Meniň talyplyk döwrüm Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçdi. Meşhur Mihail Semýenowiç Şepkin adyndaky ýokary teatral uçilişesinde okadym. Okan döwrümiziň her güni diýen ýaly täsirli wakalar bilen utgaşyp geçýärdi. Okuwymyz ir säherden başlap agşama çenli dowam edýärdi. Okadýan mugallymlarymyzyň köpüsi diýen ýaly uly derejeli ussat halypalardy. Birbada hemme sapaklary özleşdirmek kynyrak düşýärdi. Sebäbi hemme dersler rus dilnde alnyp barylýady. Bizi öz ýurdumyz üçin okadýandyklary sebäpli sahna dili dersimizden, bagtymyza bu ugurdan mugallym tapyldy. Moskwada ýaşap ýören Aman aga diýen ýaşuly okatdy. Onuň özem öz wagtynda Daşkent şäherinde aktýorlyk hünärinden ýokary bilim alypdyr. Ykbalynyň ýazylan ýerinde-de işlemäge galypdyr. Onuň özem gaty gepe çeper, degişgen, wäşi adamdy. Şeýle bolansoň biz bilen ysnyşyp, edil öz çagalary ýaly gatnaşykda boldy. Sahna dilini öwretmekde-de ol gaty ussat adamdy. Her –hili ýagdaý bolsa-da hiç gaharlanjak gümany ýoldy. Tä sen şonuň aýdýan zatlaryna düşünýänçäň gaýtalardy. Meň özümem degişmäni halaýardym. Şoň üçinem mugallym meň bilen has ysnyşdy. Aýlar-günler geçip durdy. Bir gün Aman mugallym sapak gutarandan soň meni ýanyna çagyrdy-da: ,,Inim, saňa bir haýyşym bar diýdi. Men mugallymyň näme aýdaryna garaşyp göni gözüne garap durdum. Ol ellerini egnime goýdy-da ,,Meň şu gün gaty işim kän” diýdi. Men geplemän dymyp durdum. Ol birden: ,,Sen Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanowy tanaýarmyň?” diýdi. Men näme diýjegimi bilmän Artykmy diýipdirin. Ol loh-loh edip güldü-de, “Hoha, howa, şol diýdi. Şol beýik artist şu ýerde
özüni bjerdýär diýdi. Men oň bilen Daşkentde bileje okadym diýdi. Seň üýtgeşik etmeli zadyň ýok” diýdi. Soňra ýanyndaky el goşuny maňa uzatdy-da, “Sen şu iýip- içgileri şoňa eltip bermeli diýdi. Özüne-de Aman dostuň salam aýdýar şu gezek özi gelip bilenok gaty görmesin diý” diýp tabşyrdy. Men mugallymdan Baba aganyň bolýan hassahanasynyň salgysyny aldym-da ýola düşdüm. Men ýolboýy diňe Artyk Babalynyň keşbini göz öňüme getirip barýardym. Birdenem beh men ony gören badyma oň bilen näme geplesemkäm diýip öz-özüme sorag berdim. Biziň üçin ol wagtlar şoň ýaly zehinli adamlar bilen ýüzbe-ýüz bolup gürleşmek aňsat däldi. Ine-de hassahananyň gapysyndan girdim, giden bir howly Gaty ullakan jaý. Girip-çykýan adamlary görenimde kimden näme sorajagymam bilmedim. Meň aljyrap duranymy aňandyrda, bir ak halatly zenan ýanyma geldi-de habarymy aldy. Men aljyrap durşuma: ,,Baba Annanow Türkmenistan diýenimden ýylgyrdy-da garaşyberiň diýdi. Hassahanadan girip çykýan adamlaryň haýsy birine seretjegimi bilemokdym.
Birdenem ynha bir owadan adamynyň gabat maňlaýymda duranyna gözüm düşdi. Baba aga agraslygy bilen kim maňa garaşýar diýen ýaly, töweregine ser saldy. Şol ýerde duranlaň içinde, menden başga Türkmen sypatlysy ýokdy. Birdemem biri-birimize gözümiz kaklyşdy. Men aljyrap salam berdim. Ol salamymy aldy-da, senmi meni soraýan diýdi. Men ýuwaş ýöräp, oň golaýyna bardym-da iki elimi uzatdym. Ol meniň ellerimiň daşyndan berk gysdy-da, inim sen kim bolarsyň diýdi. Men aljyrap Artyk aga diýenimem bilmändirin. Ol ýylgyrdy-da inim tolgunmasana diýdi. Men biraz özümi dürsäp, nirede okaýanymy, kimiň ugradanyny aýtdym. Ol ýenede agraslyk bilen “Baý-bow, senä mundan çykdyňow” diýdi-de täzeden elimi gysdy. Baba aga maňa, “Seň wagtyň bar bolsa şu töwereklerde biraz aýlanaýaly” diýdi. Men öz gulaklaryma ynanman, diňe başymy ýaýkanymy bilýärin. Biz hassahananyň howlusynda bir sagada golaý gürrüňdeş bolup aýlananymyzy duýman galypdyryn. Baba aga şol bir sagadyň içinde,öz durmuşy hem eziz watanymyz barada kän zatlary aýdyp geçdi. Men bolsa onuň agzyna aňalyp diňe kellämi ýaýkaýanymy bilýärdim. Ol maňa “Inim saýlan käriň-ä aňsat däldir” diýýärdi. Arasynda-da maňa gözüniň gytagy bilen seredip meni synlaýardy. Meni bir zat geň galdyrdy. Öňümizden çykýan adamlaryň köpüsi, Baba aganyň adyny tutup salamlaşýardylar. Men her ädimimde şeýle tanymal, adam bilen ýöräp barýanyma çäksiz begenýärdim. Ol öz gürrüňiniň arasynda maňa her-hili soragam berýärdi. Men bolsa “hawa” bilen “ýokdan” başga zat bilemokdym. Men bir ýagdaý tapdymda onuň ýüzüne seretmän, “Baba aga Size Artygyň keşbini janlandyrmak, kyn düşdümi” diýip soradym. Ol maňa täsinli seretdi-de “Baý inim, köp bilesiň gelýär-ow” diýdi. Soňam meni boýdan başa synlady-da, “Men ol wagtlar edil seň ýaly syçyrap duran ýigitdim”. Ýadamak-ýaltanmak meniň golaýymdanam gelmezdi. Inim, Artyk Babaly barada aýtjak bolsam köp wagt gerek bolar. Eger nesibämiz çekip ýene-de duşuşsak men saňa hökman gürrüň bererin” diýdi. Ol öz gitmeli wagtynyň bolanyny aňdy-da, maňa seredip, “Inim, bu gün maňa ýoldaş bolanyň üçin gaty minnetdar diýdi. Biz hoşlaşdyk. Men soňam mugallymyň haýyşy bilen bir-iki sapar Baba aganyň yzyndan baryp gaýdypdym. Biz okuwumyzy gutaryp öz watanymyza gaýdyp geldik. Saý-sebäp bilen men Alty Garlyýew adyndaky “Türkmenfilim” kino studyýasynda režissýor Bilbil Mämmedowyň ,,Laýdan ýasalan köşejik” atly filiminde režissýoryň kömekçisi bolup işledim. Biziň ilkinji surata düşürip başlan ýerimiz, Bäherden etrabynyň köne Mürçe obasydy. Ýaz pasylynyň mart aýlarydy. Dört bäş gün işimiz dowam edenden soň, esasy gahrymanyň gelerine garaşýardyk. Ýolbaşçymyz men ýerli bolanym üçin, guramaçylyk işleri maňa tabşyrardy. Ol maňa bu gün Baba aganyň geljegini aýtdy. Sen şony gowy garşylada, islän ýerinde-de ýerleşdir diýdi. Meň Baba aga bilen Moskwada hoşlaşanyma bäş-alty ýyl geçipdi. Men bu gün onuň gelmeli ýolunda garaşyp durdum. Öz ýanymdan her-hili pikir edýärdim. Ynha birdenem aýdylyşy ýaly, gelmeli ýerine öz hususy awto ulagy bilen geldi. Men ýuwaşlyk bilen onuň golaýyna bardym-da öňkim ýaly adyny tutup salam berdim. Ol salamymy aldy-da, maňa üns bermän, meni bazara äkit almaly zadym bar diýdi. Men ony isleýşi ýaly Bäherdeniň bazaryna alyp bardym. Ony gören adamlar haýran galyp mähirli salamlaşýardylar. Kimiň ýanyna barsa her kim satýan zadyndan oňa hödür edýärdiler. Meň ellerim zatdan dolup onuň yzyndan ýöreýärdim. Ol meniň bolup barşymy görüp, “seň-ä ýagdaýyň gowy däl eken, gideli” diýdi. Ol şol günüň ertesi, filimiň düşürlýän ýerine geldi. Baba aganyň şol wagt saçlary gowy ösgün eken. Düşmeli keşbinde bolsa saçsyz bolmalydy. Oňa ýolbaşçymyz saçyny päki bilen syrdyrmagyny haýyş etdi. Baba aga töwereginde duran adamlary synlady-da, bulaň haýsyna kelläni ynanyp bolarka diýen ýaly yşarat etdi. Men özümi tanamaýanyna birhili bolup durdum. Ol birdenem maňa tarap seretdide, inim heý kelle syryp görüpmüdiň diýdi. Men näme diýjegimi bilmedim. Soňam “Bir zat etjek bolarys” diýdim. Ol gatyrgandy-da “Inim bir zat däl how, saňa kelle ynanyljak bolýar” diýdi. Men gödek gürlänime ökündim. Men biraz sesimi çykarman durdum. Ol maňa golaý geldi-de “Bar ulagymda meň esbaplarym bardyr, getir” diýdi. Men tizlik bilen onuň aýdanlaryny ýerine ýetirdim. Ýolbaşçymyzam diňe Baba aganyň tiz bolmagyna garaşylýandygyny habar berdi. Ol saçlaryny ezdide oturgyja geçip oturdy. Men öň näçe kelle syryp görsemem beýle jogapkärçilik duýmandym. Ellerim titiräp başlady. Birdenem şeýle ýagdaýyň hiç haçan bolmajagyny bilip, ajazajyk batyrlanyp başladym. Baba aganyň kellesi ýuwaşlyk bilen ýalpyldap başlady. Men bolsa şu işiň tiziräk gutarmagyny isleýärdim. Olam meň aljyraýanymdan habarsyz ýaly, maňa her- hili sorag berýärdi. Men durup bilmän “Baba aga, Sizden uly haýyş, men bolýançam sorag bermeseňizläň, men aljyraýan” diýdim. Ol şondan soň hiç gürlemän oturdy. Ine-de ýalpyldap duran kelle taýyn boldy. Men uludan demimi aldymda “Gutly bolsun!” diýenimi duýman galypdyryn. Ol öz elleri bilen kellesini sypalaşdyryp, “Sen-ä ýeser ýigit ekeniň-ow” diýdi. Şondan soň ep-esli wagt iş dowam etdi. Dynç alyşlyk başlady. Baba aga ýeke özi bir ýerde oturup dynjyny alýardy. Men şu pursady sypdyrmaýyn diýdim-de, oňa golaý baryp, ýagdaýlaryny soradym. Ol şol öňküsi ýaly agraslygy bilen maňa jogap berdi. Men içimden ýagdaýa gowy däl-ow diýip, yzyma aýlanjak boldum welin, “Inim, hany aýak çeksene” diýdi. Men oňa tarap has golaý bardym .Ol eli bilen ýeri görkezdi-de hany otur şu ýerde diýdi. Men görkezen ýerinde oturdum. Ýüzümem kesä sowup oturdum. Ol “Hany sen maňa gowyja seret” diýdi. Men uludan demimi aldymda, oňa tarap öwrülip oturdym. Baba aga epesli wagt seredip durdy-da, inim seň sesiň maňa gaty tanyş ýaly diýdi. Men hiç-hili syr bildirmedik boldum. Ol gürrüňüni dowam etdi. Sen Moskwada okadyňmy diýip sorady. Men gürlemän başymy ýaýkadym. Sen şol meň yzymdan baran ýigid-ä dälsiň-dä diýdi. Men ýene-de gürlemän başymy ýaýkadym. Ol agraslyk bilen ýerinden turdy. Menem turdym. Ol maňa tarap iki elini uzatdy-da “Hany, gel ikimiz täzeden görüşeli” diýdi. Ol maňa mähirli seretdi-de, “Sen ogul maňa ikinji gezek ýagşylyk etdiň. Men seni bir bada tanamadym ýöne ýüregim bir zatlar syzdy. Sen kino sungatynda işe başlan bolsaň oňarypsyň, nesibäňde bolsa senem üstünlige ýetersiň” diýdi. Biz Baba aga bilen birnäçe gün şol ýerde bile işledik. Bir günem ol meni ýanyna çagyrdyda, “Inim menem saňa bir ýagşylyk edesim gelýär” diýdi. Men ýylgyrdymda näme diýjegimem bilmedim. Birdenem içimden şu-la bolaýdow diýdimde, tiz wagtdan öýlenjegimi aýtdym. Ol hezil edip güldi-de meni toýa çagyrjakmy diýdi. Men Baba aga meň toýuma myhman bolsaňyz, başga armanym
ýok diýdim. Ol inim men saňa söz berýän, hökman toýuňa bararyn diýdi. Yzyndanam ýogsa-da sen meni niräk toýa çagyrýaň, haýsy ýurda barmaly diýdi. Men şu Bäherden etrabynyň içidigini aýdanymda, ol maňa şu ýerdekäm öýlenseň, toýa bardy hasap edäý diýdi. Soňam arkama kakdy-da, bagtly bol inim diýdi. Men iş arasynda öýe baramda toýuma Baba Annanow gelýär diýip buşladym. Meň bu sözlerime diňe ýakynlarym däl obadaşlarymam gaty begendiler. Wagt geçip başlady. Birdenem Baba aganyň ýene-de saglygy peselip, öňki ýatan hassahanasyna gitmeli bolupdyr. Men iň soňky gezek Baba agany görenim hiç haçan ýadymdan çykmady. Ol maňa ýagşylygyny gaýtaryp bilmesede, men ondan hemişe razy bolup galypdym.
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň uly mugallymy Gurbanmuhammet Çaryýew