanma we söýgi döredýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.