Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň: “Berkarar Watanymyzda medeni-
ruhy ulgamdaky öňegidişliklerimiz ykdysady ösüşlerimiziň özboluşly aýnasydyr.
Sebäbi ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda ýetilen uly sepgitler, gazanylan
üstünlikler döwrüň belent ruhuny wasp edýän, halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýan
ajaýyp eserlerde aýdyň beýanyny tapýar.” – diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly,
ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli babatdaky öňegidişliklerini, ykdysady
galkynyşlaryny belentden wasp edýän liriki eserler – “ykdysadyýet” diýen düşünjäniň
özüniň dar galybyndan çykyp, edebiýata aralaşmagy bilen, bu babatda täze bir
temanynyň döräp, häzirki zaman edebiýatynyň tema taýdan baýlaşandygyny mese-
mälim aýan edýär. Ýeri gelende aýtsaň, şu günüň edebiýatynda şunuň ýaly täze ajaýyp
temanyň peýda bolmaklygynyň özi ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň her ýylda
bellenilmeginiň däbe öwrülmegi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki, her
ýylky Medeniýet hepdeliginde şygryýet agşamynyň hem geçirilmegi ýurdumyzyň
ýazyjy-şahyrlarynyň ylham atyny atlandyryp, ruhuny galkyndyrdy. Hut şu
nukdaýnazaryň özi bolsa, häzirki zaman türkmen şygryýetinde dörän ýurdumyzyň
ykdysady ösüşlerine guwanmak, buýsanmak temasynyň esasan, Medeniýet
hepdeliginiň döwletimizde ilkinji gezek bellenilip başlananyndan soňra ata
Watanymyzda amala aşyrylan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde
dörändigini aýan edýär. Muňa mysal hökmünde şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň
“Galkynyş” gaz käniniň üçünji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berlen pillesi ýazan
““Galkynyş” gaz käniniň üçünji tapgyryna” atly şygrynyň:
Arkadagyň her sözi dogalykdyr, dogalyk,
Bu uly iş müň öwgä diýseň laýykdyr, laýyk,
Hoş geldiňiz Mähriban,
eý adamlar, halaýyk,
“Galkynyş” gaz käniniň üçünji tapgyryna – diýen, Süleýman
Ilamanowyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň “Üçajy” şäherçesiniň dürky
düýpli täzelenip, “Bagtyýarlyk” şäherçesi diýen döwrebap ada eýe bolan mahaly
ýazan “Bagtyýar il joşýar, Bagtyýarlykda” atly goşgusynyň:
Dana Arkadagyň Şa sahawaty –
Açyldy taryhyň täze sahaby,
Kiçi şäher – uly dünýäň rahaty,
Bagtyýar il joşýar, Bagtyýarlykda – diýen setirlerini we
başga-da birnäçe şahyrlarymyzyň goşgularyny görkezmeklik bolar. Ýeri gelende
aýtsak, bu täze temanyň häzirki zamanyň türkmen edebiýatynda döremeginiň özi bir
syýasy hadysadyr. Hut şu nukdaýnazardanam, okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň
ykdysady ösüşlerini wasp edýän goşgulary syýasy lirika diýip häsiýetlendirýärler.

Ýöne, bu babatda belli edebiýatçymyz Rahman Rejebowyň «Liriki mazmun we şygyr
sungaty» atly kitabyndaky: «Umuman, alanyňda syýasy däl lirika ýok. Lirika,
tutuşlygyna, onuň ähli žanrlary syýasy hadysadyr. Ol tutuşlygyna durmuşy
tendensiýaly, belli estetik idealyň nukdaýnazaryndan beýan edýär we düşündirýär.
Şuňa görä-de bu ýerde «syýasy lirika» termini şertli alynýar.» – diýen ylmy garaýşyny
ünsden düşürmeli däldiris. Çünki, bu ýerde halypa alymymyzyň lirikanyň ähli
görnüşlerine syýasylygyň mahsusdygy, şonuň üçin-de “syýasy lirika” terminiň şertli
alynýandygy barada öňe sürýän pikirleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini wasp edýän
şahyrana eserleriň häzirki zaman türkmen edebiýatynda syýasy lirikanyň ykdysady
temasyny däl-de, eýsem, syýasy lirikadan düýpgöter aýratynlykda täze bir ykdysady
lirikany döredendigini aýan etmäge esas bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, ykdysady
lirika liriki žanryň ylmy esaslarynyň talaplaryny hem doly ödeýär. Ýagny, edebiýatçy
alym Muhammetguly Amansähedowyň «Edebiýat teoriýasy» atly kitabynda
bellemegine görä, lirika ynsanyň içki dünýäsindäki iň näzik duýgusynyň paýhas
eleginden elenip, dömüp çykmasydyr, ýagny ol duýgyň önümidir. Şonuň üçinem,
döwrümiziň şahyrlarynyň günsaýyn gülläp ösüp halkymyzy bolelin durmuşa ataran
ýurdumyzyň ykdysady syýasatyna bolan buýsançdan ýaňa gursagyndan syzlyp çykan
örän inçe duýgusy çeper sözüň iň saýlama görnüşiniň şahyrana dilde ykdysady lirika
hökmünde aňladylmasydyr.
Häzirki zaman edebiýatynda ykdysady lirika – hormatly Prezidentimiziň alyp
barýan ykdysady syýasatyny, amala aşyrýan ägirt uly işlerini, ýurdumyzyň durmuş-
ykdysady galkynyşlaryny täsirli görnüşde teswirleýän, şol bir wagtyň özünde-de giň
okyjylar köpçüligine ýetirýän serişdä öwrüldi. Hut şu nukdaýnazaryň özi, çeper
şygryýetiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady öşüşiniň aýnasyna öwrülendigini aýan
edýär. Şeýlelikde, häzirki zaman türkmen edebiýatynda täze kemala gelen ykdysady
lirika publisistik eserleriň mazmunyny çuňlaşdyrdy we çeperçiligini ýokarlandyrdy.
Syýasy lirikada parahatçylyk, halklaryň dostlugy temalarynda, söýgi lirikasynda
Watana, ata-enä, söwer ýara, perzende, dost-dogana söýgi temalarynda goşgularyň
bolşy ýaly, täze dörän ykdysady lirakanyň hem tematiki örüsi giňäp, nebit-gaz
pudagyndaky, oba hojalygyndaky, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky, energetika
pudagyndaky, milli syýahatçylyk ulgamyndaky, gurluşyk we binagärlik pudagyndaky,
söwda we hyzmatlar ulgamyndaky özgertmelere bagyşlanan şygyrlar döredildi.
Netije-de, häzirki zaman türkmen edebiýatynda täze ykdysady lirikanyň içki tematik
köpdürliligi jemi ýedi temadan ybarat bolup, olary:
1. Nebitgaz pudagyna degişli ykdysady lirika
2. Oba hojalygyna degişli ykdysady lirika
3. Ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli ykdysady lirika
4. Energetika pudagyna degişli ykdysady lirika
5, Milli syýahatçylyk ulgamyna degişli ykdysady lirika

6. Gurluşyk we binagärlik pudagyna degişli ykdysady lirika
7. Söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli ykdysady lirika – diýip
atlandyrmaklyk bolar.
Özüniň, ine şular ýaly içki tematik köpdürliliginden hem mälim bolşy ýaly,
ykdysady lirikada döredilen şygyrlar ýurdumyzda amala aşyrylan ägirt uly ykdysady
öňegidişlikleriň, ýetilen beýik sepgitleriň çeper şygryýetde täze bir hil derejesine eýe
bolan temany we ideýa-mazmuny döredenligini mälim edýär. Şeýle-de, ol mukaddes
ata Watanymyzda häzirki ajaýyp eýýamymyzy yglan eden hem-de ýurdumyzda heniz
bu güne çenli görlüp-eşidilmedik ägirt uly ykdysady-syýasy ösüşleri amala aşyran
hormatly Prezidentimize bolan çäksiz hoşallygyň şu döwrüň şygryýetiniň esasy ideýa
aýratynlygyny kesgitleýänligini görkezýär. Bulardan başga-da, ykdysady lirikadaky
goşgular döredilen döwrüniň çeper şygryýetinde hormatly Arkadagymyza günsaýyn
ösüp özgerýän Watanymyza guwanç-buýsançdan kalby doly täze bir liriki
gahrymanyň orta çykanlygyny aýan edýär. Hut şu nukdaýnazaryň özi bolsa, çeper
şygryýetiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýnasyna öwrülip, häzirki
zamanyň türkmen edebiýatynda täze bir ykdysady lirikany döredendigini mälim
edýär.

Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy