Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Watanymyzda 2025-nji ýylyň şygary «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şygar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli öňe sürüldi.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkidýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi.
Türkmenistan 2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar. Hakykatda, Türkmenistanyň başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologiki we amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr.
Bu wezipäniň ulgamlaýyn esasda çözülmelidigi, hukuk we institusional gurallaryna esaslanmalydygy äşgärdir. Şu logika esaslanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden Ählumumy Howpsuzlyk Strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Biz muny 21-nji asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň gurluşynyň garaýyşlar we ýörelgeler ulgamy hökmünde görýäris.
Strategiýa howpsuzlygyň ähli ugurlarynyň, ýagny harby-syýasy, ykdysady, energiýa, daşky gurşaw, biologik, tehnogen, maglumat howpsuzlygynyň özara baglanyşygyna esaslanýan dünýä meselelerini çözmekde toplumlaýyn çemeleşmegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns bermegi teklip edýär. Şu nukdaýnazardan, biziň ýurdumyz Merkezi Aziýanyň we oňa ýanaşyk sebitleriň meselelerine, ýagny bar bolan syýasy, durmuş, ynsanperwer, daşky gurşaw, energetika, suw serişdelerini ulanmak hem-de beýleki meseleleriň toplumyna örän ünsli garamagyň zerurdygyndan ugur alýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama”, “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalary munuň üçin esas bolup hyzmat edýär.
Maýa SAPAROWA
Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bakja – bagynyň müdiri