Eger oba hojalyk önümçiliginde bazarlamanyň has düýpli meselelerini agzap geçsek, onda ișiň bu çygrynda guramaçylyk düzüminiň ösüș we kämilleșdiriliș soraglaryna seretmek gerek.
Agrosenagat önümçiliginde bazarlamanyň aýratynlygy önümi öndürijileriň hem ony ulanyjylaryň hembähbitlerini kanagatlandyrar ýaly dolandyrmagyň düzümini döretmekden durýar.
Oba hojalyk șereketleri özleriniň gaznalaryny artdyrmak üçin paý maýasyndan dașary beýleki içeri çeșmeleri-de ulanýarlar. Olara ätiýaçlyk gory, maýalașdyrylan peýda, șereketleri olaryň agzalarynyň gündelik hasapnamasynyň hasabyna hakujy bilen üpjün etmek, șahadatnamalar, girmek hukugynyň tölegleri girýärler. Eger bular hem az bolsa, ýörite borç guramalaryndan karzlar, banklaryň karzlary, döwletden alnan kömek pullary we karzlar ýaly maliýeleșdirmäniň çeșmeleri ulanylýarlar. Șeýlelikde, önümi alyjylara gözügen bazarlamanyň çäginde bazar ykdysadyýeti esasynda dürli görnüșdäki fermer hojalyklary we fermerleriň birleșmeleri duran oba hojalygyny döwlet tarapyndan sazlașdyrmagyň degerli gurlușy ișlenilip düzülipdir diýen netijäni çykaryp bolýar.
ABȘ-da we Kanadada sereketiň iň soňky görnüșleriniň biri bolup uzak möhletleýin emläk kärendeçiligi durýar. Bu șereketler bilelikdäki tehnikany, hökmany hyzmaty goșmak bilen bilelikde kärendesine bermek bilen mesgullanýan bir bütewi birleșmeler bolup durýarlar. Olaryň maksady özleriniň we beýleki șereketleriň fermerlerini iň häzirki zaman, gymmat bahaly tehnika bilen özgelere garanyňda pes bahada, ýagny onuň kärendesiniň gymmatynda üpjin etmek bolup durýar.
Șereketler uzak möhletleýin emläk kärendeçiligini özara ylalașyk boýunça döredýärler. Tölegiň bahasy tehnikany ulanmagyň möhletine göni deň ölçeglidir. Bu bolsa ony çalt we netijeli ulanmaga höweslendirýär hemde mașynlaryň we emläkleriň uly bolmadyk parkynda fermerleriň köp sanly isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ahlak taýdan könelen tehnikany uzak möhletleýin emläk kärende berijiler arzan bahadan satýarlar. Agrosenagat toplumynda mehanizasiýanyň we awtomatizasiýanyň ösmegi, durmuș wezipelerini ýerine ýetirýän hyzmat șereketleriniň sanyny we ähmiýetini ýokarlandyrdy. Hut önümi we hyzmaty ulanyjylara gözügen bazarlamanyň baș ugry bu we beýleki ýagdaýlary diňe bir senagatda dälde, oba hojalyk önümçiliginde-de ep-esli tizleșdirdi.
Orazgül ATAGARAÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň Tikinçilik önümçilik tehnalogiýasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby