Bitaraplyk – munuň özi milletiň ähli içerki ruhy durmuşynyň, ýaş döwletiň daşary syýasat ugrunyň tebigy we kanuny ösüşidir, şol ugur bolsa halkara syýasy gatnaşyklarynda öz ornuna düşünmegi türkmen halkynyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklar baradaky taryhy däplerini birleşdirdi. Türkmenler owalda-ahyrda belent adamkärçilik sypatlaryny tug edinip, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup gelipdir.

Bitaraplyk düşünjesine etimologik taýdan kesgitleme berlende, «ol hem däl, bu hem däl» manyny aňladýan gadymy latyn sözi bolan «neuter» ýa-da grek sözi bolan «neutral» adalgalary ulanylýar. Syýasy babatda bolsa onuň manysy has giňdir. Bitaraplygyň dürli görnüşleri bolmak bilen olaryň iň ýokary derejesi hemişelik Bitaraplykdyr. Bitaraplyk syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatyndaky maksatlaryna we ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda bitaraplyga hormat goýmak Milletler Birleşiginde ileri tutulýan garaýyşlaryň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ynamly hereket edýän mehanizm bolup, ol halkara hukugynyň we diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleriniň düýpli sazlaşygyny emele getirdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitarap ýurt hökmünde halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, giň möçberli başlangyçlary durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýä bileleşigi üçin halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda diňe bir amala aşyrylan we berkarar bolan täsinlik bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geosyýasy bähbitleri utgaşdyrmagyň guraly hem bolup durýar.

 MUHAMMEDOW Sylap

  Türkmenistanyň telekomunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Hasaplaýyş toparlaryň programma üpjünçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby