Üzümiň medeni görnüşi 7-8 müň ýyl ozal peýda bolupdyr. Häzirki wagtda onuň 5 müňden gowrak görnüşi bar. Türkmen topragynyň ajaýyp sahawatly nygmatynyň dermanlyk häsiýeti hem gadymdan bäri bellidir. Üzüm miwesi gündogar lukmançylygynda dermanlyk serişde hökmünde bişen we çig halynda peýdalanypdyrlar. Şeýle-de özümiň şerbedi, sirkesi we ýapragy hem lukmançylykda ulanylypdyr.
Abu Reýhan Birunynyň bellemegine görä, üzümiň pudagyny kesende syzyp çykýan suwuklyk hem köpsanly dermanlyk häsiýete eýedir. Onuň baldagyndan hatda efir ýagy hem alnypdyr. Meşhur tebip halkymyzyň arasynda “Lukman Hekim” ady bilen tanalýan Abu Aly ibn Sina bolsa üzümiň dermanlyk häsiýetleri hakynda şeýle ýazýar: “Birnäçe wagtlap alnyp goýulan üzüm bedeni gowy iýmitlendirýär. Gowy bişen üzümiň zeleli bişmediginden azrakdyr. Üzümiň özi şerbetinden peýdalydyr. Üzüm we onuň dänesi içege agyrysynda peýda berýär. Şeýle-de onuň dänesi böwrekler üçin tapylgysyz dermanlyk serişdedir. Üzüm baldagynyň suwy we ýabany üzümiň miwesiniň şerbedi ganyň lagtalanmagyny gowulandyrýar. Ol içgeçme we ýogyn içege kesellerini hem bejermekde ähmiýetlidir. Üzüm baldagynyň suwy böwrekdäki daşlary eredýär, demiretgini bejerýär. Ýabany üzümiň miwesi bolsa aşgazanyň işini gowulandyryp, gusmaklygy togtadýar. Ýüregi kuwwatlandyrýar, gyzylödegiň gaýnamagynyň öňüni alýar”.
Üzümiň düzüminde köp mukdarda şeker, organiki kislotalar, C, B witaminleri, işjeň maddalaryň birnäçe görnüşleri bar. Ýapragynda bolsa, C, B, K witaminleri, karotin, nikotin, foliý kislotasy, flawonoidlar, katehin maddalary köp mukdary düzýär.
Halk lukmançylygynda özümiň şerbedi, şeýle-de onuň turşy görnüşleri işdäni açyjy we iýmit siňdirişi gowulandyryjy hökmünde ulanylýar. Gowy bişip ýetişen üzüm, onda-da gara reňkdäki görnüşleri ganazlygy bejermekde we bimydar näsaglary kuwwatlanmakda peýdalanylypdyr. Onuň gara görnüşdäki sortlaryndan taýýarlanan kişmiş bedendäki dürli ösüntgileri bejermekde ähmiýetlidir. Özümiň gowy bişmedik miwesinde sirke taýýarlanýar. Ol işdäni açýar we stomatit we anginany bejerýär.
Üzüm bilen baglanyşykly halk lukmançylygyndan peýdaly maslahatlar:
Çagalaryň beden gyzgynlygy ýokarlanda turşy üzümiň gaýnatmasy bilen bedeni suwlulandyrylsa, beden gyzgynlygy tiz wagtdan peselýär.
40-50 gram guradylyp maýdalanan üzüm ýapragynyň üstünden 500 ml gaýnan suw guýup, pes otda 10-15 minut gaýnadyp, biraz sowadylandan soň süzüp alynýar. Süýjüli diabet, gipertoniýa kesellerinde nahardan 20 minut öň 100 ml-den günde üç wagtyna ýyly görnüşde içmeli.
Öýken inçekeselinde has köp üzüm iýmek maslahat berilýär. Üzüm miwesi ýuwaşja ezilip, çeýnelip iýilmegi gerek. Däneleri bolsa taşlanylmalydyr.
Bogunlardaky agyryny bejermek üçin 3 litrlik gaba 300 sany terleýin ýygnalan ýapragy salyp, üstüne sowuk suw salynýar. 3 gün goýup, günde 3 wagtyna nahardan öň 100 ml-den içmeli.
Eger üzüm iýip üstünden sowuk suw içilse gaty zyýanlydyr. Hatda beýle ýagdaýyň bolmagy içgeçmä we gyzdyrma eltmegi hem mümkin.
Üzümi täze ýygnalan wagty däl-de, bir-iki gün soň iýmek peýdalydyr. Şeýle-de, ony iki naharyň arasynda iýmekden hem saklanmak zerurdyr. Eger naharlanylan bolsa, onda nahar siňenden soň ony iýmek maslahat berilýär.

Aganazar ARNADURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Gidromeliorasiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.