Bahar gelip, ýere ýyly girmegi bilen daş töwerek janlanyp, ýaşyl begrese bürenýär, daragtlar pyntyk ýaryp, ýaşaýyş bir mertebe galkynýar. Tebigatyň bu ajaýyp pursatlarynda zähmete hyjuwly babadaýhanlar ekin meýdanlaryna çykyp, bol hasylyň düýbini tutmaga girişýärler. Pasyllaryň iň zyýady hasaplanylýan baharyň şeýle ajaýyp günleri özüniň arassa, tenekar howasy bilen adamlarda zähmete bolan hyjuwy döredip, watana söýgini has-da artdyrýar. Synlanyňda gözüňi gözellikler bilen gandyrýan türkmen tebigatynyň soňsuz täsinliklerini söz bilen beýan edip bilmek örän çökder gelýär.
Gyzykly maglumatlar:
Bahar paslynyň gelmegi bilen towşan, belka ýaly käbir haýwanlar bedeniniň daşky reňkini üýtgedýärler.
Ikatýok guşy – ýazyň buşlukçysy. Gadymda adamlar ikatýogyň sesiniň çykmagy arkaly baharyň gelendigini bilipdirler.
Awstraliýa, Argentina, Madagaskar ýaly döwletlerde bahar pasly sentýabr aýynda gelýär.
Ženewada baharyň gelendigini kaştan agajynyň «güllemegi» boýunça kesgitleýärler. Şäheriň merkezinde ýörite şu maksatda ösüp oturan kaştan agajynyň ilkinji ýapragy çykandan soň resmi taýdan ýaz paslynyň gelendigini bellik edýärler. Ýaponiýa döwletinde bolsa, üljäniň gülläp, ähli ýeriň mymyk-gülgüne reňke boýalmagy bilen baharyň gelendigini resmi taýdan kesgitleýärler.
Adamlaryň bedeniniň dem alyş ýygylygy ýaz paslynda güýzdäkiden 3 esse köpdür. Alymlar bu ýagdaýy adamlaryň bedeniniň gyş paslyndaky kislorod açlygyndan çykan soň, synalaryň asyl durkuny dikeltmek maksady bilen dem alşyň çaltlanýandygy bilen düşündirýärler.
Beýik Britaniýanyň alymlary tarapyndan geçirilen köpgezeklik barlaglaryň netijesinde çagalaryň bedeniniň mart aýyndan başlap awgust aýyna çenli bolan aralykdaky ösüşi sentýabr aýyndan dekabr aýyna çenli bolan aralykdaky ösüşinden 3 esse ýokarydygy ýüze çykaryldy.
Türkmen diýaryna sowulmaz ýazlary, halkymyza eşretli zamany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.
Çynar BEGJANOWA
Daşoguz şäheriniň 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi