Angliýanyň Mançester uniwersitetiniň alymlary tarapyndan sowukda
gyzdyrýan, yssyda bolsa salkynladýan grafene (kiristal gözenegi şekilindäki
geksogonal düzülişe eýe uglerod (C) atomlaryndan emele gelen bir atom
galyňlygyndaky iki ölçegli material) esaslanan “akylly” matany döretmek boýunça
gözlegler alnyp barylýardy. Ýaňy-ýakynda bolsa olaryň ylmy-barlaglary öz
netijesini berdi. Alymlar toparynyň irginsiz zähmeti we köp ýyllyk ylmy
öwrenmeleri matany döretmäge mümkinçilik berdi.
Uniwersitetiň ýörite web-saýtynda berilýän maglumatlara görä, hünärmenler
tarapyndan grafen esasynda döredilen ýörite mata gowşak elektrik toguny ulanyp,
infra-gyzyl şöhlelenmäniň geçirijiligini özgertmek häsiýetine eýedir. Alymlar
mundan amaly maksatlarda ulanmagy maksat edinýärler. Eger şeýle bolsa,
“akylly” mata infra-gyzyl şöhlelenmäniň adam bedenine geçmegine ýol bermez.
Hünärmenler deslapda bu tehnologiýany döretmek bilen adamy yssy howanyň
ýaramaz täsirinden goraýan kamuflýaž geýimleri döretmegi meýilleşdiripdirler.
Emma tejribeleriň netijesinde mata ýylylygy özünden daşlaşdyrman, eýsem, ony
özünde toplamaga başlapdyr. Soňra bolsa alymlar garama-garşy temperaturada
özüni deň derejede täsirlendirip bilýän matalary döretmek kararyna gelipdirler.
Eýýämden Mançester uniwersitetiniň alymlary tarapyndan matanyň bedeni
sowatmak we ýylatmak ukybyna eýe futbolkasynyň nusgasy döredildi. Mundan
beýläk bolsa, olar şu tehnologiýanyň esasynda kosmik emeli hemralar üçin
gatlaklaýyn bölekleri işläp taýýarlamygyň üstünde ylmy barlaglary alyp barýarlar.